Gulluk duşuşygynyň tertibi
Baýdak aýynyň 12-sinde başlanýan hepde
20-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Şol sahnalaryň birinde: «Bu meni gyzyklandyrmaýar» diýip, wagyzda sözümizi bölenlerinde nähili jogap bermelidigini görkeziň. («Mukaddes Ýazgylar barada gürrüňi nädip açmaly we dowam etmeli» diýen kitapçanyň (rusça) 9-njy sah. seret).
35 min. «Hudaýyň şöhratly işlerini yglan ediň»a. Wagyz gözegçisi çykyş edýär. Gürrüňiň dowamynda amatly wagty Ýatlama agşamynyň nirede we näçede geçiriljegini nädip bilip bolýandygyny wagyzçylara aýt. Şeýle-de goşmaça wagyz duşuşyklar barada aýt. Gurbansoltan aýynda kömekçi pionerleriň sany babatda ýygnagyňyz nähili maksat goýandygy barada habar ber.
6-njy aýdym we jemleýji doga.
Baýdak aýynyň 19-ynda başlanýan hepde
7-nji aýdym
5 min. Ýerli bildirişler.
20 min. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulananyňyzda, Beýik Mugallymyň göreldesine eýeriň»b. 6-njy abzasy ara alyp maslahatlaşandan soň, wagyzçy gyzyklanýan adam bilen 6-njy babyň soňundaky çarçuwa arkaly baby nädip gaýtalaýandygyny sahnalaşdyr.
20 min. Siz Nowruz aýynda Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlap bilersiňizmi? Diňleýjiler bilen söhbetdeşlik. Biz Nowruz aýyň başlarynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» diýen kitaby ulanarys. 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýyndaky «Hudaýa gullugymyzyň» goşmaça 3—5-nji sahypasyndaky maslahatlara seret. 5-nji sahypadaky hödürleriň birini ýa-da ýaşaýan ýeriňize degişli netijeli hödüri ulanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyna nädip başlap bolýandygyny sahnalaşdyr. Diňleýjilerden bu kitaby ulanyp, Mukaddes Ýazgylar okuwyny nädip başlandygy baradaky wakalary gürrüň bermegi haýyş et.
17-nji aýdym we jemleýji doga.
Baýdak aýynyň 26-synda başlanýan hepde
4-nji aýdym
10 min. Ýerli bildirişler. 8-nji sahypadaky hödürleri ýa-da ýaşaýan ýeriňize görä iki sany hödüri sahnalaşdyryň. Sahnalaryň birinde adamlaryň işleýän ýerlerinde wagyz edilşini görkeziň.
15 min. «Yhlasy gowşan wagyzçylary unutmaň»c. 2004-nji ýylyň Magtymguly (maý) aýynyň 1-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň (rusça) 21, 22-nji sah. 13—16-njy abz. pikirleri aýt.
20 min. «Wagyzda Isanyň göreldesine eýeriň»d. Wagt bolsa, berlen aýatlary diňleýjilerden okap düşündirmegi haýyş et.
15-nji aýdym we jemleýji doga.
Nowruz aýynyň 5-inde başlanýan hepde
32-nji aýdym
15 min. Ýerli bildirişler. «Hudaýa gullugymyzdan» bildirişler. Ýaşaýan ýeriňizde mümkin bolsa gyzyklanýan adamlary Ýatlama agşamyna nädip çagyryp bolýandygy barada söhbetdeşlik geçir. Bu barada gysgaça sahnalaşdyr.
15 min. Hoş habary guramaçylykly wagyz edýäris. «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» diýen kitabyň 102-nji sah. sözbaşydan babyň soňuna çenli esaslanan çykyş we diňleýjiler bilen söhbetdeşlik (9—12-nji sah. seret).
15 min. «Bize ynanylan hazyna»e. Wagt bolsa, berlen aýatlary diňleýjilerden düşündirmegi haýyş et.
26-njy aýdym we jemleýji doga.
[Çykgytlar]
a Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
b Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
c Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
d Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.
e Giriş sözlerini bir minudyň çäginden çykman aýdyp, sorag-jogap görnüşinde geçir.