Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda ýa-da telefon boýunça geçirmek
1. Biz näme maksat bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýäris?
1 Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilsek, begenjimiziň çägi bolmaýar! Ýöne Mukaddes Ýazgylary öwrenesi gelýän adamy tapmak - işiň diňe ýarysy. Sebäbi biz diňe bir okuw geçirmän, eýsem, oňa Isanyň hakyky şägirdi bolmaga kömek etmek isleýäris (Mat. 28:19, 20). Bize şol maksada ýetmäge näme kömek eder?
2. Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda ýa-da telefon boýunça nädip geçirmeli we bu näme üçin oňat netije berýär?
2 Adamlaryň eli degenok. Şu günler adamlar has-da başagaý. Käbir ýerlerde adamlar ilkibaşda Mukaddes Ýazgylar okuwyny bir sagatlap geçmek islemeýärler. Şeýle adamlara kömek etmek üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda ýa-da telefon boýunça geçirmegi maslahat berýäris. Başda şeýle okuwy gysga geçirmeli, meselem, «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitabyň birki abzasyny we ondaky käbir aýatlary okap, gürrüň etseň bolar. Köp wagyzçylaryň Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda ýa-da telefon boýunça geçirmegi öwgä mynasyp!
3. Gapynyň agzynda okuwy näme üçin köpräk wagt geçirjek bolmaly?
3 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny hemişe gapynyň agzynda geçirmelimi? Ýok. Gapynyň agzynda geçirilýän okuw başda uzaga çekmese, paýhasly bolardy. 1990-njy ýylyň Magtymguly aýynda çykan «Hudaýa gullugymyzyň» (iňl.) 8-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Okuw geçýän adam gowy gyzyklanýan bolsa, onda sapaga köp wagt sarp edip bilersiň». Bu örän wajyp. Mysal üçin, çaga köp wagtlap hiç zat iýmedik bolsa, işdäsi açylýança, başda iýmäge azajyk zat berýäris, ýöne uzak wagtlap azajyk zat bersek, çaga güýç alyp ulalmaz. Şonuň ýaly öwrenýän adam hem Hudaýyň ruhy taýdan ýetişen gullukçysy bolmak üçin çynlakaý hem yzygiderli okuw geçmeli (Ýewr. 5:13, 14).
4. Mukaddes Ýazgylary öýde geçirmegiň näme peýdasy bar?
4 Mukaddes Ýazgylar okuwyny öýde geçirmek. Mukaddes Ýazgylar okuwyny öýde ýa-da başga amatly ýerde geçirse bolar. Öýde okuw geçmek öwrenýän adama has ýeňil bolýar hem-de oňa Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýär (Mat. 13:23). Onsoňam, mugallym geçilýän materialy öwrenýän adamyň ýagdaýyna görä ulanyp bilýär. Şeýle hem okuwy geçirmek üçin köpräk wagt sarp edilse, onda Mukaddes Ýazgylar barada oňat pikir alyşsa bolýar. Bu bolsa onuň imanyny berkider (Rim. 10:17).
5. Gapynyň agzynda geçirilýän Mukaddes Ýazgylar okuwyny öýde geçer ýaly näme etmeli?
5 Gapynyň agzynda geçirilýän Mukaddes Ýazgylar okuwy öýde geçiler ýaly näme etmeli? Birnäçe sapar gysga okuw geçirip, soňra okuw geçmek üçin köpräk wagt sarp etmegi hödür edip gördüňmi? Ýogsam-da, öwrenýän adama göni teklip etmän, şeýle sorasa bolar: «Siziň şu gün bile oturyp, şu hakda gürrüň etmäge wagtyňyz barmy?» ýa-da «Siziň şu tema barada gürrüň etmäge näçeräk wagtyňyz bar?» Eger-de bu başa barmasa, onda gapynyň agzynda gysgaça geçirmegi dowam ediber. Ýöne amatly wagt dörese, ýene-de öýde geçmegi hödür edip bilersiň.
6. Biz näme maksat bilen gulluk etmeli hem-de şu makalada berilýän maslahatlar şol maksada ýetmäge nädip kömek edýär?
6 Biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny näme üçin başlaýandygymyzy we geçirýändigimizi ýatda saklap, mynasyp adamlary gözlemegi dowam etmeli. Şeýle-de akýürekli adamlara özüni Hudaýa bagyş edip, suwda çokundyrylmaga kömek etmek isleýäris. Şu maksat bilen edýän gullugymyza, goý, Hudaý pata bersin (2 Tim. 4:5).