Wagyz üçin teklipler
«Siziň pikiriňizçe, Isanyň şu tabşyrygyna gulak asmaklyk maşgalany bagtly edip bilermi?» Ýahýa 13:34-i oka we jogap bersin. Soňra maşgala agzalarynyň ählisiniň Isanyň göreldesine we onuň taglymatlaryna nädip eýermelidigini düşündir.
«Siz nähili pikir edýärsiňiz, ynsan hökümeti ýer ýüzünde howanyň gyzmagy bilen bagly kynçylygy çözüp bilermi?» Jogap bersin. Soňra Süleýmanyň tymsallary 20:24-i oka we Hudaýyň nädip biziň planetamyzy heläkçilikden halas etjekdigini düşündir.
«Köp adamlar Isanyň Matta 6:9-daky sözlerini bilýärler (Oka). Emma olaryň köpüsine Hudaýa Ata hökmünde ýüzlenmek kyn bolýar. Siziň pikiriňizçe, Hudaýa nädip ýakynlaşyp bolar?» Jogap bersin we gökdäki Atamyzyň häsiýetleri we ony nädip gowy tanap bolýandygy barada gürrüň ber.
«Adam ölenden soň ýaşaýarmy diýen sorag barada asyrlar boýy jedel edýärler. Bu barada siz nähili pikir edýärsiňiz? (Jogap bersin). Isanyň nämä ynamlydygyna üns beriň». Ýahýa 5:28, 29-njy aýatlary oka we Mukaddes Ýazgylarda ölümden soňky ýaşaýyş barada näme diýilýändigini düşündir.