«Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly täze kitapça
1 Ýehowanyň Güwäçileri 20-nji oktýabr duşenbe gününden başlap bütin dünýäde «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly täze kitapçany ýaýratmak üçin dört hepde geçiriljek ýörite kampaniýa gatnaşarlar. Biz bütin dünýäde geçiriljek bu ýörite kampaniýa köp adamlary hakykatyň ýeke-täk gözbaşy bilen gyzyklandyrar diýip umyt edýäris (Ýahýa 17:17).
2 Bu kitapçada alty sany wajyp sowala Mukaddes Ýazgylardan jogap berilýär: «Hudaý biziň aladamyzy edýärmikä?», «Uruşlar we horluklar haçan gutararka?», «Adam ölende, oňa näme bolýar?», «Aradan çykan adamlara umyt barmyka?», «Hudaý eşider ýaly nädip doga etmeli?», «Bagtly bolmak üçin näme etmeli?» Hristian dünýäsiniň buthanasy bu sowallara gutarnykly jogap berip bilmedi. Hatda hristian dinine uýýan adamlar hem şeýle sowallary berýärler. Emma olar bu sowallaryň aýdyň jogaplaryny Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolýandygyny bilmeýärler. Şol sebäpli köp adamlary «Siziň hakykaty bilesiňiz gelýärmi?» atly kitapça gyzyklandyrar.
3 Öz territoriýaňyzda wagyz ediň. Mümkin boldugyndan, territoriýaňyzdaky meýdançalaryň köpüsinde wagyz etmeli. Eger ýygnagyň territoriýasy uly bolsa, onda ýaşulular kitapçany ilkinji ideg edilende, öýünde tapylmadyk adamlara galdyrmaly diýip maslahat berip bilerler. Kitapçany goňşularyňa, dogan-garyndaşlaryňa, mekdep ýoldaşlaryňa ýa-da işdeşleriňe we şol sanda ikilenç ideg edýänleriňe bermegi unutma. Mümkin, sen işleriňi planlaşdyryp, oktýabr ýa-da noýabr aýlarynda kömekçi pioner bolup gulluk edip bilersiň. Eger seniň çagaň ýa-da Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ruhy taýdan ösüp, kampaniýa suwda çokundyrylmadyk wagyzçy hökmünde gatnaşyp bilse, bu barada ýaşululara aýt.
4 Näme diýmeli. Mukaddes Ýazgylardaky habary köp adamlar eşider ýaly, gysgaça hödürler taýýarla. Meselem, kitapçanyň birinji sahypasynda getirilen alty sowalyň birini berip, ondaky berlen jogaba adamyň ünsüni çek. Şeýtsek, ähli wagyzçylara ýygnagyň territoriýasynda ýaşaýan adamlaryň islegini göz öňünde tutmaga ýardam eder. Adamyň näme barada gyzyklanandygyny ýaz, soňra ony ikilenç ideg et. Kampaniýadan soň galan kitapçalary beýleki kitapçalar ýaly gullukda ulansa bolýar.
5 Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlaň. Bu kitapça Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin niýetlenen. Gyzyklanan adamy ikilenç ideg edende, Mukaddes Ýazgylardan haýsy pikiriň ony has ruhlandyrandygyny sorap bilersiň. Soňra kitapçanyň soňky sahypasynda Mukaddes Ýazgylar okuwy barada aýdylýandygyny görkezip, oňa «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby hödürle. Mümkin boldugyndan, onuň saýlan babyndan bir-iki abzasa gysgaça seret.
6 Ýehowa «ruhda, hakykatda» sežde etmek isleýän adamlary agtarýar (Ýahýa 4:23). Geliň, ählimiz bu ýörite kampaniýa gatnaşalyň we adamlara hakykaty bilmäge kömek edeliň!