Ýazgylary öwrenýänlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 5-nji bölüm
Bir sapakda näçe material geçmelidigini nädip bilmeli?
1 Isa Mesih şägirtleriniň mümkinçiligini göz öňünde tutup öwredýärdi we «sözi olaryň eşidip biljek möçberlerinde» aýdýardy (Mar. 4:33; Ýahýa 16:12). Şu günlerem Hudaýyň Sözüniň mugallymlary bir sapakda näçe material geçmelidigi barada pikirlenmeli. Bu hem mugallymyň, hem okuwçynyň ukybyna we ýagdaýyna bagly bolýar.
2 Imanyny berkitmäge kömek et. Käbirleriň iki-üç sapakda geçýänini, başgalar bir sapakda geçip biler. Esasy zat, öwrenýän adamyň sapagy basym geçmegi däl-de, geçen temasyny gowy edip özleşdirmegi gerek. Olaryň her birine Hudaýyň Sözüne esaslanan imanyny berkitmek wajypdyr (Sül. tym. 4:7; Rim. 12:2).
3 Her hepdede okuw geçireniňde, öwrenýän adam Hudaýyň Sözüne düşünip, ony bar ýüregi bilen kabul eder ýaly, wagt sarp et. Goý, öwredýän hakykatyň okuw geçýän adama köp peýda getirsin. Esasy pikirleriň üstünde durup, möhüm aýatlary ara alyp maslahatlaşmak üçin howlukman ýeterlikli wagt sarp et (2 Tim. 3:16, 17).
4 Temadan daşary çykma. Howlukmaly däl bolsa-da, özge temalara ünsümiz sowulmaz ýaly, seresap bolmaly. Eger öwrenýän adam biynjalyk edýän zatlaryny jikme-jik gürrüň bermegi halaýan bolsa, onuň sowallaryna okuwdan soň seretseňiz gowy bolardy (Wag. 3:1).
5 Başga bir tarapdan bolsa, okuw geçenimizde hakykatyň joşguny bizi köp zatlar barada gürrüň bermäge höweslendirmegi mümkin (Zeb. 145:6, 7). Goşmaça pikirler we wakalar okuwyň gyzykly geçmegine ýardam edýär, ýöne olar köp bolup, kän wagtymyzy almaly däl, sebäbi gyzyklanýan adamyň Ýazgylaryň möhüm taglymatyna esaslanan dogry bilim almagyna päsgel berer.
6 Bir sapakda ýeterlikli materialy geçsek, okuw geçýän adamyň «Ýehowanyň nurunda ýöremegine» kömek ederis (Zeb. 89:15).