Wagyz üçin teklipler
«Isa pygamberiň şu aýdan sözlerine nähili garaýarsyňyz? [Matta 5:5 oka.] Siziň pikiriňizçe, şu wadalar ýerine ýetenden soň, ýer ýüzündäki şertler üýtgärmikä? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylarda Isa pygamberiň ýer ýüzünde nähili özgerişleri etjekdigi barada aýdylýar. Şeýle-de ýer ýüzüni kimleriň miras aljakdygy hem aýdylýar».
«Siziň pikiriňizçe, biz haçanam bolsa ölen ýakyn adamlarymyzy görerismi? [Jogap bersin.] Isa pygamberiň aýtmagyna görä, ölen adamlara näme boljakdygyna üns beriň. [Ýahýa 5:28, 29.] Mukaddes Ýazgylarda adam ölende oňa näme bolýandygy düşündirilýär».
«Şu günler adamlaryň köpüsi dine ynanmaýarlar. Siziň pikiriňizçe, din adamyň gowy tarapa üýtgemegine kömek edýärmi? [Jogap bersin.] Mukaddes Ýazgylarda soňky günlerde käbirleriň özüne ýaraýan dinleri saýlap aljakdygy barada öňünden aýdylýar. [2 Timoteos 4:3, 4-nji aýatlary oka.] Siz Mukaddes Ýazgylardan hakyky seždäniň Hudaýy nädip beýgeldýändigini we bize nähili peýda getirýändigi barada bilersiňiz».
«Käbir adamlar Hudaýa iman etmeklik ylma gabat gelýär diýýärler, başgalar bolsa, munuň bilen razylaşmaýarlar. Siziň pikiriňiz nähili? [Jogap bersin. Soňra Ýewreýler 3:4 oka.] Men size käbir alymlaryň Ýaradyja ynanmaklaryna näme sebäp bolandyklaryny gürrüň bermäge şat bolardym».