Adamlara Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna gulak asmaga kömek et
«Gowy topraga düşenler bolsa, Sözi eşidip, ony ýagşy hem ak ýürekde saklap, sabyr bilen miwe berýänleri aňladýar» (LUKA 8:15).
1, 2. a) «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap näme maksat bilen çap edildi? b) Soňky ýyllarda Ýehowa şägirt taýýarlamak işinde halkyny nädip patalady?
«BU KITAP örän ajaýyp kitap. Meniň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamlar bu kitaby gowy görýärler. Meniň özümem ony gowy görýärin. Gapynyň agzynda, bu kitap bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bolýar» diýip, Ýehowanyň Güwäçileriniň bir pioneri «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap barada gürrüň berýära. Bu kitap barada bir gartaşan doganymyz şeýle diýýär: «Men elli ýylyň dowamynda yhlasly wagyz edip, köp adamlara Ýehowa barada bilmäge kömek etdim. Men bu kitabyň deňi-taýynyň ýokdugyny belläp geçesim gelýär. Kitapdaky berlen mysallar we suratlar maňa örän ýarady». Sizem şeýle pikirdemi? Bu kitap Isanyň: «Şonuň üçin, gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň» diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmäge kömek etmek üçin niýetlenen (Matta 28:19, 20).
2 Takmynan 6 600 000 sany Ýehowanyň Güwäçisi Isanyň ýumşuny yhlasly ýerine ýetirýändigine şatlanýar (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Olaryň edýän tagallalaryna Ýehowanyň ak pata berýändigi mese-mälim. Mysal üçin, 2005-nji ýylda 235 döwletde we ýerde wagyz edildi. Takmynan 6 061 500 Mukaddes Ýazgylar okuwy geçirildi. Netijede, köp adamlar Hudaýyň sözüni eşidip, «muny adam sözi hökmünde däl-de, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiler» (1 Selanikliler 2:13). Soňky iki ýylyň dowamynda ýarym milliondan gowrak täze şägirtler Ýehowanyň kada-kanunlaryna laýyk gelip, özlerini Ýehowa Hudaýa bagyş etdiler.
3. Şu makalada «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap bilen bagly nähili soraglara serederis?
3 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek nähili şatlykly! Bütin dünýäde henizem «ýagşy hem ak ýürekli» adamlar bar. Olar Hudaýyň sözüni eşidip, ony «saklap, sabyr bilen miwe berýärler» (Luka 8:11—15). Geliň, şägirt taýýarlamak işinde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär» diýen kitaby nädip ulanyp bolýandygyna seredeliň. Biz üç sany soraga serederis: 1. Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlamaly? 2. Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip üstünlikli geçirmeli? 3. Adama diňe bir Mukaddes Ýazgylary öwretmän, eýsem, Hudaýyň Sözüniň öwredijisi bolmaga nädip kömek etmeli?
Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlamaly?
4. Näme üçin käbir adamlar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmäge ýaýdanýarlar, biz olara nädip kömek etmeli?
4 Size uly çeşmeden böküp geçmeli diýseler, belki, razy bolmardyňyz. Emma geçmek üçin daşlar goýlan bolsa, onda höwes bilen synanyşyp görerdiňiz. Işli adamlar hem şonuň ýaly Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga ýaýdanýarlar. Sebäbi olar Mukaddes Ýazgylary öwrenmek üçin köp wagt sarp etmeli öýdýärler. Olar ýaýdanmaz ýaly nädip kömek etmeli? «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap boýunça gysgaça we yzygiderli gürrüň geçirip, Hudaýyň Sözüni öwredip bilersiňiz. Ikilenç idege her gezek gowy taýýarlansaňyz, öwrenýän adamyň kem-kemden Hudaýa ýakynlaşmagyna kömek edersiňiz.
5. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby näme üçin okap çykmaly?
5 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň peýdalydygyny birine düşündirmeziňden öň, kitaby özüň gowy bilmeli. Siz, kitaby başdan-aýak okadyňyzmy? Bu kitaby bir är-aýal kenaryň boýunda dynç alýan wagtlary okaýarka, jahankeşdelere zat satýan bir aýal «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň adyna gözi düşýär. Bu aýal irden birnäçe sagat mundan öň Hudaýa doga edip, şu soragy berendigini är-aýala gürrüň berýär. Är-aýal bu kitaby oňa höwes bilen berdiler. Bu kitaby «pursatdan peýdalanyp» birine garaşyp durkaň, iş ýeriňde, mekdepde arakesme wagtlary okamaga ýa-da ikinji sapar okap çykmaga çalyş (Efesliler 5:15, 16). Şeýtmek bilen, Mukaddes Ýazgylar okuwyna gowy taýýarlanarsyňyz hem-de wagyz etmäge amatly pursat dörär.
6, 7. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwyna nädip başlamaly?
6 Wagyzda bu kitaby hödürläniňizde, 4—6-njy sahypalaryndaky suratlary, aýatlary we soraglary ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin, siz gürrüňi şeýle soraglar bilen başlap bilersiňiz: «Şu günler kynçylyklar şeýle köp welin, olary nädip çözmeli? Görkezmäni nireden gözlemeli?» Adamyň berýän jogabyny ünsli diňläp, 2 Timoteos 3:16, 17-nji aýatlary okap ber we adamlaryň kynçylygynyň nädip çözüljekdigini Mukaddes Ýazgylardan bilip bolýandygyny düşündir. Soňra kitabyň 4, 5-nji sahypalaryny görkezip, şeýle sorag beriň: «Siz suratdaky haýsy kynçylygyň çözülmegini isleýärsiňiz?» Adam kitaby eline alyp görkezende, siz şoňa degişli aýady Mukaddes Ýazgylardan açyp okap beriň. Soňra 6-njy sahypany okap: «Şu alty sany soragyň haýsysynyň jogabyny bilesiňiz gelýär?» diýip, sorag beriň. Ol bir soragy saýlandan soň, oňa jogap berýän baby görkezip, kitaby ber we şol soragy ara alyp maslahatlaşmak üçin ikilenç ideg etmäge wagt belleş.
7 Şeýlelikde, kitaby takmynan bäş minudyň içinde hödür edip bolýar. Bäş minudyň içinde adamy näme gyzyklandyrýandygyny bilersiň, şoňa degişli iki aýady okap, ikilenç ideg etmek üçin onda höwes döredersiň. Bu gysgaça gürrüňdeşlik köp wagtdan bäri ruhlanmadyk adama teselli berer. Şonuň üçin hatda işli adama-da «ýaşaýşa getirýän... ýola» girmäge kömek etmek üçin ýene-de barsaň örän şat bolar (Matta 7:14). Eger ol gyzyklanyp ugrasa, onda Mukaddes Ýazgylar okuwynyň wagtyny köpeltmeli. Okuwy geçmek üçin oturmagy we köpräk wagt sarp etmegi teklip etmeli.
Öwretmegiň iň gowy usullary
8, 9. a) Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy garşylyklara we synaglara nädip taýýarlasa bolar? b) Imany berkitmek üçin oda döz gelýän «materiallary» nireden tapyp bolýar?
8 Gyzyklanýan adam Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryny, durmuşynda ulanyp başlan badyna, ruhy taýdan ösmäge päsgel berýän kynçylyklaryň döremegi ahmal. Pawlus resul: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýdi (2 Timoteos 3:12). Ol şeýle synaglary gurluşyk materiallara zyýan ýetirýän ot bilen deňedi. Emma ot gyzyla, kümşe, gymmatbaha daşlara zyýan ýetirip bilmeýär. (1 Korintoslylar 3:10—13; 1 Petrus 1:6, 7). Öwrenýän adamy synaglara döz gelmek üçin gerekli häsiýetleri ösdürer ýaly, oda dözümli «materiallardan» bina «gurmaga» kömek ediň.
9 Mezmurçy: «Rebbiň sözleri... toprak kürede arassalanyp, ýedi gezek saplanan kümüş kimindir» diýdi (Zebur 12:6). Dogrudanam, Mukaddes Ýazgylarda imany berkitmek üçin ähli zat bar (Zebur 19:7—11; Süleýmanyň tymsallary 2:1—6). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap Mukaddes Ýazgylary durmuşda nädip ulanmalydygyny görkezýär.
10. Öwrenýän adamyň ünsüni Mukaddes Ýazgylara nädip gönükdirip bolýar?
10 Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçireniňde, bapda berilýän aýatlara öwrenýän adamyň ünsüni çek. Ýazgylardan esasy aýada düşüner ýaly soraglar ber we ony durmuşda nädip ulanyp boljakdygyny düşündir. Biz onuň nämeler etmelidigini aýtmagyň deregine, Isanyň göreldesine eýermeli. Bir kanunçy Isa sorag berende, ol: «Kanunda näme ýazylypdyr? Sen nähili okaýarsyň?» diýdi. Kanunçy Mukaddes Ýazgylardaky aýady aýdanyndan soň, Isa oňa şol prinsipi durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny düşündirdi. Şeýle-de Isa mysal arkaly, şol aýady nädip berjaý etmelidigini görkezdi (Luka 10:25—37). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitapda ýönekeý mysallar köp berlen. Olary ulanyp öwrenýän adama Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine nädip eýerip bolýandygyny görkeziň.
11. Her sapakda babyň näçeräk möçberini geçmeli?
11 Isanyň çylşyrymly pikirleri ýönekeý sözler bilen düşündirişi ýaly, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitapda Hudaýyň sözleri göni we düşnükli dilde beýan edilýär (Matta 7:28, 29). Bizem şeýle göreldä eýermeli. Pikiri düşnükli, dogry we sada dilde düşündirmeli. Baby tiz geçjek bolmaly däl. Näçe abzas geçmelidigiňiz öwrenýän adamyň ýagdaýyna we ukybyna bagly. Isa şägirtleriniň ukybyny göz öňünde tutup, agram salmazlyk üçin köp zatlary birden aýtmaýardy (Ýahýa 16:12).
12. Goşmaça maglumaty nädip ulanmaly?
12 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitapdaky goşmaça maglumatda on dört sany tema berilýär. Öwrenýän adamyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup siz öwrediji hökmünde ony nädip geçmelidigini çözmeli. Mysal üçin, öwrenýän adam bir temany gowy düşünmedik bolsa ýa-da öňki ynanjy sebäpli soraglar ýüze çyksa, onda goşmaça maglumatdan şoňa degişli temany görkezseňiz, ol özbaşdak okap biler. Käbir ýagdaýlarda bolsa ony bile geçmeli. Goşmaça maglumatda «Jan» hem-de «ruh» näme?» we «Beýik Babyl näme?» ýaly Mukaddes Ýazgylara degişli temalar bar. Bu temalary öwrenýän adam bilen bile geçseňiz peýdaly bolar. Goşmaça maglumatda temalara degişli soraglar ýok. Şol sebäpli oýlanyşykly soraglar bermek üçin oňa gowy taýýarlanmaly.
13. Imany berkitmekde doganyň nähili ähmiýeti bar?
13 Zebur 127:1-de şeýle diýilýär: «Öýi Reb bina etmese, bina edýänleriň zähmeti biderekdir; şäheri Reb saklamasa, garawulyň oýa durmagy biderekdir». Şol sebäpli, Mukaddes Ýazgylar okuwyna taýýarlananyňda Ýehowa doga edip, kömek sora. Okuwyň başynda we soňunda edýän dogalaryňyz siziň Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyňyzy görkezsin. Öwrenýän adama Mukaddes Ýazgylara düşüner ýaly Ýehowadan akyldarlygy we Onuň sözlerini durmuşynda ulanar ýaly güýç dilemegi maslahat ber (Ýakup 1:5). Şeýtmek bilen, ol imanyny berkidip, synaglara döz geler we ruhy taýdan öser.
Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama mugallym bolmaga kömek et
14. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ruhy taýdan nähili üstünlikler etmeli?
14 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam Isanyň tabşyran «ähli zatlaryny» berjaý etmegi öwrenmeli we Hudaýyň Sözüniň mugallymy bolup ýetişmeli (Matta 28:19, 20; Resullaryň işleri 1:6—8). Biz nädip öwrenýän adama ruhy taýdan ösmäge kömek edip bileris?
15. Näme üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy ýygnak duşuşyklaryna barmaga höweslendirmeli?
15 Birinji sapakdan başlap gyzyklanýan adamy ýygnak duşuşyklaryna çagyrsaň gowy bolar. Ýygnak duşuşyklarynda Hudaýyň Sözüniň mugallymlary üçin gowy sapak berilýändigini düşündiriň. Mukaddes Ýazgylar okuwyndan soň bäş minutlyk birnäçe hepde ýygnak duşuşyklarynda we kongreslerde geçilen tema barada hem-de ondan nähili peýda alandygyňyzy höwes bilen gürrüň beriň. (Ýewreýler 10:24, 25). Öwrenýän adam ýygnak duşuşyklaryna gatnap başlasa, Hudaýyň Sözüniň mugallymy bolup ýetişer.
16, 17. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam öňünde nähili maksatlar goýmaly?
16 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama öňünde maksat goýmaga kömek et. Mysal üçin, öwrenen zatlaryny dostlaryna we dogan-garyndaşlaryna gürrüň bermegi höweslendir. Şeýle-de oňa Mukaddes Ýazgylary doly okamagy maslahat ber. Eger-de sen oňa Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okamagyň gün tertibini düzmäge kömek etseň, çokundyrylandan soň hem onuň bu endigi uzak wagtlap peýdaly bolar. Galyberse-de, öwrenýäne «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň her babyndaky esasy soraglaryna jogap berýän aýatlary ýat tutmagy maslahat ber. Ol şu maslahatlara eýerse, «hakykat sözüni dogry ulanyp, özüňi gowy görülýän, utanmajak işçi» bolup ýetişer (2 Timoteos 2:15).
17 Öwrenýän adam diňe bir aýatlary ýat tutup, onuň manysyny düşündirmegi öwrenmeli däl. Eýsem, ol imany barada sorag berenlerinde Ýazgylardan aýatlary getirip, dogry düşündirmegi başarmaly. Bu meselede gysgaça sahnalar kömek eder. Mysal üçin, onuň işgärleriniň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň biri hökmünde oňa imany barada sorag beriň, ol bolsa jogap bersin. Soňra siz nädip «ýumşaklyk, saýhallylyk bilen» jogap bermelidigini görkeziň (1 Petrus 3:16).
18. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolandan soň, siz oňa nähili kömek etmeli?
18 Wagtyň geçmegi bilen öwrenýän adam wagyz etmäge taýyn bolar. Oňa wagyz etmegiň hormatly işdigini aýdyň (2 Korintoslylar 4:1, 7). Haçan-da, ýaşulular oňa suwda çokundyrylmadyk wagyzçy hökmünde wagyz etmäge rugsat berenlerinde, onuň bilen ýönekeý hödüri taýýarlap, wagza çyk. Ony wagyz işiniň dürli görnüşlerine çagyryp, ikilenç ideg etmegi-de öwret. Oňa siziň gowy göreldäňiz täsir eder (Luka 6:40).
«Sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas et»
19, 20. Biz nähili maksat edinmeli we näme üçin?
19 Elbetde, biz adama «hakykat bilimini» ýetirer ýaly köp tagallalar etmeli (1 Timoteos 2:4). Emma adama Mukaddes Ýazgylaryň taglymatyna gulak asmaga kömek edenimizde, tapýan şatlygymyzy hiç zat bilen deňäp bolmaýar (1 Selanikliler 2:19, 20). «Hudaýyň işdeşleri» bolup, bütindünýä şägirt taýýarlamak işine gatnaşmak, biziň üçin uly hormat (1 Korintoslylar 3:9).
20 Ýehowa Hudaý tizden Isa Mesih we güýçli perişdeleri arkaly «Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary, Özi baradaky Hoş Habara uýmaýanlary jezalar» (2 Selanikliler 1:6—8). Adamlaryň jany howp astynda. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýuça iň bolmanda Mukaddes Ýazgylar okuwynyň birini geçirmegi maksat edinmeli. Şu işe gatnaşmak bilen «sen hem özüňi, hem özüňe gulak asýanlary halas edersiň» (1 Timoteos 4:16). Şu günler adamlara Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlaryna gulak asmaga kömek etmegiň edil wagty.
a Ýehowanyň Güwäçileriniň çap eden kitaby.
Siz näme öwrendiňiz?
• «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap näme maksat bilen çap edildi?
• «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap boýunça Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlap bolýar?
• Öwretmegiň nähili gowy usullary bar?
• Biz öwrenýän adama Hudaýyň Sözüniň mugallymy bolmaga nädip kömek edip bileris?