Filialdan hat
Patyşalygyň gadyrly wagyzçylary!
2008-nji gulluk ýylynda bolan wakalar Işaýa 60:22-de ýazylan Ýehowanyň sözleriniň şu günler ýerine ýetýändigini görkezdi: «Kiçiden müňlerçe, ujypsyzdan güýçli halk dörär. Men, Ýehowa, muny öz wagtynda çaltlaşdyraryn».
Meselem, geçen gulluk ýylynda 2008-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli Russiýada 129 sany täze ýygnak we daşda ýerleşýän topar döredildi! Şu bilen baglanyşykly 1-nji sentýabr 2008-nji ýyldan başlap, täze teokratiki welaýat we 10 sany täze teokratiki etrap peýda bolar. Şeýlelikde, häzir Russiýada 109 etrap we 10 welaýat bar. Şeýle ägirt uly işler Ýehowanyň berekedi, siziň berk imanyňyz we kiçigöwünli gullugyňyz arkaly amala aşyryldy (Süm. tym. 15:33; 1 Tim. 6:12). Täze döredilen ýygnaklar hakda alada etmek üçin doganlary gözegçi bolmaga höweslendirýäris (1 Tim. 3:1).
Mundan başga-da, şol ýylyň dowamynda dogan-uýalar bellenilmedik ýerlere gidip wagyz etdiler we olara 800-de gowrak ilatly ýerler berildi. Olara berekella diýmeli, sebäbi bellenilmedik ýerlerde onlarça million adam ýaşaýar, olaryň köpüsi bolsa, hiç haçan hoş habary eşitmediler.
Geliň, Ýehowa wepaly bolmagy we tüýs ýürekden islegini berjaý etmegi ýüregimize berk düweliň-de, gökdäki rehimdar Atamyzyň hak Hudaýdan gorkýan gullukçylaryna köp-köp bereketler taýýarlandygyna hiç hili şübhelenmäliň! (Zeb. 31:19).
Doganlaryňyz,
Russiýadaky filial