Hudaýyň şöhratly işlerini yglan ediň
1. Ýehowanyň ajaýyp işlerini şöhratlandyrmaga näme höweslendirmeli?
1 «Eý Ýehowa, ululyk, gudrat, şöhrat, artyklyk we hormat seniňki, ýerdäki we gökdäki ähli zatlar seniňki» (1 Tar. 29:11). Bizi Hudaýa bolan söýgimiz we minnetdarlygymyz nämä höweslendirmeli? Bu «tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge» höweslendirmeli (1 Pet. 2:9). Beýik Hudaý barada adamlara aýtman bolarmy! Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda Ýehowanyň şöhratly işlerini yglan etmäge ajaýyp mümkinçilik bar.
2. Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin nähili ýörite kampaniýa geçiriler we oňa kimler gatnaşyp biler?
2 Ýatlama agşamyna çagyrmak üçin ýörite kampaniýa. Başgüni, Gurbansoltan aýynyň ikisinde Ýehowanyň şöhratly işlerine üns bereris. Şol güni biz Rebbiň Ýatlama agşamyna ýygnanarys. Nowruz aýynyň on ýedisinden Gurbansoltan aýynyň ikisine çenli bütin dünýäde bu wajyp baýramçylyga çakylyk haty ýaýradylar. Geliň, şu aýratyn aýlar gulluga doly gatnaşmak üçin jan edeliň. Wagyzçy bolmak isleýän adamlar talaba laýyk gelýän bolsa, olara hoş habary wagyz edip başlamaga ajaýyp mümkinçilik döreýär. Siziň çagaňyz ýa-da siziň bilen Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam wagyzçy bolmagyň talaplaryna laýyk gelse, onda ýaşulular bilen gürrüňdeşlik giçermegiň aladasyny ediň.
3. Ýatlama agşamyna adamlary nähili çagyrmaly?
3 Ýerli ýaşulularyň görkezmesine eýerip, gyzyklanýan adamlary gysgaça hödür arkaly Ýatlama agşamyna çagyryp bolýar. Mysal üçin, siz şeýle diýip bilersiňiz: «Biz sizi her ýyl geçirilýän wajyp baýramçylyga tüýs ýürekden çagyrýarys». Eger adamda sorag dörese, ony düşündiriň. Bu babatda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitabyň goşmaça maglumatynyň 206-njy sahypasyndaky «Rebbiň Agşam nahary» atly tema kömek eder. Gyzyklanan adam barada bellik edip, hökman ikilenç ideg et.
4. Ýatlama agşamyna çakylygy nädip ýaýratmaly?
4 Çakylygy her adamyň özüne gowşuryň. Öýünde bolmadyk adamlary belläp alyp, başga wagty ýene-de baryň. Şeýle-de ýerli ýagdaýa görä, ikilenç ideg edýän adamlaryňyzy, garyndaşlaryňyzy, işgärleriňizi, goňşularyňyzy we başga-da tanyşlaryňyzy Ýatlama agşamyna çagyryp bilersiňiz.
5. Näme üçin kömekçi pioner bolup gulluk etmegi öňünden planlaşdyrmaly?
5 Kömekçi pioner. Siz Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlary kömekçi pioner bolup, Ýehowanyň şöhratly işlerini yglan etmäge köp wagt sarp edip bilermisiňiz? Munuň üçin adaty gün tertibini üýtgetmeli bolar (Efes. 5:15—17). Siz Ýehowa köp wagt gulluk etmek üçin güýjüňizi sarp etseňiz, şatlyk tapyp, Ýehowanyň berekedini alarsyňyz (Sül. tym. 10:22). Häzir Ýatlama agşamy bilen baglanşykly gün tertibini düzmegiň edil wagty (Sül. tym. 21:5).
6. Geçen ýyl kömekçi pioner bolup gulluk eden togsan ýaşly uýanyň mysalyndan biz näme öwrenip bileris?
6 Togsan ýaşly bir uýa geçen ýyl kömekçi pioner bolup gulluk etdi. Ol şeýle diýýär: «Men bagda işlemegi örän gowy görýärin we ekin ekip başlamakçydym, emma käbir zatlary özgertmelidigime düşündim. Men Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýup, Nowruz aýynda kömekçi pioner bolup gulluk etmek kararyna geldim». Uýa eden tagallalary üçin bereket aldymy? Hawa. Ol şeýle diýýär: «Men özümi ýygnagyň agzasy hökmünde duýup, Ýehowa ýakynlaşdym». siz ähmiýetli zatlary birinji orunda goýup, şuňa meňzeş özgerişleri etdiňizmi?
7. Kömekçi pioner bolup gulluk etmek kynmy?
7 Size kömekçi pioner bolup elli sagat wagyz etmeklik kyn ýaly görünse-de, ýöne bu kyn däl. Günde edýän işleriňiz barada oýlanyp doga ediň we gullugyň gün tertibini düzüp, teokratik ýyl senesine bellik ediň. Siz öz ýagdaýyňyzy özgelerden gowy bilýärsiňiz. Eger saglygyňyz gowşak we güýjüňiz ýetmeýän bolsa, onda günde iki sagat wagyz edip bilersiňiz. Eger siz bütin güni işleýän bolsaňyz ýa-da mekdepde okaýan bolsaňyz, onda agşamlaryna we dynç günleri wagyz edip, kömekçi pioner bolup gulluk edip bilersiňiz.
8. Bir är-aýal nädip kömekçi pioner bolup gulluk etdi?
8 Dogan-uýalaryň köpüsi maşgalasy bilen kömekçi pioner bolup gulluk etdiler. Bir är-aýal şonça sagat wagyz etmäge biziň ýagdaýymyz ýok diýip, kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ýaýdanýar. Olar näme etmegi ýüregine düwdi? Är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz köpden bäri arzuw edýän maksadymyza ýetmek barada Ýehowa doga edip, ondan kömek soradyk». Olar gün tertibini dogry düzüp, goýan maksadyna ýetdiler. Är-aýal gürrüňini şeýle dowam edýär: «Diýseň ajaýyp! Ýehowa bize bol bereketler eçildi. Biz hemmelere synanyşyp görmegi maslahat berýäris. Eger muny biz başaryp bilen bolsak, onda siz hem başaryp bilersiňiz».
9. Ýakyn wagtlarda köp wagyz etmek üçin indiki maşgala okuwynda näme edip bilersiňiz?
9 Her biriňiz ýakyn wagtlarda nädip köp wagyz edip boljakdygy hakynda, indiki maşgala okuwyňyzda ara alyp maslahatlaşsaňyz gowy bolardy. Eger bütin maşgalaňyz bilen kömekçi pioner bolup gulluk edip bilmeseňiz, belki, maşgalaňyzdan bir adam siziň kömegiňiz we goldawyňyz bilen gullug edip biler. Eger ýagdaýyňyz bolmasa, şonda-da şol aýlar adatdan köp wagyz etmegi maksat ediniň.
10. Ýatlama agşamy bilen bagly aýlarda kömekçi pioner bolup gulluk etmek islegiňiz barada wagyzçylara näme üçin gürrüň bermeli?
10 Biri-biriňize kömek ediň. Güýçli höwes özgelerede täsir edýär. Dogan-uýalara kömekçi pioner boljakdygyň barada gürrüň ber. Şeýdip, olary kömekçi pioner bolmaga höweslendirersiňiz. Şeýle-de maksadyňa ýetmek üçin pioner bolup gulluk eden dogan-uýalar işleriňi ýola goýmak we gün tertibiňi düzmek babatda maslahat berip biler (Sül. tym. 15:22). Eger siz kömekçi pioner bolup gulluk edip bilseňiz, onda ýagdaýy siziň ýagdaýyňyza meňzeş wagyzçylary hem kömekçi pioner bolmaga höweslendirmegi nähili görýäňiz?
11. Ýakyn aýlarda wagyzçylar kömekçi pioner bolup gulluk eder ýaly ýaşulular nädip höweslendirmeli?
11 Ýaşulularyň köpüsi gullugyň şu görnüşine gatnaşmak üçin gerekli özgerişler edýär (Ýew. 13:7). Şeýle ýagdaý tutuş ýygnagy ruhlandyrýar! Ýaşulular wagyzçylar bilen gürrüňdeşlik geçirip, olary ruhlandyrýarlar. Käbir wagyzçylara kömekçi pioner bolmak üçin birnäçe ýagşy söz we peýdaly maslahatlar ýeterliklidir. Wagyz gözegçisi wagyzçylaryň hemmesi işinden ýa-da mekdepden soň topar bilen wagza gatnaşyp biler ýaly, goşmaça wagyz duşuşyklaryny geçirip biler. Şeýle-de ol bildiriş edende wagyz duşuşyklary barada yzygiderli aýdyp durmagyň we wagyz üçin ýeterlikli meýdançanyň we edebiýatyň bolmagynyň aladasyny eder.
12. Kömekçi pioner bolup gulluk etmäge ýagdaýyňyz bolmasa näme etmeli?
12 Eger-de kömekçi pioner bolmaga ýagdaýyňyz bolmasa, onda gulluk edýänleri ruhlandyryň we olar üçin doga ediň (Sül. tym. 25:11; Kol. 4:12). Olar bilen hepdäniň dowamynda wagyza çykyň, mümkin boldugyndan hemişekiden köp wagyz etmäge çalşyň.
13. Russiýada nähili maksat goýuldy we oňa ýetmäge ýygnagyňyz nähili goşant goşup biler?
13 Gurbansoltan aýyndaky maksadymyz 20 000 sany kömekçi pioner bolmak. Russiýada 2002-nji ýylyň Gurbansoltan aýynda kömekçi pionerleriniň ýokary sany 17 621-e ýetdi. Şu ýyl biziň maksadymyz Gurbansoltan aýynda kömekçi pionerleriň sanyny 20 000 ýetirmek. Bu maksada ýetmek üçin her bir ýygnakda alty wagyzçydan biri kömekçi pioner bolup gulluk etmeli. Hawa, käbir ýygnaklarda köp wagyzçylaryň kömekçi pioner bolmaga ýagdaýlary bar. Bu maksada ýygnaklaryň köpüsinde arkaýyn ýetip bolýar. Şeýle-de bu ýygnagyň şatlygyny artdyrar we ýaşaýan ýeriňizde Hudaýyň Patyşalygynyň wagyz edilmegine ýardam eder!
14. Näme üçin Gurbansoltan aýy kömekçi pioner bolup gulluk etmäge amatly aý?
14 Näme üçin Gurbansoltan aýy kömekçi pioner bolup gulluk etmäge amatly aý? Ýatlama agşamy aýyň başynda geçiriler, şonuň üçin baýramçylyga gelenleri ikilenç ideg etse bolar. Şol sebäpli Gurbansoltan aýynda kömekçi pioner bolup, Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga gowy mümkinçilik bolýar. Şeýle-de gün uzalyp, howa maýyl bolýar. Gurbansoltan aýynda bäş sany dynç güni bar, şol sebäpli bütin gün işleýänlere we mekdepde okaýanlara sagat sanyny doldurmak aňsat bolýar.
15. Ýatlama agşamynyň ýetip gelýändigi sebäpli, näme üçin haýal-ýagallyk etmeli däl?
15 Ýatlama agşamyny her ýyl geçirip, bu dünýäniň soňuna ýakynlaşýarys. Beýik Hudaý barada gürrüň bermegiň wagty tamamlanyp gelýär (1 Kor. 7:29). Ýatlama agşamy bilen bagly aýlarda gökdäki ebedi Atamyzy şöhratlandyrmaga ajaýyp mümkinçilik döreýär. Bu mümkinçiligi elden gidirmäliň! Nowruz, Gurbansoltan we Magtymguly aýlarynda Ýehowanyň şöhratly işlerini yglan etmek üçin häzirden taýýarlyk göreliň!
[4-nji sahypadaky çarçuwa]
Russiýada Gurbansoltan aýynda 20 000 sany kömekçi pioner bolarmy?
◼ Wajyp işler barada oýlan
◼ Maşgala agzalaryň bilen maksatlary ara alyp maslahatlaş
◼ Maskadyň barada dogan-uýalara gürrüň ber