Ýatlama agşamy döwründe köpräk wagyz etmäge mümkinçilik döreýär!
1. Mart, aprel we maý aýlary köpräk wagyz eder ýaly bizde nähili sebäpler bar?
1 Sen ýetip gelýän Ýatlama agşamy döwründe köpräk wagyz edip bilermiň? Köp ýurtlarda şol döwür howa gowulaşyp, günüň wagty uzalýar. Işden ýa-da mekdepden rugsat berilse, käbir wagyzçylar şol wagtyny wagza sarp edip biler. 2-nji aprelden başlap, hakykat bilen gyzyklanýan adamlary 17-nji aprelde geçjek Ýatlama agşamyna çagyrarys. Soňra oňa gatnaşan gyzyklanýanlaryň höwesini artdyrmak üçin, olary 25-nji aprelden başlanýan hepde-de boljak ýörite dokladyna çagyrarys. Dogrudan-da, mart, aprel we maý aýlary köpräk wagyz eder ýaly bizde ençeme sebäpler bar.
2. Köpräk wagyz etmegiň nähili gowy usuly bar?
2 Kömekçi pioner gullugy. Köpräk wagyz etmegiň gowy usuly — kömekçi pioner gullugy. Biz hemişe işli bolýandygymyz sebäpli, kömekçi pioner bolmak üçin öňünden taýýarlanyp, gün tertibimizi üýtgetmeli bolarys (Sül. tym. 21:5). Ähtimal sen günüň dowamynda käbir zerur bolmadyk işleri soň etmeli bolarsyň (Flp. 1:9—11). Sen bu islegiň hakynda başga wagyzçylara aýtsaň, belki olar hem kömekçi pioner bolmaga isleg bildirer.
3. Maşgalalar köpräk wagyz etmek üçin näme edip biler?
3 Indiki maşgala seždesinde öz maksatlaryň hakynda maşgalaň bilen maslahatlaşsaň gowy bolar (Sül. tym. 15:22). Maşgaladakylar biri-biri bilen arkalaşsa, maşgalanyň käbir agzalary bir ýa-da bir näçe aý kömekçi pioner bolup bilerdi. Eger seniň maşgalaňda şeýle mümkinçilik bolmasa näme etmeli? Maşgala agzalary kägün agşamlaryna ýa-da dynç günleri köpräk wagyz etmegi planlaşdyrsa bolar.
4. Ýetip gelýän Ýatlama agşamy döwründe köpräk wagyz etseň, nähili bereketler alarsyň?
4 Ýehowa biziň wagyz etmek üçin edýän ähli tagallalarymyzy görüp, olaryň gadyryny bilýär (Ýew. 6:10). Ýehowa we adamlar üçin edýän tagallalarymyz bize şatlyk berýär (1 Tar. 29:9; Res. iş. 20:35). Şatlanyp, bereketler almak üçin Ýatlama agaşamy döwründe köpräk wagyz edip bilermidiň?