«Hudaýyň söýgüsi» diýen kitap boýunça okuw geçmek
1. «Hudaýyň söýgüsi» atly kitabyň maksady näme?
1 «Hudaýyň ruhy bize ýolbaşçylyk edýär» atly welaýat kongresinde «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýen täze kitaby alandygymyza begendik. Kongresde aýdylyşy ýaly, bu täze edebiýat bize Ýehowanyň kada-kanunlaryny gowy bilmäge we söýmäge kömek eder. Bu kitap Mukaddes Ýazgylaryň esasy taglymatlaryny öwretmeýär. Şeýle-de biz ony öýden-öýe wagyz edende hödürlemeris.
2. Bu kitaby nädip we kimler bilen geçip bileris?
2 Bu kitaby «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny geçip bolansoň, ikinji kitap hökmünde ulanmaly. Hemmeleriň ruhy taýdan deň derejede ösmeýändigini unutmaň. Şol sebäpli gyzyklanýan adamyň bir gezekde özleşdirip biljek materialyny geçmeli. Onuň geçilen sapaga gowy düşünendigine göz ýetir. Düzgün boýunça, bu kitaby öň birnäçe kitap arkaly okuw geçip, ýöne ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaýan we Mukaddes Ýazgylardan öwrenenlerini durmuşynda ulanmaýan adamlar bilen geçmeli däl.
3. «Hudaýa sežde ediň» kitaby arkaly okuw geçýän bolsak näme etmeli?
3 «Hudaýa sežde ediň» kitap arkaly okuw geçip, iň soňky baplary galan bolsa, onda okuwy dowam edip, «Hudaýyň söýgüsi» atly kitabyny özbaşdak okamagy teklip edip bilersiň. Ýa-da täze kitap boýunça okuw başlap bilersiň. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndaky ýaly goşmaça maglumaty geçmelimi ýa-da geçmeli däldigini özüň çözüp bilersiň.
4. Eger okuw geçýän adam «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» we «Hudaýyň söýgüsi» kitaplary gutarmanka suwda çokundyrylsa näme etmeli?
4 Eger okuw geçýän adam iki kitaby gutarmanka suwda çokundyrylsa, «Hudaýyň söýgüsi» kitaby arkaly okuwy geçip gutarmaly. Ol suwda çokundyrylan bolsa-da, oňa sarp edýän wagtyňy, ikilenç ideg we okuw barada hasabat berip bilersiň. Saňa okuw geçmäge kömek edýän wagyzçy-da sarp eden sagadyny hasabat tabşyryp biler.
5. «Hudaýyň söýgüsi» atly kitap yhlassyz wagyzçylara nädip kömek eder?
5 Ýygnagyň gulluk komiteti saňa yhlassyz wagyzçy bilen «Hudaýyň söýgüsi» kitabyndan belli bir baplary geçmegi haýyş edip biler. Köplenç şeýle okuw uzak wagt geçirilmeýär. Goý, bu täze kitap bize «Hudaýyň söýgüsinde» galmaga kömek etsin! (Ýahuda 21).