Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 14 sah. 128—sah. 130 abz. 4
  • Adatylyk

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Adatylyk
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Gepleşik stili
    Wagyz mekdebi
  • Gepleşik dili
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Mekdepde berlen ýumuşlara taýýarlanmak
    Wagyz mekdebi
  • Akgynly sözleýiş
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 14 sah. 128—sah. 130 abz. 4

14-NJI SAPAK

Adatylyk

Munuň üçin näme etmeli?

Özüňi adaty ýagdaýdaky ýaly alyp barmaly we gündelik durmuşyňdaky ýaly geplemeli.

Bu näme üçin wajyp?

Eger siz adamlarda täsir galdyrmak barada biynjalyklansaňyz we tolgunyp, her sözüňizde sakynyp dursaňyz, diňleýjilere ünsli diňlemek kyn bolar.

ÖZÜŇIZI adaty ýagdaýdaky ýaly alyp barsaňyz, adamlaryň ynamyny gazanyp bilersiňiz. Siz özüniň kimdigini ýaşyrmak üçin ýüzüne perde çekýän adama ynanarsyňyzmy? Perde onuň ýüzüni owadan edip görkezse-de, oňa ynanmasaňyz gerek. Şol sebäpli özüňizi ýasama däl-de, adaty ýagdaýdaky ýaly alyp baryň.

Adatylyk edepsizligi aňlatmaýar. Şol sebäpli sowatsyz we düşnüksiz geplemekden hem-de sözleri nädogry aýtmakdan ägä boluň. Umumy halk dilinden tapawutlanýan sözleýişden hem gaça durmaly. Biz sözde we iş ýüzünde özümizi mynasyp alyp barmak isleýäris. Adaty tärde geplemek isleýän adam özüni juda resmi ýagdaýda alyp barmaz, adamlarda täsir galdyrmak hem islemez.

Wagyzda. Siz wagyz etmek üçin bir adamyň ýanyna ýa-da meýdançaňyzdaky öýe golaýlaşanyňyzda tolgunyp başlaýarmysyňyz? Bu biziň köpümize mahsusdyr, ýöne käbir adamlar çendenaşa tolgunýarlar. Şeýle ýagdaýda adamyň sesi sandyrap çykmagy mümkin ýa-da onuň aljyraýandygyny eliniň we kellesiniň ýerliksiz hereketlenişinden görse bolýar.

Wagyzçy dürli sebäplere görä tolgunyp biler. Belki-de, ol söhbetdeş bolýan adamyň näme pikir etjekdigi we teklibiniň üstünlikli boljakdygy ýa-da bolmajakdygy barada aladalanýandyr. Elbetde, bu zatlar hakda aladalanmak nädogry däl, ýöne olara has köp üns bermeklik nädogrudyr. Wagza gitmeziňizden öň tolgunýan bolsaňyz, size näme kömek eder? Munuň üçin gowy taýýarlyk görmeli we Ýehowa gyzgyn doga etmeli (Res. iş. 4:29). Ýehowanyň adamlara uly merhemet bildirip, olary ýer ýüzündäki Jennetde sagdyn we ebedi ýaşamaga çagyrýandygy barada oýlanyň. Kömek etmekçi bolýan adamlaryňyz hakynda pikirleniň we olara hoş habary eşitdirmegiň möhümdigine düşünjek boluň.

Adamlaryň erkin ýaradylandygyny-da unutmaň. Olar hoş habary kabul edip-de biler, etmän-de. Isa gadymy Ysraýylda wagyz edende-de şeýle bolupdy. Siziň işiňiz — wagyz etmek (Mat. 24:14). Hatda adamlar sizi diňlemeseler-de, olaryň ýanyna barmagyňyzyň özi bir güwälikdir. Siziň tagallaňyz biderek däldir, çünki Ýehowa siz arkaly niýetini amala aşyrýar. Eger geplemäge mümkinçilik dörese nädip wagyz edersiňiz? Adamlar we olaryň zerurlyklaryna ünsli bolmagy öwrenseňiz, özüňizi adaty ýagdaýdaky ýaly alyp baryp, mähirli gepläp bilersiňiz.

Siz wagyz edeniňizde özüňizi adaty ýagdaýdaky ýaly alyp barsaňyz, adamlar özlerini arkaýyn duýarlar. Hatda Mukaddes Ýazgylardan aýtjak pikirleriňizi-de höwes bilen diňlärler. Olara leksiýa okamaň-da, gürrüňdeş boluň, dostlukly gepleşiň, olar bilen gyzyklanyň we pikirlerini aýtmaga höweslendiriň. Käbir ýurtlarda nätanyş adamlardan ýörite talap edilýän zatlar bolýar, olary ýerine ýetirjek boluň. Emma mähirli ýylgyrmak hiç zada päsgel bermez.

Sahnada. Birnäçe adama ýüzleneniňizde, adaty gepleşik dilini ulanyp çykyş etseňiz gowy bolar. Uly märekäniň öňünde çykyş edilende batlyrak geplemek gerek. Eger siz nutugy ýat tutmaga çalyşsaňyz ýa-da aýtjak sözleriňizi jikme-jik ýazsaňyz, onda olary dogry aýtjak bolup alada galarsyňyz. Elbetde, sözleri dogry aýtmaklyk wajyp, ýöne olara has köp üns berseňiz çykyşyňyz ýasama bolar we adatylyk ýiter. Siz aýtjak pikirleriňiz barada öňünden gowy oýlanmaly, emma sözleri dogry aýtmaklyga däl-de, pikirlere köp üns bermeli.

Ýygnak duşuşygynda sizden interwýu alanlarynda-da, ýokarda agzalan maslahatlara eýermäge çalşyň. Gowy taýýarlyk görüň, emma okap ýa-da ýat tutup aýtmaň. Adaty äheň bilen gepleseňiz, sözleýşiňiz ýakymly bolar.

Dogry geplemäge çendenaşa köp üns berseňiz, çykyşyňyz diňleýjilere ýasama ýaly görner. Şonuň üçin aýdyň geplemeli we sözleri dogry aýtmaly, ýöne bir äheňde sözlemeli däl. Nygtaýjy we suratlandyryjy hereketleri gowy ulanyp bilseňiz, çykyşyňyzy täsirli eder, emma olary ýasama ulansaňyz ýa-da has ulaldyp görkezseňiz, diňleýjileriň ünsi sowlar. Batly gepläň, ýöne gygyrmaň. Wagtal-wagtal joşgunly gepläň, emma teatrda çykyş edýän ýaly bolmaň. Äheňi, joşgunlylygy we duýgulary diňleýjileriň ünsüni özüňize çekmek ýa-da olary oňaýsyz ýagdaýa salmak üçin ulanmaň.

Käbir adamlar nutuk bilen çykyş etmeseler-de, pikirini aýdyň we düşnükli aýdyp bilýärler. Käbirleri bolsa, has ýönekeý dilde gepleýärler. Gündelik durmuşda dogry geplemek we özüňi mesihçä mahsus tärde alyp barmak wajypdyr. Şonda sahnada çykyş edeniňizde, adaty ýagdaýdaky ýaly geplemek aňsat bolar.

Köpçüligiň öňünde okamak. Köpçüligiň öňünde adaty tärde okamak üçin tagalla etmeli. Munuň üçin okajak temaňyzyň esasy pikirlerine gowy düşünmeli we olaryň yzygiderli açylyşyna üns bermeli. Bulary berk ýadyňyzda saklaň, ýogsam gury sözleri okan ýaly bolarsyňyz. Nätanyş sözleriň dogry aýdylyşyny barlaň. Pikirleri aýdyň bermek we äheňi hem-de söz düzümlerini dogry aýtmak üçin sesli okap taýýarlanyň. Okaýşyňyz tä akgynly bolýança, gaýta-gaýta okaň. Okajak temaňyzy gowy bilseňiz, ony sesli okanyňyzda janlandyryp bilersiňiz. Şeýle okaýşa adaty okaýyş diýse bolar.

Köpçüligiň öňünde okamaly bolanymyzda, biz, köplenç, öz edebiýatlarymyza esaslanan makalalardan okaýarys. Wagyz mekdebinde sesli okamak tabşyrylanda, wagyzda we nutuk bilen çykyş edenimizde aýatlary okaýarys. Doganlar «Garawul diňi» hem-de Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda sesli okaýarlar. Käbir doganlara bolsa, kongreslerde taýyn nutuk bilen çykyş etmek tabşyrylýar. Eger siz Mukaddes Ýazgylardan ýa-da başga edebiýatdan kimdir biriniň sözlerini okamaly bolsaňyz, olary janlandyryp okajak boluň. Başganyň sözleri getirilýän bolsa, hersiniň sözüni biraz üýtgedip okaň. Emma teatrda çykyş edýän ýaly edip okamaň; labyzly hem adaty ýagdaýdaky ýaly okaň.

Adaty okaýyş gepleşik äheňinde bolmaly. Şonda sözleriňiz ýasama däl-de, ynamly bolup çykar.

ÖZÜŇI ADATY ALYP BARMAK ÜÇIN

  • Gündelik durmuşyňdaky ýaly geplemeli. Özüňiz barada däl-de, Ýehowa barada oýlanmaly we adamlaryň Hudaý hakda bilmeginiň wajypdygyna düşünmeli.

  • Çykyşa taýýarlyk göreniňizde, aýtjak sözleriňize däl-de, esasy pikirlere üns beriň.

  • Çykyş edeniňizde we gündelik durmuşda gepläniňizde, ýaraşyksyz sözleýişden gaça duruň. Şeýle-de adamlaryň ünsüni özüňize çekmek üçin geplemäň.

  • Köpçüligiň öňünde okamak üçin gowy taýýarlanyň. Manysyna düşünip, labyzly okaň.

GÖNÜKME 1) Malaky 1:2—14-nji aýatlary sessiz okaň we kimleriň gepleýändigine üns beriň. Soňra sesli we labyzly okaň. 2) Indiki gezek wagza gitmänkäňiz, şu sapagyň ilkinji iki abzasyny hem-de «Wagyzda» diýen sözbaşysyny okaň. Ondaky maslahata eýermäge çalşyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş