Şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edýäris. 1-nji bölüm
Haçan Mukaddes Ýazgylar okuwy hasap edilýär?
1 Bütin dünýäde Hudaýyň halky her aý takmynan alty million Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýär. Oňat mugallymçylyk usullaryny ulanyp, biz şägirtlere ruhy taýdan ösmäge, özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga hem-de «beýlekilere-de öwredip bilmäge» kömek ederis (2 Tim. 2:2). Seniň bilen okuw geçýän şägirde ruhy taýdan ösmäge kömek edesiň gelýärmi? «Patyşalyk gullugymyzyň» şu sanyndan başlap, ýörite makalalarda Mukaddes Ýazgylar okuwyny üstünlikli geçirmek üçin nämeler edip biljekdigiň düşündiriler.
2 Haçan Mukaddes Ýazgylar okuwy hakda hasabat tabşyrmaly? Eger-de sen Mukaddes Ýazgylaryň diňe özüni ýa-da masalahat berilýän edebiýaty ulanyp, Mukaddes Ýazgylar barada, az wagtlyk bolsa-da, yzygiderli gürrüňdeşlik etseň, onda sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärsiň. Hatda gürrüňdeşlik bosagada ýa-da telefon arkaly geçirilse-de, okuw hasap edip bilersiň. Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezeňden soňra, okuwy iki gezek geçirseň, şol okuw mundan beýläk hem dowam eder öýtseň, onda Mukaddes Ýazgylar okuwy hakda hasabat tabşyryp bilersiň.
3 Köplenç Mukaddes Ýazgylar okuwyny «Hudaý bizden näme talap edýär?» diýen broşýuranyň hem-de «Bilim» diýen kitabyň kömegi bilen geçirýärler. Şolary gutaraňda, şägirt ruhy taýdan haýal ösýän bolsa-da, ýöne öwrenýän zatlaryna minnetdarlygy artýan bolsa, onda okuwy «Hudaýa sežde ediň» diýen kitapdan dowam etdirip bolar. Sowady çäkli ýa az-owlak okap bilýän adamlar bilen bolsa, «Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!» diýen broşýurany öwrenip bolar.
4 Mukaddes Ýazgylar okuwynyň kömegi bilen millionlarça adamlar Isa Mesihiň hakyky şägirtleri bolýarlar (Mat. 28:19, 20). Geljekki makalalarda beriljek maslahatlary ulanyp, sen şägirtlere ruhy taýdan ösmäge kömek edip bilersiň.