Wagyz üçin teklipler
«Men şu sözler barada siziň pikiriňizi bilmek isleýärin (Ýewreýler 3:4-i oka). Siz Älemi paýhasly Ýaradyjynyň ýaradandygy bilen ylalaşýarmysyňyz?» Jogap bersin we Ýaradyja ynanmagyň ylma garşy gelmeýändigini düşündir.
Ýaşlara duşanyňda şeýle diýip bilersiň: «Köp ýaşlar gybat edip, biri-biriniň göwnüne degýärler. Mümkin, siziň hem gybatyňyzy edip, göwnüňize degendirler? (Jogap bersin). Biziň gybatymyzy edenlerinde, özümizi nähili alyp barmalydygymyz barada Mukaddes Ýazgylarda gowy maslahat berilýär. Şeýle-de gybatdan nädip daşda durmalydygy barada aýdylýar». Şu aýatlaryň bir-ikisini ara alyp maslahatlaşyp bilersiň: Süleýmanyň tymsallary 10:19; 15:28; Efesliler 4:25; Luka 6:31; Rimliler 14:19; 1 Selanikliler 4:11.
«Köpleri Mukaddes Ýazgylaryň «Köne ähtinde» wajyp taryhy maglumatlaryň bardygy bilen ylalaşýarlar. Emma ondaky görkezmeleriň şu günler ulanyp bolýandygyna şübhelenýärler. Siz nähili pikir edýärsiňiz?» Jogap bersin. Soňra Rimliler 15:4-i oka we «Köne ähtde» gündelik durmuşymyzda ulanyp bolýan peýdaly maslahatlary tapyp bolýandygyny hem-de gelejege berk umyt berýändigini gürrüň ber.
«Siziň pikiriňizçe, tebigy betbagtçylyklar Hudaýdanmy?» Jogap bersin. Soňra Zebur 92:14-i oka we Hudaýyň näme sebäpden tebigy betbagtçylyklara ýol berýändigini hem-de maşgalamyzy nädip gorap biljekdigimizi ara alyp maslahatlaş.