«Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» — okuw geçmek üçin esasy gollanma
1 Köp ýurtlarda geçirilen «Hudaýa gulak asmak» atly welaýat kongresinde «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň çykandygy barada aýdyldy. Hepdäniň Ruhgüni kongres gutarandan soň, gelenleriň her birine täze kitapdan berildi. Täze gollanmany nädip ulanyp bileris? Bu bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin esasy gollanma bolar. Bu kitaby Nowruz (mart) aýynda hödürlemeli bolsak-da, wagyzçylar kitaby alan badyna okuwy geçirip bilerler.
2 Häzir geçirilýän Mukaddes Ýazgylar okuwy. Wagyzçylar «Bilim» kitabyndan ýa-da «Talap» broşýuradan Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän bolsalar, täze kitap boýunça haçan we nädip geçmelidigini paýhasly çözmeli. Eger-de okuwy ýaňy geçip başlan bolsaň, onda täze kitap boýunça geçip bilersiň. Okuwy «Bilim» kitabyndan geçirýäniňe köp wagt bolan bolsa, onda ony «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň gabat gelýän babyndan dowam edip bilersiň. Eger-de «Bilim» kitabynyň soňky baplarynda bolsaň, onda ony geçip gutarmaly.
3 Elbetde, biz «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň köp adamlara peýda getirjekdigini bilýäris. Şonuň üçin olara ruhy taýdan öser ýaly, şu kitapdan Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçsek bolmazmy? Mysal üçin, «Talap» broşýuradan ýa-da «Bilim» kitabyndan okuw geçip, ýöne özüni Hudaýa bagyş etmedik we suwda çokundyrylmadyk bolsa, belki, täze kitap boýunça okuw geçesi geler. Ata-eneler çagalaryna Hudaý barada dogry bilim bermek üçin hem şu edebiýaty ulanyp bilerler (Kol. 1:9, 10).
4 Ikinji kitap boýunça okuw geçmek. «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitap boýunça okuw geçip bolanyňdan soň, 2-nji kitap boýunça okuwy dowam etmelimi? Hawa. Eger-de okuw geçýän adam ruhy taýdan haýal ösüp, ýöne öwrenen zatlaryna minnetdar bolsa, onda «Ýalňyz hak Hudaýa sežde etmek» diýen kitapdan okuwy dowam edip bilersiň. Biz şägirt taýýarlamaly diýen tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň güýçli gollanmadygyna ynanýarys (Mat. 28:19, 20).