Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 28 sah. 179—sah. 180 abz. 7
  • Gepleşik stili

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Gepleşik stili
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Adatylyk
    Wagyz mekdebi
  • Gepleşik dili
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Akgynly sözleýiş
    Wagyz mekdebi
  • «Ruhlandyryjy sözleri aýdyň»
    «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň»
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 28 sah. 179—sah. 180 abz. 7

28-NJI SAPAK

Gepleşik stili

Munuň üçin näme etmeli?

Çykyş edeniňde adaty gepleşikdäki ýaly sözlemeli, emma diňleýjileri-de göz öňünde tutmaly.

Bu näme üçin wajyp?

Gepleşik stilinde çykyş etmeklik diňleýjilere özüni rahat duýmaga we eşidenlerini kabul etmäge kömek edýär.

ADAMLAR dost-ýarlary bilen gepleşenlerinde özlerini rahat duýýarlar. Olar pikirini erkin aýdýarlar. Käbirleri örän joşgunly, käbirleri bolsa bir äheňde gepleýärler. Her näme bolsa-da, adaty gepleşik gulaga ýakymly eşidilýär.

Emma nätanyş adama ýüzlenilende, juda erkin geplemeklik ýerliksiz bolardy. Käbir medeniýetlerde nätanyş adamlar bilen gürrüňe başlanyňda belli bir düzgüne eýermeli bolýar. Gürrüňi hormatly sözlerden başlandan soň, paýhasly bolup, ony biraz resmi bolsa-da, adaty gepleşikdäki ýaly dowam etmeli.

Sahnada geplenilende-de seresap bolmaly. Sebäbi çendenaşa erkin geplenilse, ýygnak duşuşygynyň we gürrüň edilýän zatlaryň gadyr-gymmaty gaçýar. Käbir dillerde uly ýaşly adama, mugallyma, döwlet işgärine ýa-da ata-enä ýüzlenilende belli bir sözleri ulanmaklyk talap edilýär (Resullaryň işleri 7:2 we 13:16-daky sözlere üns beriň). Emma ýanýoldaşyňa ýa-da ýakyn dostuňa ýüzleneniňde ulanylýan sözler tapawutlanýar. Sahnada çykyş edenimizde çendenaşa resmi däl-de, hormatly äheňde geplemeli.

Nutukçynyň resmi ýa-da bir äheňde çykyş etmeginiň birnäçe sebäpleri bar. Olaryň biri sözlemleriň gurluşy bolup biler. Şeýle kynçylyk ýazylan sözleri sözme-söz gaýtalajak bolanyňda ýüze çykýar. Kagyz ýüzünde ýazylan sözler gepleşik dilinden bütinleý tapawutlanýar. Elbetde, nutuga kitapdyr žurnallardan taýýarlyk görülýär. Mümkin, nutuk üçin taýyn meýilnama berlendir. Emma çykyş edeniňizde pikirleri edebiýatda ýazylyşy ýaly aýtsaňyz ýa-da okasaňyz, bu gepleşik stiline meňzemez. Gepleşik stilinde çykyş etmek üçin pikirleri öz sözüňiz bilen aýtmaly, ýöne çylşyrymly sözlemleri ulanmajak bolmaly.

Munuň ýene-de bir sebäbi sesiň tizligi bolup bilýär. Bir äheňde we resmi dilde geplenilende, sözler bir akymda eşidilýär, olaryň tizligi-de üýtgemeýär. Adaty gepleşik dilinde bolsa, sözleýiş tizligi üýtgeýär we dürli-dürli säginilýär.

Elbetde, köpçülige ýüzleneniňizde gepleşik stilini ulanyp, batlyrak, güýçli we joşgunly gepleseňiz, diňleýjileriň ünsüni çekip bilersiňiz.

Wagyzda gepleşik dilini ulanmak üçin her gün gowy geplemegi endik edinmeli. Munuň üçin ýokary bilimli bolmak hökman däl. Ýöne adamlar siziň aýdýan zatlaryňyzy hormat bilen diňlär ýaly gowy geplemegi öwrenmeli. Şu zatlary göz öňünde tutup, gepleşik stilini gowulandyrmak üçin aşakda berilýän maslahatlara eýerjek boluň.

  1. Diliň grammatik düzgünini bozmaň we Hudaýyň kadalary boýunça ýaşamaýan adamlaryň sözleýşine eýermäň. Koloseliler 3:8-däki maslahata eýeriň we gödek, hapa sözlemekden gaça duruň. Emma adaty gepleşik dilini ulanmak nädogry däl. Adaty gepleşik dili resmi bolmasa-da, sözleýiş kadalaryna laýyk gelýändir.

  2. Dürli pikirleri aýdanyňyzda, şol bir sözleri we jümleleri gaýta-gaýta ulanmaň. Pikirleri aýdyňlaşdyrýan sözleri ulanmagy öwreniň.

  3. Näme aýtjakdygyňyz barada oýlanyp, soňra gepläp başlaň. Şonda şol bir sözleri gaýtalamarsyňyz.

  4. Gowy pikirleriň üstüni örtmez ýaly, köp sözlemekden gaça duruň. Siziň aýdýan zatlaryňyz ýatda galar ýaly, ýönekeý sözlemler bilen açyk we aýdyň geplemegi endik ediniň.

  5. Gepläniňizde adamlara hormat goýýandygyňyz görünsin.

BU UKYBY NÄDIP ÖSDÜRMELI

  • Ilki bilen, diňleýjilere bolan garaýşyňyza üns beriň. Olara dost hökmünde garaň, ýöne juda erkin geplemäň. Hormat goýýandygyňyz görünsin.

  • Erkin sözläň. Edebiýatda ýazylyşy ýaly geplemejek boluň. Öz sözüňiz bilen aýdyň. Ýönekeý sözlemleri ulanyň we gepleýiş tizligini üýtgedip duruň.

  • Adamlara bilim bermek maksadyňyz barada oýlanyň. Ýürekden gepläň. Esasy maksadymyz diňleýjilerde täsir galdyrmak däl-de, olara aýtjak bolýan zatlarymyzdyr.

  • Gündeki durmuşda gepleýşiňizi gowulandyrjak boluň. Şu sahypada berlen maslahatlaryň her biriniň üstünde aýratynlykda işläň.

GÖNÜKME Adaty gepleýşiňize üns beriň. Ýokarda getirilen bäş maslahatyň üstünde işläniňizde, olaryň hersine bir güni sarp ediň. Eger ýalňyşsaňyz, pikiri dogry beýan edýänçäňiz, ony aňyňyzda gaýtalaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş