Wagyz üçin teklipler
«Dogan-garyndaşlardan biri aradan çyksa, biz köplenç gaýgy-gussa batýarys. Eýsem, siz göwünlik berýän şu wadany eşidipdiňizmi? [Resullaryň işleri 24:15-i oka. Soňra jogap bersin] Eýsem, kimler direlerkä? Haçan we nirede direlerkä? Mukaddes Ýazgylar şu sowallara jogap berýär».
«Belki-de, siz şu sözleri eşidensiňiz: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem, Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr» (Mat. 4:4). Şu sözler Hudaý hakda köpräk bilmegiň wajypdygyny belläp geçýär. Ýöne köp adamlara Mukaddes Ýazgylara düşünmek kyn bolýar. Siz Mukaddes Ýazgylary okap gördüňizmi? [Jogap bersin]. Şu edebiýatda berilýän maslahatlar Mukaddes Ýazgylara düşünmäge kömek edýär».