Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlamaly
1 Kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek mesihçiler üçin iň ajaýyp we göwnüňi göterýän ýumuşlaryň biridir. Emma käbiri Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi başarmaryn öýdüp, gullugyň bu ajaýyp görnüşini ulanmaýarlar. Ukyply wagyzçylaryň we pionerleriň köpüsi öň şeýle pikir edýärdiler. Ýehowa bil baglap, «Hudaýa gullugymyzdaky» maslahatlary ulanyp, olar Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamagy we geçirmegi öwrendiler. Häzir olar gullukdan uly şatlyk alýarlar. Sen hem öňüňde şeýle maksat goýup bilersiň.
2 Göni okuw başlamak we kitapçalar. Göni okuwy başlamak ýeňil düşýär. Käbir adamlara Mukaddes Ýazgylar okuwyny ýürekden hödürlemek ýeterlikli. Muny ýönekeýje sowal arkaly edip bolýar: «Siz Mukaddes Ýazgylary öýüňizde öwrenip, ol barada we Hudaýyň ýer ýüzi baradaky niýetini köpräk bilmek isleýärmisiňiz?» Ýa-da öý eýesine Mukaddes Ýazgylar okuwyň geçirilişini höwes bilen görkezip biljekdigiňi aýdyp bilersiň. Elbetde, köpleri razylaşmaz, ýöne sen okuw geçjek adamy tapanyňda aljak şatlygyň barada oýlanyp gör!
3 Mukaddes Ýazgylar okuwyny kitapçalar arkaly hem başlap bolýar. Kiçidigine garamazdan, olar täsirli we ynamly habary yglan edýär. Kitapça bilen nädip okuw başlap bolar? Munuň üçin öý eýesini gyzyklandyran kitapçany bermeli. Soňra ýagdaýy öz eliňe alyp, söhbetdeşiňe birinji abzasy okamagy haýyş et. Ýazgylardan getirilen aýatlary açyp, materiala degişli tarapyny ara alyp maslahatlaş. Birinji gezek ideg edeniňde, bir ýa-da iki aýata seredip bilersiň. Öý eýesi Mukaddes Ýazgylardan gyzykly zatlary bilýändigine düşünip başlanda, gürrüňdeşlige köp wagt sarp etse bolar.
4 Diňe Mukaddes Ýazgylary nädip ulanmaly. Käte adamlar Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeş bolmaga razylaşsalar-da, ony öwrenmäge ýa-da edebiýat almaga höwes bilen razylaşmaýarlar. Sen şonda-da «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyň ýa-da «Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňdeşlik üçin temalar» broşýuranyň käbir bölümleri arkaly Ýazgylar esasynda gyzykly gürrüňleri taýýarlap, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, ony geçirip bilersiň. Ýöne soňra gyzyklanýany ideg edeniňde, diňe Mukaddes Ýazgylary ulanjak bol. Şeýle söhbetdeşlik 15—20 minut ýa-da ýagdaýa görä, ondan hem köp wagt dowam edip biler. Eger okuw wagtly-wagtynda we Ýazgylardaky hakykat yzygiderli geçilse, onda sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýändigiň barada hasabat tabşyryp bilersiň. Amatly bolanda, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby boýunça okuwy dowam et.
5 Şeýle mümkinçiligi wagyz gullugyndan başga wagty hem gözläp, goňşularyň, tanyşlaryň ýa-da öýdäkiler bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak üçin tagalla etdiňmi? Şondan bäri näçe wagt geçdi? Soňky wagtlarda edip gördüňmi? Eger ulanan usulyň başa barmadyk bolsa, başga usullar barada oýlanyp gördüňmi?
6 Eger sen maslahatlary ulanyp, erjellik bilen wagyz edip, Ýehowanyň pata berjekdigine bil baglaýan bolsaň, onda okuwy üstünlikli başlap bilersiň. Hakykatyň güýjüni we Ýehowanyň berýän kömegini elmydama göz öňünde tut. Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap, gullukdan alýan şatlygyňy artdyr.