«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulananyňyzda, Beýik Mugallymyň göreldesine eýeriň
1. Isa nädip öwredýärdi?
1 Beýik Mugallym Isa ähli zady sadadan we aýdyň düşündirýärdi. Ol käwagt diňleýjiler oýlanar ýaly, ilki bilen, olaryň pikirini soraýardy (Mat. 17:24—27). Isa diňleýjileriň ünsüni Hudaýyň sözüne gönükdirýärdi (Mat. 26:31; Mar. 7:6). Ol şägirtleriniň bilim almagyny dowam etjekdigini bilýärdi, şol sebäpli agram salmajak bolup, köp zat aýtmaýardy (Ýahýa 16:12). Şeýle-de Isa öwreden zatlaryna şägirtleriniň ynanýandygyny we düşünýändigini bilmek isleýärdi (Mat. 13:51). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap adamlara Isa ýaly öwretmäge kömek edýär.
2. Babyň başyndaky soraglary nädip ulanmaly?
2 Babyň başyndaky soraglar. Baby geçip başlanyňyzda adamyň ünsüni babyň başyndaky soraglara çekseňiz gowy bolar. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamda höwes döretmek üçin şol soraglary sesli okap ýa-da soraglara gysgaça jogap bermegini haýyş et. Emma olara giňişleýin seretmeli däl. Öwrenýän adam nädogry jogap berýän bolsa, düzediş bermegiň deregine, onuň beren jogabyna minnetdarlyk bildirip, baby geçip başlaň. Öwrenýän adamyň esasy soraglara beren jogaby, bapda haýsy pikirlere köp üns bermelidigini anyklamaga kömek edýär.
3. Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip geçirmeli?
3 Mukaddes Ýazgylar. Okuw Mukaddes Ýazgylara esaslanmaly (Ýew. 4:12). Emma getirilen ähli aýatlary okamak hökman däl. Mukaddes Ýazgylara esaslanan imanymyzy subut edýän aýatlar belläp geçiň. Goşmaça maglumat üçin berilýän aýatlar okalmasa-da bolýar. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap hakykaty sada dilde beýan edýär. Siziň geçirýän okuwyňyz hem sada bolsun. Esasy pikirlere üns beriň, jikme-jik gürrüň bermekden, goşmaça maglumat tapyp düşündirmekden gaça duruň.
4. Mukaddes Ýazgylar okuwynda Goşmaça maglumaty geçmelimi ýa-da geçmeli däldigini nädip çözmeli?
4 Goşmaça maglumat. Goşmaça maglumatda on dört sany tema bar, olar baplara giňişleýin düşünmägä kömek edýär. Mukaddes Ýazgylar okuwynda olary geçmelimi ýa-da geçmeli dälmi özüňiz çözmeli. Öwrenýän adam esasy baby gowy düşünýän we kabul edýän bolsa, goşmaça maglumaty özbaşdak okap biler. Mysal üçin, öwrenýän adam Isanyň Beýik Hudaý we Atasy bilen deň däldigine ynanýan bolsa, onda «Isa Mesih kim?» diýen 4-nji baby geçeniňizde, Goşmaça maglumatdan «Ata, Ogul we mukaddes ruh barada hakykat» diýen temany geçmek hökman däl. Käte Mukaddes Ýazgylar okuwynda Goşmaça maglumatdan temany geçseňiz peýdaly bolar.
5. Goşmaça maglumatdan temany geçmeli bolsaňyz, ony nädip geçirmeli?
5 Eger Goşmaça maglumaty geçmeli bolsaňyz, soraglary öňünden taýrlaň we ondaky abzaslary baby geçişiňiz ýaly geçiriň. Şeýle-de öwrenýän adamyň ukybyny göz öňünde tutup, okuwy geçeniňizde onuň bilen Goşmaça maglumata gysgaça serediň. Şeýdip, onuň özbaşdak öwrenen temasyna düşünendegini anyklarsyňyz.
6. Her okuwyň soňunda çarçuwany nädip geçmeli?
6 Gaýtalamak üçin çarçuwa. Babyň soňundaky çarçuwada babyň başynda berlen soraglaryň jogaby bar. Siz çarçuwa arkaly bapdaky esasy pikirleri gaýtalap bilersiňiz. Käbir wagyzçylar öwrenýän adam bilen çarçuwadaky pikirleri we getirlen aýatlary gezekme-gezek okaýarlar. Soňra olar berlen pikirleri aýatlaryň nädip subut edýändigini öwrenýän adamdan soraýarlar. Bu olara öwrenýän adamyň bapdaky esasy pikirleri we olaryň Mukaddes Ýazgylara esaslanandygyna düşünip, olar bilen razylaşýandygyny anyklamaga kömek edýär. Öwrenýän adam bolsa hakykaty Mukaddes Ýazgylaryň esasynda düşündirmegi özleşdirýär.
7. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap Isanyň tabşyrygyny ýerine ýetirmäge nädip kömek edýär?
7 Biz adamlara öwretmek we şägirt taýýarlamak diýen tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirmek üçin Isanyň ulanan tärine eýermeli (Mat. 28:19, 20). Bu babatda bize «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitap kömek eder. Adamlara hakykaty sadadan düşnükli we gyzykly edip öwreder ýaly, bu kitaby ussatlyk bilen ulanyň.