Mukaddes Ýazgylaryň öwredýän taglymatlaryny öwrediň
«Bütin milletleri şägirt ediň... olara öwrediň» (MATTA 28:18—20).
1. Mukaddes Ýazgylaryň giňden ýaýrandygy barada näme aýtsa bolar?
MUKADDES ÝAZGYLAR, ýagny Ýehowanyň Sözi bütin dünýäde giňden ýaýran iň gadymy kitaplaryň biridir. Onuň käbir bölekleri 2 300 gowrak dile terjime edildi. Bütin dünýäde adamlaryň 90 göteriminden gowragy ony ene dilinde okap bilýär.
2, 3. a) Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary barada näme üçin nädogry we garym-gatym pikirler bar? b) Biz haýsy soraglara serederis?
2 Millionlarça adamlar Mukaddes Ýazgylary her gün okaýarlar. Käbir adamlar ony başdan-aýak birnäçe sapar okap çykdylar. Müňlerçe dindar adamlar taglymatlaryny Mukaddes Ýazgylara esaslanan diýseler-de, olaryň pikirleri Mukaddes Ýazgylaryň öwredýän taglymatyna gabat gelmeýär. Şeýle dinleriň agzalarynyň arasynda taglymat meselesinde agzalalyklar bar. Käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýdandygyna ynanmaýarlar we onuň gadyr-gymmatyny şübhä goýýarlar. Köp adamlar oňa diňe kitap hökmünde seredip, kazyýetde oňa elini goýup hakykaty aýtjakdygyna kasam edýärler.
3 Dogrusyny aýdanyňda, Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň adamlara ýüzlenýän täsirli sözüdir (Ýewreýler 4:12). Şol sebäpli, biz, Ýehowanyň Güwäçileri Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini adamlaryň bilmegini isleýäris. Biz Isanyň: «Bütin milletleri şägirt ediň... olara öwrediň» diýen tabşyrygyny ýerine ýetirmekden şatlyk tapýarys (Matta 28:19, 20). Biz wagyzda akýürekli adamlary Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary barada nädogry we garym-gatym pikirleriň alada goýýandygyny görýäris. Olar Mukaddes Ýazgylaryň Ýaradyjy hakynda we durmuşyň manysy barada näme diýýändigini bilesi gelýärler. Geliň, köp adamlary gyzyklandyrýan üç sany soraga seredeliň. Bu soraglarda ýalan dini ýolbaşçylaryň nähili düşündirýändigine hem-de Mukaddes Ýazgylaryň nähili öwredýändigine serederis. 1. Hudaý biziň aladamyzy edýärmi? 2. Biz näme üçin ýer ýüzünde ýaşaýarys? 3. Adam ölenden soň oňa näme bolýar?
Hudaý aladamyzy edýärmi?
4, 5. Näme üçin adamlar Hudaý aladamyzy etmeýär diýýärler?
4 Geliň, ilki bilen, şu soraga seredeliň: Hudaý biziň aladamyzy edýärmi? Gynansakda, köp adamlar «Hudaý aladamyzy etmeýär» diýip, jogap berýärler. Olar näme üçin şeýle jogap berýärler? Munuň bir sebäbi, olar uruşdan we horlukdan doly dünýäde ýaşaýarlar. Olar: «Eger Hudaý aladamyzy edýän bolsa, onda ol şeýle betbagtçylyklara ýol bermezdi» diýýärler.
5 Adamlaryň Hudaý aladamyzy etmeýär diýýändiginiň ýene-de bir sebäbi, ýalan dini ýolbaşçylar olara şeýle öwredýärler. Betbagtçylyk bolanda ýalan dini ýolbaşçylar köplenç näme diýýärler? Bir aýalyň iki kiçi çagasy awtoheläkçiliginde ýogalanda, dini ýolbaşçy oňa: «Bu Hudaýyň islegidir. Hudaýa ýene-de iki perişde gerek bolandyr» diýdi. Şeýle diýmek bilen, dini ýolbaşçylar Hudaýy günäkärleýärler. Ýakup şägirt: «Synalanda, hiç kim: «Men Hudaý tarapyn synalýaryn» diýmesin; çünki Hudaý erbetlik bilen synaýan däldir, Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldir» diýdi (Ýakup 1:13). Ýehowa Hudaý hiç haçan erbetlik etmeýär. «Hak Hudaýyň erbetlik etmegi mümkin däl» (Eýýup 34:10).
6. Dünýädäki bolýan erbetlikleriň we horluklaryň sebäpkäri kim?
6 Näme üçin ýer ýüzi erbetlikden we horlukdan doly? Munuň bir sebäbi, adamlar Hudaýy Hökümdar hökmünde ret edip, onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak islemeýärler. Adamlar bilmezlikden Hudaýyň duşmany Şeýtana boýun boldular, şoňa görä indi «bütin dünýä iblisiň goly astynda» (1 Ýahýa 5:19). Şol sebäpli şu günler betbagçylyklar bolýar. Şeýtan erbet, ýigrenji, ýalançy we rehimsiz. Bu dünýä hem öz hökümdarynyň häsiýetlerini görkezýär. Şonuň üçin erbetligiň giňden ýaýrandygy geň galdyrmaýar!
7. Biz haýsy sebäplere görä horluk çekýäris?
7 Horluk çekýändigimiziň ýene-de biri sebäbi, biz bikämil. Günäli adamlaryň häkimiýeti eýelemek üçin göreşýändikleri sebäpli uruş, zulum we horluklar bolýar. Wagyzçy 8:9-da şeýle diýiliýär: «Adamyň üstünden adamyň agalyk etmegi onuň zyýanynadyr». Şeýle-de horluklar «wagt we garaşylmadyk waka» sebäpli bolýar (Wagyzçy 9:11). Adamlar köplenç oňaýsyz ýerde we oňaýsyz wagtda bolandygy üçin betbagtçylyga uçraýarlar.
8, 9. Hudaýyň aladamyzy edýändigini nireden bilýäris?
8 Horluklaryň Ýehowadan däldigini bilmek, bize teselli berýär. Ýöne Hudaý durmuşymyzda bolýan zatlar bilen gyzyklanýarmy? Elbetde, gyzyklanýar. Sebäbi ol Mukaddes Ýazgylar arkaly näme üçin adamlara erbet ýoly saýlamaga ýol berendigini düşündirýär. Ol özüniň hökümdarlyk etmäge haklydygyny we adamlaryň wepalylygyny subut etmek üçin muňa ýol berdi. Beýik hökümdar Ýehowa näme üçin horluklara ýol berýändigini bize düşündirmäge borçly däl. Emma biziň aladamyzy edýändigi sebäpli düşündirýär.
9 Ýehowanyň aladamyzy edýändiginiň başgada subutnamalaryna seredeliň. Nuhuň günlerinde ýer ýüzi erbetlikden dolanda, ol «ýüreginde agyry duýdy» (Barlyk 6:5, 6). Şu günler onuň duýgusy üýtgedimikä? Ýok. (Malaki 3:6). Ýehowa henizem adalatsyzlygy ýigrenýär we adamlaryň horluk çekýändigini görüp, gaty gynanýar. Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň tizden adamyň hökümdarlygynyň we Şeýtanyň adamzada ýetiren ähli zyýanyny aýyrjakdygyny öwredýär. Şeýle delil Hudaýyň aladamyzy edýändigini subut etmeýärmi näme?
10. Ýehowa adamlaryň horluklaryna nähili garaýar?
10 Dini ýolbaşçylar heläkçilikler Hudaýyň islegi boýunça bolýar diýip, ol barada ýalan sözleýär. Aslynda, Hudaý adamzat horluklarynyň soňuna çykmak isleýär. 1 Petrus 5:7-de: «Ol siziň gamhoryňyzdyr» diýilýär. Ine, Mukaddes Ýazgylar şeýle öwredýär!
Näme üçin biz ýer ýüzünde ýaşaýarys?
11. Ýalan dinler adamlaryň ýer ýüzünde ýaşaýşyny nädip düşündirýär?
11 Geliň indi, adamlary gyzyklandyrýan ikinji soraga seredeliň: näme üçin biz ýer ýüzünde ýaşaýarys? Ýalan dinler ynsan ýer ýüzünde wagtlaýyn ýaşamak üçin dünýä inýär diýip öwredýär. Olar ýer ýüzi wagtlaýynça ýaşalýan ýer, şondan soň adam ýene-de bir ýerde ýaşamaly diýýärler. Käbir dini ýolbaşçylar Hudaý ýer ýüzüni ýok eder diýip ýalan sözleýär. Şol sebäpli adamlaryň köpüsi bize diňe ölüm garaşýar diýip, durmuşdaky ähli keýpi-sapany dadyp göreli diýen netijä gelýärler. Näme üçin biz ýer ýüzünde ýaşaýarys diýen soraga Mukaddes Ýazgylar nähili jogap berýär?
12—14. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaýyň adamlar we Ýer babatda nähili niýeti bar?
12 Hudaýyň Ýer we adamlar babatda täsin niýeti bar. Ol Ýeri «biderek ýere ýaratmady, ony ýaşaýyş üçin ýaratdy» (Işaýa 45:18). Galyberse-de, Ýehowa «Ýeri binalarynyň üstünde gurdy, ol hiç haçan gymyldamaz» (Zebur 104:5). Ýer we adamlar babatda Hudaýyň niýetini bilsek, näme üçin ýer ýüzünde ýaşaýandygymyza düşüneris.
13 Barlyk kitabynyň 1, 2-nji baplarynda Ýehowanyň adamlaryň aladasyny edip, Ýeri ýaradandygy aýdylýar. Ýer ýüzünde ýaradylyş döwri tamamlanan soň, hemme zat «gaty oňatdy» (Barlyk 1:31). Hudaý ilkinji erkek adamy we aýaly, ýagny Adam atany we How enäni owadan Erem bagynda ýerleşdirip, gowy iýmit bilen üpjün etdi. Ilkinji adamlara ol: «Hasylly boluň, we köpeliň, we ýer ýüzüni dolduryň, we ony tabyn ediň» diýdi. Olaryň kämil çagalary bolmalydy. Adamlar bütin ýer ýüzüni Jennet bagyna öwrüp, haýwanlyryň üstünden söýgi bilen hökümdarlyk etmelidi (Barlyk 1:26—28).
14 Hudaýyň niýeti boýunça Ýer ýüzünde kämil adamlar ebedi ýaşamaly. Hudaýyň Sözünde: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýilýär (Zebur 37:29). Hawa, Ýehowa adamlaryň ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamagyny isleýär. Muny bize Mukaddes Ýazgylar öwredýär!
Adam ölenden soň, oňa näme bolýar?
15. Ýalan dinleriň öwredişine görä, adam ölenden soň, oňa näme bolýar?
15 Indi geliň, adamlary biynjalyk edýän üçünji soraga seredeliň: adam ölenden soň, oňa näme bolýar? Ýalan dinleriň köpüsi adam ölenden soň, onuň içinden bir zat çykyp ýaşamagyny dowam edýär diýip öwredýär. Käbir dinler erbet adamlar ölenden soň, Hudaý olary dowzah odunda ebedi gynap, jeza berýär diýýärler. Bu dogrudanam şeýlemikä? Mukaddes Ýazgylar ölüm barada näme öwredýär?
16, 17. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, ölüler nähili ýagdaýda?
16 Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Diriler öljegini bilýärler, ölüler bolsa hiç zat bilenok, gaýdyp olara hak ýokdur». Ölüleriň hiç zat bilmeýändikleri üçin, olar eşidip, görüp, gepläp, duýup we pikirlenip bilmeýär. Indi olara hiç hili hak ýok. Dogrudan-da, olara nähili hak bolup biler? Olar hiç zat edip bilmeýär ahyryn! Şeýle-de «olaryň söýgüsi-de, ýigrenji-de, gabanjaňlygy-da ýok bolup gitdi». Diýmek, olar hiç zat duýup bilmeýär (Wagyzçy 9:5, 6, 10).
17 Mukaddes Ýazgylarda ölümden soň ýaşaýşyň dowam etmeýändigi düşnükli we aýdyň aýdylýar. Reorkarnasiýa ynanýan adamlar aýtmyşlaýyn, adam ölenden soň bir zat bedenden çykyp, başga bedene girmeýär. Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň: biziň ýaşaýşymyz şemiň ýalny kimindir. Şem öçse, onuň ýalny hem öçýär. Ol ýom-ýok bolýar.
18. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ölüleriň hiç zat duýmaýandygyny bilip, nähili netijä gelip biler?
18 Bu düşnükli, emma wajyp hakykatyň täsiri barada oýlanyp gör. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam ölüleriň hiç zat duýmaýandygyny bilip, ölen ata-babalary dirikä ondan öýkelän bolsa-da, zyýan ýetirmeýändigine düşünýär. Şeýle-de oňa ölen ýakyn adamlary eşidip, görüp, gepläp, duýup we pikir edip bilmeýändigine düşünmeklik aňsat bolýar. Şonuň üçin ölen adamlar özlerini ýalňyz duýmaýarlar we dowzah odunda gynanmaýarlar. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, Hudaýyň ýadynda galan ölen adamlar direler. Neneňsi ajaýyp umyt! (Ýahýa 5:28, 29).
Biziň üçin täze kitap
19, 20. Ýehowanyň Güwäçileriniň nähili borjy bar, Mukaddes Ýazgylary öwretmäge bize näme kömek eder?
19 Biz köp adamlary ynjalyksyzlandyrýan diňe üç soragyna seretdik. Olaryň her birine Mukaddes Ýazgylaryň düşnükli we göni jogap berýändigine göz ýetirdik. Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilesi gelýän adamlara, bu barada gürrüň bermek nähili şatlykly! Emma akýürekli adamlary ynjalyksyzlandyrýan başgada wajyp soraglar bar. Biz, mesihçiler olaryň şol soraglarynyň jogabyny tapmaga kömek etmeli.
20 Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamyň ýüregine täsir edip, hakykaty düşnükli we aýdyň düşündirmek aňsat däl. Bu babatda bize kömek etmek üçin «sadyk hem akylly hyzmatkär» «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen 224 sahypaly kitaby çap etdi (Matta 24:45—47).
21, 22. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň nähili aýratynlyklary bar?
21 Ýehowanyň Güwäçileriniň 2005—2006-njy ýylda geçiren «Hudaýa gulak asmak» atly welaýat kongresinde bu kitabyň çap edilendigi bildiriş edildi. Kitabyň käbir aýratynlyklary bar. Mysal üçin, onuň ilkinji bäş sahypasy Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga kömek edýär. Şol sahypalardaky suratlar we aýatlar esasynda wagyz etmeklik aňsat bolar. Bu bölümdäki çarçuwa arkaly Mukaddes Ýazgylardaky baplary we aýatlary nädip tapyp bolýandygyny gyzyklanýan adama düşündirip bolýar.
22 Kitap ýönekeý we düşnükli sözler bilen ýazylan. Ol Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy gürrüňe çekmäge we ýüregine täsir etmäge kömek edýär. Her babyň başynda birnäçe soraglar, soňunda bolsa «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen çarçuwa bar. Çarçuwada babyň başynda getirilýän soraglara Mukaddes Ýazgylar arkaly jogap berilýär. Owadan suratlar, ondaky ýazgylar we mysallar öwrenýän adama täze pikiri gowy düşünmäge kömek eder. Kitap ýönekeý dilde ýazylan bolsa-da, onda 14 sany soraga jikme-jik seredilýän goşmaça maglumat bar. Eger Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam bu soraglary çuňňur öwrenmek islese seredip bilersiňiz.
23. Mukaddes Ýazgylar okuwynda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby üstünlikli ulanar ýaly nähili maslahatlar kömek eder?
23 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap bize dürli derejedäki bilimli we islendik dine degişli adamlara öwretmäge kömek edýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam asla Mukaddes Ýazgylary bilmeýän bolsa, bir baby birnäçe böleklere bölüp geçse bolar. Biziň maksadymyz ýöne bir baby geçmek däl-de, Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň ýüregine täsir etmek. Öwrenýän adam kitapda getirilýän mysallara düşünmese, ony düşündir ýa-da başga mysal getir. Öňünden gowy taýýarlan, kitaby has gowy ulanmaga çalyş, «hakykat sözüni dogry ulanar» ýaly, Hudaýdan kömek sora (2 Timoteos 2:15).
Saňa ynanylan zadyň gadyryny bil
24, 25. Ýehowa bize näme ynandy?
24 Ýehowa halkyna nämeler ynanadygy barada oýlanyp göreliň! Ol bize özi barada hakykaty bilmäge mümkinçilik döretdi. Biz munuň gadyryny bilmeli. Sebäbi Hudaý niýetini tekepbir adamlardan gizläp, kiçigöwünli adamlara açdy. Bir gezek Isa şeýle diýdi: «Saňa şükür edýärin, eý ýeriň-gögüň Rebbi Atam! Çünki Sen bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden gizläp, şu kiçijik çagalara aýan etdiň» (Matta 11:25). Beýik Hökümdar Ýehowa gulluk edýän kiçigöwünli adam bolmak uly hormat.
25 Şeýle-de Ýehowa bize adamlara hakykaty öwretmäge hormatly iş berdi. Käbir adamlaryň Hudaý barada ýalan zatlary öwredýändigini unutma. Şol sebäpli köp adamlar Ýehowa barada nädogry düşünjede bolup, Hudaý rehimsiz we adamlaryň aladasyny etmeýär diýýärler. Sen adamlary Hudaý barada dogry pikire gönükdirmäge taýynmy? Ähli akýürekli adamlaryň Hudaý barada bilmegini isleýärmiň? Onda Hudaýa gulak asyp, adamlara hakykaty gürrüň ber we wagza, şägirt taýýarlamak işine ýürekden gatnaş. Hakykaty gözleýän adamlar Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigini bilmeli.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Hudaýyň aladamyzy edýändigini biz nireden bilýäris?
• Näme üçin biz ýer ýüzünde ýaşaýarys?
• Adam ölenden soň oňa näme bolýar?
• «Mukaddes ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň haýsy aýratynlygy size ýarady?