«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby öwreneris!
1 «Hudaýa gulak asmak» atly welaýat kongresinde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň çykandygyny eşidip, begenjimiziň çägi bolmady. Biz tizden bu kitaby ýygy-ýygydan wagyzda ulanyp başlarys, esasan-da, öýde Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin ulanarys. Şoňa görä-de, biz şu kitap bilen ýakyndan tanyşmaly. Munuň üçin 2006-njy ýylyň Alp Arslan (awgust) aýynyň 28-den başlap, şol kitaby ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygynda geçip başlarys.
2 Başda ýygnagyň topar gözegçisi her babyň başynda gelýän sowallara ünsümizi çeker. Soňra her sahypada berlen sowallar esasynda öwrenip başlarys. Esasy pikirleri tassyklaýan aýatlary okap, pikir alşarys hem-de her babyň soňunda gelýän «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen çarçuwanyň kömegi bilen materialy gaýtalarys, sebäbi şol çarçuwada babyň başynda berlen sowallara Mukaddes Ýazgylar boýunça jogap berilýär. Sen sorag-jogaba hökman gatnaşsaň gerek, sebäbi kitap dürli temalary düşnükli, sada hem gyzykly düşündirýär.
3 Kitapda dürli temalar boýunça goşmaça maglumat hem berilýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar käbir temalar boýunça köpräk bilmek islese, sen şol materialy ulanyp bilersiň. Ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygynda-da şol goşmaça maglumatdan käbir parçalara serediler. Tema degişli goşmaça materialyň hemmesi kitap öwrenilýän duşuşykda okalar, uly makalalary bolsa, her duşuşykda bölekleýin okalar. Ýöne goşmaça maglumat üçin sowal berilmändir. Şeýle-de bolsa, toparyň gözegçisi gatnaşýanlara esasy pikirleri aýtdyrmak üçin ýerlikli sowallary berer.
4 Ýygnagyň kitap öwrenilýän duşuşygynda «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby çalt geçeris. Ýöne gyzyklanýan adamlar bilen kitaby beýle çalt öwrenmeli däl. Esasanam, olar Mukaddes Ýazgylar barada az bilýän bolsa ýa-da asla hiç zat bilmeýän bolsa (Res. iş. 26:28, 29). Mukaddes Ýazgylar okuwyny öýde geçirýän wagtymyz aýatlara has dykgatly seretmeli, mysallary oňat düşündirmeli we ş. m. Şeýlelik-de, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitaby öwrenmek üçin her hepde duşuşyga gelmegi hem-de yhlasly gatnaşmagy özüňe maksat edin!