15-nji bap
Teokratik tertip-düzgüne tabyn bolmak peýda getirýär
ÝEHOWANYŇ islegini guramaçylykly ýerine ýetirmek üçin, biz Hudaýa Älemiň Hökümdary hökmünde tabyn bolmaly. Şeýle-de onuň Ogluny mesihçiler ýygnagynyň başy hökmünde ykrar etmeli. Mundan başga-da başçylyk prinsipini durmuşyň başga ýerlerinde-de göz öňünde tutmaly. Bu prinsipe eýerýän adamlaryň ählisine teokratik tertip-düzgüne laýyk hereket etmek peýda getirer.
Kanuny hökümete boýun bolmak baradaky prinsip ilkibaşda Erem bagynda mälim edildi. Bu barada Barlyk 1:28 we 2:16, 17-nji aýatlardaky Hudaýyň beren tabşyryklarynda aýdylýar. Haýwanlar adamlara boýun bolmalydy, Adam ata bilen How ene bolsa Hudaýyň häkimiýetini ýokary hasaplap, oňa boýun bolmalydylar. Hudaýyň häkimiýetine tabyn bolmaklyk parahatlygyň we tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam ederdi. Soňra Pawlus resul başçylyk prinsipini 1 Korintoslylar 11:3-de görkezdi: «Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr». Şu aýatdan görnüşi ýaly, Ýehowadan başga hemmäniň başy bar.
Adamlaryň köpüsi şu günler başçylyk prinsipini kabul etmeýärler. Näme üçin? Munuň bary ata-babamyz Erem bagynda bilkastlaýyn Hudaýyň hökümetinden garaşsyz ýaşaýşy saýlanlarynda döredi (Bar. 3:4, 5). Emma bu olara erkinlik getirmedi. Gaýta, olar zalym ruhy şahsyýete, Şeýtan Iblise tabyn boldular. Şu ilkinji pitneden soň, adamlar Hudaýdan daşlaşdylar (Kol. 1:21). Netijede, olaryň köpüsi Iblisiň gol astyna düşdüler (1 Ýahýa 5:19).
Biz Hudaýyň Sözündäki hakykaty bilip, ony durmuşymyzda ulanyp, Şeýtanyň täsirinden çykýarys. Hudaýa özümizi bagyş edip, suwda çokundyrylan Güwäçiler hökmünde biz Ýehowany durmuşymyzyň Hökümdary diýip kabul etmeýärismi näme? Wepaly Dawut patyşanyň: «Bar zadyň Hökümdary sensiň» diýip, Ýehowa barada aýdan sözleri bilen ylalaşmaýarysmy? Elbetde ylalaşýarys! Biz: «Ol Reb, Hudaý... bizi ýaradan Oldur. Biz Onuňkydyrys, Onuň halky, Onuň örüsiniň goýunlarydyrys» diýen sözleri kiçigöwünlilik bilen kabul edýäris (Zeb. 100:3). Hemme zady Ýehowanyň ýaradandygy üçin, biz onuň beýikligini ykrar edýäris we ähli zatda oňa tabyn bolýarys (Ylh. 4:11). Hak Hudaýyň gullukçylary hökmünde biz Hudaýa tabyn bolmakda kämil görelde galdyran Isa Mesihe eýerýäris.
Ýer ýüzünde horluk çekip Isa nämeleri öwrendi? Ýewreýler 5:8-de şeýle jogap berilýär: «Ol Ogul hem bolsa, gören görgülerinden söze gulak asmagy öwrendi». Hawa, Isa kynçylyklarda-da, gökdäki Atasyna wepalylyk bilen tabyn boldy. Galyberse-de, Isa «Özünden hiç zat» etmeýärdi, özünden aýtmaýardy we özüne şöhrat gözlemeýärdi (Ýahýa 5:19, 30; 6:38; 7:16—18). Isa garşylyklara we yzarlamalara duş gelende-de, Atasynyň islegini ýerine ýetirmekden lezzet alýardy (Ýahýa 15:20). Isa «ölüme, hatda haç üstündäki ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi». Netijede, onuň Ýehowa doly boýun bolmagy köp peýda getirdi, adamlara geljekde «baky gutulyş» almaga mümkinçilik berildi, Isa beýgeldildi, Atasy bolsa şöhratlandyryldy (Flp. 2:5—11; Ýew. 5:10).
TEOKRATIK TERTIP-DÜZGÜNE NIREDE TABYN BOLMALY
Ýehowa Älemiň Hökümdary bolany üçin, biz oňa ähli zatda tabyn bolmaga borçly (Iş. 33:22). Ýehowa bagyş edilen gullukçylar hökmünde, geliň, gündelik durmuşymyzyň dürli ýagdaýlarynda nädip tabyn bolmalydygymyza gysgaça seredeliň. Eger Hudaýy we onuň islegini durmuşymyzda birinji orunda goýýan bolsak, onda biz dogry ýoldan barýarys (Zeb. 16:8). Biz Ýehowanyň ýokary häkimiýetine tabyn bolmakdan boýun gaçyrýan adamlaryň ençeme aladasyndan, lapykeçliginden gaça durýarys. Duşmanymyz Iblis bizi ýuwutmak üçin duzak gurmaga hemişe mümkinçilik agtarýar. Eger Şeýtana garşy durmagy ýüregimize düwsek, hemme zatda Ýehowa höwes bilen boýun bolup, onuň öňünde pälimizi pes tutsak, Zalymdan dynyp bileris (Mat. 6:10, 13; 1 Pet. 5:6—9).
Hudaýa tabyn bolmagyň ýene bir peýdasy, adamlar bilen gatnaşygymyz ep-esli gowulaşýar. Biz bu dünýä mahsus bolan garaşsyz ruhy bildirýän adamlaryň kynçylyklaryndan gaça durýarys. Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen bagtly maşgala durmuşymyza guwanýarys, işdeşlerimiz we başlygymyz bilen oňşup işleşýäris. Biz kanuny bozmaýarys we hökümetiň öňünde arassa ynsaby saklaýarys. Şeýle-de mesihçi doganlarymyzyň arasyndaky iň gowy gürrüňdeşlikden lezzet alýarys.
Mesihçi ýygnagyň agzasy hökmünde, biz Mesihiň başçylygyny we onuň sadyk hem akylly hyzmatkäre beren ygtyýaryny kabul edýäris. Bu öz gezeginde biri-birimiziň gatnaşygymyza täsir edýär. Eger biz ýygnakdaky görkezmä eýersek, seždä bagly ähli zatda Hudaýa gulak asmaga höweslendirer. Muňa wagyz etmek, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyp, jogap bermek, ýaşulular bilen işleşmek we guramaçylykly görkezmä eýermek degişlidir (Mat. 24:45—47; 28:19, 20; Ýew. 10:24, 25; 13:7, 17).
Hudaýa tabyn bolmak bilen biz ýygnakda parahatlygyň we tertip-düzgüniň bolmagyna ýardam edýäris. Parahatlygy söýýän we Ýehowa gulak asýan adamlar Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerini görkezýärler (1 Kor. 14:33, 40). Ýehowanyň guramasyna syn etmek we onuň agzasy bolmak, bizde Hudaýyň gullukçysy Dawudyňky ýaly duýgy döredýär. Ýehowanyň gullukçylary bilen güýjüne we baýlygyna buýsanýan erbet adamlaryň arasyndaky tapawudy görende, Dawut şeýle sözleri aýtmaga höweslendi: «Hudaýy Reb bolan halk nähili bagtly!» (Zeb. 144:15).
Nikada we maşgalada «aýalyň baýary erkek». Öz gezeginde erkek adam Mesihe, Mesih hem Hudaýa tabyn bolýar (1 Kor. 11:3). Aýal ärine, çagalar bolsa ata-enesine tabyn bolmaly (Efes. 5:22—24; 6:1). Eger maşgala agzalaryň hersi başçylyk prinsipine eýerseler, maşgala agzybir bolar.
Maşgalanyň başy hökmünde erkek adamdan Mesihiň göreldesine eýerip, borjuny söýgi bilen berjaý etmek talap edilýär (Efes. 5:25—29). Haçan-da är berlen ygtyýary dogry ulanyp, borjuny berjaý etmekden boýun towlamasa, onda aýaly we çagalary oňa höwes bilen tabyn bolarlar. Aýalyň borjy bolsa ýanýoldaşyna goşmaça kimin kömekçi bolmakdyr (Bar. 2:18). Ýanýoldaşyny goldap, oňa hormat goýsa, aýaly äriniň mährini gazanyp, Hudaýa şöhrat getirer (1 Pet. 3:1—4). Är-aýal Mukaddes Ýazgylardaky başçylyk prinsipine eýerseler, Hudaýa tabyn bolmakda çagalaryna ajaýyp görelde görkezerler.
Biz Hudaýa tabyn bolsak, «ýokary häkimiýetlere» bolan garaýşymyza hem täsir edýär, «çünki Hudaý tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur» (Rim. 13:1—7). Kanuna gulak asýanlar hökmünde mesihçiler salgyt töleýärler; olar «kaýsaryňkyny kaýsara, Hudaýyňkyny Hudaýa berýärler» (Mat. 22:21). Ýehowanyň dogry kanunyna garşy gelmese, döwlet kanunyna doly boýun bolup, biz bar güýjümizi Hudaýyň berkarar edilen Patyşalygy baradaky wajyp hoş habary wagyz etmäge sarp edýäris (Mar. 13:10; Res. iş. 5:29).
Mukaddes Ýazgylardaky prinsipe eýerip, mesihçiler işdeşleri we başlygy bilen gatnaşygyny gowulandyrýarlar. Muny etmek hemişe aňsat bolmasa-da, Hudaýyň gullukçylary ähli adamlar bilen oňşukly ýaşamaga çalyşýarlar. Olar halal zähmet çekip, işini ak ýürek bilen berjaý edýärler (Rim. 12:18; 1 Pet. 2:18). Şol sebäpli olar jedel etmeýärler we Mukaddes Ýazgylar esasynda tälim beren ynsabyna garşy gitmeýärler.
Teokratik tertip-düzgüne tabyn bolmaklyk durmuşymyzyň ähli taraplaryna täsir edýär. Biz ähli adamlaryň Ýehowa Hudaýa gulak asjak döwrüni iman gözi bilen görýäris (1 Kor. 15:27, 28). Goý, Ýehowanyň beýik häkimiýetini begenç bilen kabul edip, oňa ebedi gulak asmaga taýyn adamlaryň ählisi bereket alsynlar!
Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 159—163