«Hudaýyň hoş habary» atly broşýura arkaly gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Şägirt taýýarlamak üçin, biz adamlara Hudaýyň Sözüni öwretmeli (Mat. 28:19, 20). Biz guramanyň berýän gurallaryny ulanyp, ökdelik bilen öwredip bileris. «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura adamlara hakykaty öwretmek üçin niýetlendi. Öýden-öýe wagyz edenimizde, adamlar bilen gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bileris.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek islegi barada doga ediň. Mukaddes Ýazgylar okuwyny tapmak we hakykaty ökdelik bilen öwretmek üçin ýalbaryp, Ýehowadan kömek soraň (Flp. 2:13).
Maşgala we şahsy okuwynda teklipleri öwrenmek üçin wagt sarp ediň. Şonda siz ynamly wagyz edip, gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlap bilersiňiz.