Ýatlama agşam döwri şatlanyň
1. Ýatlama agşam döwri nädip şatlygyňyza şatlyk goşup bilersiňiz?
1 Siz mart, aprel we maý aýlarynda şatlygyňyza şatlyk goşasyňyz gelýärmi? Munuň üçin köpräk wagyz etmeli ýa-da mümkin bolsa kömekçi pioner bolup gulluk etmeli. Bu nädip şatlygyňyza şatlyk goşup biler?
2. Näme üçin köp wagyz etdigimizçe şatlygymyza şatlyk goşulýar?
2 Şatlygyňyza şatlyk goşuň. Ýehowa bizi oňa sežde etmekden we dogabitdi ruhy zerurlyklarymyzy kanagatlandyrmakdan şatlanar ýaly edip ýaratdy (Mat. 5:3). Şeýle-de ol bizi adamlara bir zat berip, özümizi bagtly duýar ýaly edip ýaratdy (Res. iş. 20:35). Biz wagyz etmek bilen hem Hudaýa sežde edýäris, hem adamlara kömek edýäris. Diýmek, biz köpräk wagyz etmek bilen, şatlygymyza şatlyk goşýarys. Galyberse-de, biz näçe köp wagyz etdigimizçe, şonça-da tejribeli bolýarys. Ökde wagyz etmek bilen bolsa, özümizi ynamly duýýarys we tolgunmaýarys. Şeýle-de wagyz etmäge we Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamaga köp mümkinçiligimiz bolýar. Bularyň ählisi bolsa wagyzdan şatlyk tapmaga ýardam edýär.
3. Näme üçin, esasanam, mart we aprel aýlary kömekçi pioner bolup gulluk etmek gowy bolar?
3 Esasanam, mart we aprel aýlary kömekçi pioner bolup gulluk etmek gowy bolar. Sebäbi isleseňiz 30 sagat, isleseňiz 50 sagat tabşyryp bilersiňiz. Şeýle-de bu aýlarda ýygnakdaky dogan-uýalar «eginme-egin» başardygyndan köpräk hyzmatdaşlyk edip, şatlanarlar (Sef. 3:9).
4. Eger biz kömekçi pioner bolup gulluk etmekçi bolsak nämeler etmeli?
4 Häzirden taýýarlyk görüň. Bir ýa-da birnäçe aý köpräk gulluk etmek üçin entek siz taýyn bolmasaňyz, onda wagt tapyp, gün tertibiňize we nämeleri üýtgedip biljekdiňize serediň. Bu barada doga ediň (Ýakup 1:5). Şeýle-de maşgalaňyz we ýygnakdaky dogan-uýalar bilen maslahatlaşyň (Sül. tym. 15:22). Siz saglygyňyzyň gowşakdygyna we uzynly gün işleýändigize garamazdan, kömekçi pioner bolup gulluk edip, şatlanyp bilersiňiz.
5. Biz Ýatlama agşam döwri köpräk gulluk etsek nähili netije berer?
5 Ýehowa gullukçylarynyň begenmegini isleýär (Zeb. 32:11). Biz Ýatlama agşam döwri köpräk gulluk etsek, diňe bir özümiziň şatlygymyza şatlyk goşman, eýsem, gökdäki Atamyzy hem begendireris (Sül. tym. 23:24; 27:11).