Kitap öwrenilýän duşuşygy bize nähili kömek edýär
1. Biziň her hepdedäki bäş duşuşygymyzyň nähili kömegi bar?
1 Biz her hepdede bäş ýygnak duşuşygyny geçirýäris. Olaryň hersiniň geçirilişi we maksady biri-birinden tapawutlanýar. Emma olaryň ählisi wajyp we «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrmaga» kömek edýär (Ýew. 10:24, 25). Kitap öwrenilýän duşuşygyň nähili aýratynlyklary we peýdasy bar?
2. Kitap öwrenilýän duşuşygyň az adamdan ybaratdygy nähili mümkinçilikleri berýär?
2 Ruhy taýdan ösmäge kömek edýär. Adatça, kitap öwrenilýän duşuşygyna beýleki duşuşyklara garanda az adam gatnaşýar. Şol sebäpli bize biri-birimize ruhy taýdan kömek edip, ýakyndan dostlaşmak aňsat bolýar (Sül. tym. 18:24). Sen kitap öwrenilýän duşuşyga gelýänleriň her birisi bilen tanyşdyňmy, meselem, olar bilen wagyz edip gördüňmi? Şeýle-de toparyň gözegçisine kitap öwrenilýän duşuşykdakylaryň hersiniň ýagdaýyny bilip, olara kömek etmäge mümkinçilik berýär (Sül. tym. 27:23).
3. Näme üçin gyzyklanýanlar kitap öwrenilýän duşuşygyna höwes bilen gelýärler we bu duşuşykda näme üçin jogap bermek aňsat?
3 Sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýänleriňi kitap öwrenilýän duşuşygyna çagyrdyňmy? Mümkin, olar köp adamdan ybarat bolan duşuşyga barmaga ýaýdanýandyr. Onda az adam gatnaşýany üçin, ylaýta-da, öýde geçirilýäni üçin, olar kitap öwrenilýän duşuşyga höwes bilen geler. Şeýle dostlukly ýagdaýda ýaşlara we täze gelenlere soraga jogap bermek aňsat bolýar. Kitap duşuşygyna az adam gatnaşýany üçin jogaplarymyz bilen Ýehowany köpräk şöhratlandyryp bileris (Zeb. 111:1).
4. Kitap öwrenilýän duşuşyk haýsy ýagdaýlarda amatly bolup biler?
4 Köplenç kitap öwrenilýän duşuşyk wagyzçylara has amatly ýerde geçirilýär. Mümkin, biziň barmaly kitap öwrenilýän duşuşygymyz öýümize ýakyn bolmaz. Ýöne ol şonda-da beýleki ýygnak duşuşyklaryna garanda ýakyn ýerde ýerleşýändir. Şeýle-de kitap öwrenilýän duşuşygyň geçirilýän ýerinde wagyz gullugyny geçirmek hem amatly bolar.
5. Toparyň gözegçisi wagyz gullugyna nähili kömek edip biler?
5 Wagyz gullugyna kömek edýär. Toparyň gözegçisi her bir wagyzçy wagyz gullugyna yzygiderli we höwes bilen gatnaşyp, netijeli bolar ýaly aladasyny edýär. Şol sebäpli ol topardaky her bir wagyzçy bilen wagyz etmäge çalşar we gullugyň dürli görnüşlerine gatnaşyp gerekli kömegi berer. Eger saňa gullugyň haýsy-da bolsa bir görnüşi, meselem, ikilenç ideg etmek kyn düşýän bolsa, toparyň gözegçisine aýdyp bilersiň. Mümkin, ol topardaky ökde wagyzçynyň saňa kömek eder ýaly aladaňy eder. Eger sen toparyň gözegçisiniň kitap öwrenilýän duşuşygy alyp barşyna üns berseň, gyzyklanýanlar bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmekde ukybyň kämilleşer (1 Kor. 4:17).
6. Näme üçin kitap öwrenilýän duşuşykdan doly peýdalanmaga çalyşmaly?
6 Kitap öwrenilýän duşuşygyň bardygy nähili gowy! Ýehowanyň bu söýgi bilen beren duşuşygy bize şu soňky kyn günlerde ruhy taýdan berk galmaga kömek edýär (Zeb. 26:12).