Wagyz etmek üçin girişler
Ýaş oglana ýa-da gyza şeýle diýip bilersiň: «Siziň ýaşyňyzdaky ýaşlaryň köpüsi nika gurmak barada oýlanýar. Ýöne siziň pikiriňizçe şu meselä degişli dogry maslahaty nireden tapyp bolarka? [Jogabyna garaş.] Siz nikany kimiň döredendigini bilýäňizmi? [Matta 19:6 oka.] Mukaddes Ýazgylarda nikada bagtly ýaşamaga kömek edýän käbir prinsipler bar.
Biziň günlerimizde adamlar köplenç birek-biregi kemsidýärler. Nähili pikir edýärsiňiz, adamlaryň köpüsi Isa pygamberiň şu maslahatyny durmuşda ulansa, heý bir zat üýtgärmikä? [Matta 7:12-ni oka-da, jogabyna garaş.] Mukaddes Ýazgylarda her bir adamyň mertebesiniň sylanjak wagty barada aýdylýar.