Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 4 sah. 93—sah. 96 abz. 2
  • Akgynly sözleýiş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Akgynly sözleýiş
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Adatylyk
    Wagyz mekdebi
  • Mekdepde berlen ýumuşlara taýýarlanmak
    Wagyz mekdebi
  • Basymy dogry goýmak
    Wagyz mekdebi
  • Düşnükli gepleýiş
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 4 sah. 93—sah. 96 abz. 2

4-NJI SAPAK

Akgynly sözleýiş

Munuň üçin näme etmeli?

Sözler we pikirler yzygiderli bolar ýaly, öte haýal geplemeli ýa-da okamaly däl. Akgynly sözleýän hem okaýan adam sakynmaýar we aýtjak zatlary barada oýlanyp durmaýar.

Bu näme üçin wajyp?

Eger nutukçy akgynly sözlemese, onda diňleýjileriň ünsi sowlup, aýdylanlara nädogry düşünmekleri mümkin. Onuň sözleri-de täsirli bolmaz.

SIZ sesli okanyňyzda köp sakynýarmysyňyz? Ýa-da diňleýjileriň öňünde çykyş etmeli bolanyňyzda, ýerlikli sözleri aýtjak bolup aljyraýarmysyňyz? Eger şeýle bolsa, onda siz akgynly sözläp bilýän dälsiňiz. Akgynly sözleýän hem okaýan adamyň sözleri, pikirleri yzygiderli bolýar we oňa geplemek hem okamak kyn düşmeýär. Emma bu onuň dyngysyz, örän çalt ýa-da oýlanyşyksyz gepleýändigini aňlatmaýar. Gaýtam, onuň sözleýşi ýakymly bolýar. Şol sebäpli Wagyz mekdebinde akgynly sözleýşe aýratyn üns berilýär.

Akgynly sözlemäge birnäçe zat päsgel berip biler. Siz şu getirilen delilleriň haýsysynyň üstünde işlemeli? 1. Adam sesli okanda, nätanyş sözlere duş gelip sakynýar. 2. Köp säginmeklik (hatda biraz säginmeklik) akgynly sözlemäge päsgel berýär. 3. Adam taýýarlanmasa-da sakynyp biler. 4. Tema logiki yzygiderlikde taýýarlanylmasa, akgynly sözleýşe köp päsgel berýär. 5. Söz baýlygy bolmadyk adam gerekli sözleri tapmak üçin köp oýlanýar. 6. Nutukçy has köp sözleri nygtap geçse-de, akgynlylyk bozulyp biler. 7. Diliň grammatikasyny bilmezlik hem akgynly sözlemäge päsgel berýär.

Eger siz çykyş edeniňizde akgynly sözlemeseňiz, duşuşyga gelenler turup gitmeseler-de, pikirleri başga ýerlerde bolup biler. Olar aýdylan zatlaryň köpüsini eşitmezler.

Emma täsirli we akgynly çykyş etjek bolup, buýrujy äheňde sözlemeli däl, çünki diňleýjileri oňaýsyz ýagdaýa salarsyňyz. Medeniýetiň dürli-dürli bolýandygy sebäpli, çykyşyňyz gödek ýa-da ýasama ýaly bolup görünse, goýan maksadyňyza ýetip bilmersiňiz. Pawlus resul ökde nutukçy bolsa-da, özüne has köp üns berilmezligi üçin, korintoslylara «ejizlik we gorky içinde... gaty sandyrap» ýüzlenipdi (1 Kor. 2:3).

Nämeden gaça durmaly? Köp adamlar geplände «ä-ä-ä» we «hüm...» ýaly sesleri köp gaýtalaýarlar. Käbirleri bolsa her sözlemi «garaz», «bar-a», «onsoňam» ýaly sözler bilen başlaýarlar. Belki-de, olar şeýle sözleri köp aýdýandyklaryny duýmaýandyrlar. Mümkin, siz kimdir birinden gepleýşiňizi diňlemegi haýyş edersiňiz. Her gezek şeýle sözleri aýdanyňyzda, goý, ol siziň yzyňyzdan gaýtalasyn. Bu sözleri näçe sapar aýdandygyňyzy bilip, siz haýran galarsyňyz.

Käbir adamlar okanda we geplände bir sözi ençeme sapar gaýtalaýarlar. Olar bir sözlemi başlap, ony soňlaman, aýdanlaryny täzeden gaýtalaýarlar.

Käbirleri akgynly gepleseler-de, bir pikiri doly tamamlaman, başga pikire geçýärler. Şeýle ýagdaýda sözler yzygiderli bolsa-da, pikiriň birden üýtgeýänligi sebäpli akgynlylyk ýitýär.

Muny nädip düzetmeli? Eger siz ýerlikli sözleri aýtjak bolup köp wagtlap oýlanýan bolsaňyz, söz baýlygyňyzy ösdürmek üçin tagalla ediň. «Garawul diňi» we başga edebiýatlary okanyňyzda, nätanyş sözlere aýratyn üns beriň. Olary sözlükden tapyp, aýdylyşyna we manysyna serediň hem-de olardan geregini özüňize bellik edip alyň. Eger sözlügiňiz bolmasa, onda dili gowy bilýän adamdan kömek soraň.

Akgynlylygy kämilleşdirmek üçin, sesli okamaga köp wagt sarp ediň. Eger kyn sözlere duş gelseňiz, olary ençeme sapar sesli okaň.

Akgynly okamak üçin sözlemdäki sözleriň biri-biri bilen nähili baglanyşýandygyna düşünmeli. Awtoryň pikirini dogry bermek üçin, köplenç, sözleri aýry-aýry däl-de, bile okamaly bolýar. Olaryň haýsylaryny bilelikde okamalydygyna aýratyn üns beriň. Eger zerur bolsa, olary belläp alyň. Siziň maksadyňyz diňe bir sözleri dogry okamak däl-de, eýsem, pikirleri-de aýdyň bermekdir. Abzasdaky her bir sözlemi derňäp, onuň manysyna düşünjek boluň. Ondaky pikir yzygiderligini biliň we tutuş abzasy sesli okaň. Sakynman we gerekli ýerinde säginmegi öwrenýänçäňiz, gaýta-gaýta okaň. Soňra indiki abzasa geçip bilersiňiz.

Indi bolsa, okaýşyňyzy çaltlandyrjak boluň. Eger siz sözlemdäki sözleriň biri-biri bilen nähili baglanyşýandygyna düşünseňiz, diňe bir okaýan sözüňizi däl-de, indiki okajak sözüňizi-de bilersiňiz. Bu size has gowy okamaga ýardam eder.

Her gün okamaklyk gowy türgenleşmäge kömek edýär. Meselem, gündelik aýady we onuň düşündirilişini her gün sesli okamagy endik ediniň. Okanyňyzda bir sözi däl-de, bir pikiri öz içine alýan sözleriň ählisini görmegi öwreniň.

Gürrüňdeşlikde akgynly sözlemek üçin öňünden pikirlenmeli. Bu babatda türgenleşmäge her gün mümkinçilik bar. Ilki, näme diýjekdigiňiz we ony nähili yzygiderlikde aýtjakdygyňyz barada oýlanyp, soňra gepläň. Ýöne howlukmaň. Bir pikiri doly aýdyň we pikiri tamamlaman, başga pikire geçmejek boluň. Munuň üçin gysga we ýönekeý sözlemleri ulanyp bilersiňiz.

Eger siz näme aýtjakdygyňyzy anyk bilseňiz, sözler öz-özünden diliňize geler. Adatça, her bir sözi saýlamagyň zerurlygy ýok. Ilki, pikiriňizi jemlemeli, sözler barada bolsa, gürrüňe başlanyňyzda oýlanmaly. Eger gepläniňizde sözler däl-de, aýtjak bolýan pikiriňiz barada oýlansaňyz, sözler öz-özünden diliňize geler. Şonda pikiriňizi dogry düşündirip bilersiňiz. Eger siz pikir barada däl-de, sözler hakynda alada etseňiz, üzlem-saplam geplemegiňiz mümkin. Eger siz türgenleşseňiz, akgynly geplemek we okamak üçin gerekli ukyplary ösdürersiňiz.

Musa Ýehowanyň adyndan ysraýyl halkynyň we Müsür patyşasynyň öňünde sözlemäge iberilende, ol başarmaryn öýdýärdi. Näme üçin? Musa dilewar adam däldi; onuň dili peltek bolan bolmaly (Müs. çyk. 4:10; 6:12). Ol bu ýumşy ýerine ýetirip bilmejekdigi barada birnäçe delilleri getirýär, emma Ýehowa olaryň hiç birini kabul etmeýär. Ýehowa oňa Haruny kömekçi edip iberýär, ýöne Musanyň özüne-de geplemäge ýardam edýär. Şondan soň Musa bir ýa-da birnäçe adamyň däl, eýsem, tutuş halkyň öňünde ençeme gezek ökdelik bilen çykyş etdi (Kan. tag. 1:1—3; 5:1; 29:2; 31:1, 2, 30; 33:1). Eger siz hem Ýehowa ýürekden bil baglap, eliňizde baryny etseňiz, sözleýşiňiz bilen Hudaýy şöhratlandyryp bilersiňiz.

SAKAWLYK BILEN GÖREŞMEK

Sakawlap geplemäge birnäçe zat sebäp bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda birine peýdaly bolan bejerginiň başgalara kömek etmezligi mümkin. Emma sakawlyk bilen göreşmegi bes etmäň.

Siz ýygnak duşuşyklarynda jogap bermeli bolanyňyzda gorkup, howsala düşýärmisiňiz? Onda Ýehowa doga edip, kömek soraň (Flp. 4:6, 7). Jogap bereniňizde Ýehowany şöhratlandyryp, başgalary ruhlandyrjakdygyňyz barada oýlanyň. Bu kynçylygyň düýbünden aýrylmagyna garaşman, eýsem, onuň bilen nädip göreşip boljakdygy hakda pikirleniň. Ýehowanyň we dogan-uýalaryň goldawy siziň güýjüňize güýç goşar.

Wagyz mekdebi size başgalaryň öňünde çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Sizi goldaýan we üstünlik gazanmagyňyzy isleýän adamlaryň öňünde çykyş etseňiz, gazanan netijeleriňize haýran galarsyňyz. Bu size başga ýagdaýlarda-da ynamly geplemäge ýardam eder.

Eger siz nutuk bilen çykyş etmeli bolsaňyz, gowy taýýarlyk görüň. Oňa jan edip ýapyşyň. Täsirli çykyş ediň. Eger sakawlap başlasaňyz, mümkin boldugyndan, sesiňizi we özüňizi rahat saklajak boluň. Äň myşsalaryňyzy rahatlandyryň. Gysga sözlemleri ulanyň. «M-m-m» ýa-da «e-e-e» ýaly sesleri ulanmajak boluň.

Sakawlyk bilen göreşýän adamlaryň käbiri özüne kyn bolan sözleri belläp, olaryň deregine manydaş sözleri ulanýarlar. Başgalar bolsa, aýtmasy juda kyn sesleri gaýtalap-gaýtalap öwrenýärler.

Eger siz gepläniňizde sakawlap başlasaňyz, gürrüňdeşligi bes etmäň. Mümkin, siz özüňizi rahatlandyrýançaňyz, söhbetdeşiňiz gürrüň edip biler. Belki-de, pikiriňizi hat üsti bilen ýa-da çap edilen görnüşde görkezip bilersiňiz.

AKGYNLY SÖZLEMEK ÜÇIN

  • Žurnallary we kitaplary okanyňyzda, nätanyş sözleri belläp alyň; olaryň näme aňladýandygyny bilip, soňra gepleşikde ulanyň.

  • Her gün azyndan bäş-on minut sesli okamaga çalşyň.

  • Okamak ýumşuna gowy taýýarlanyň. Bir pikiri öz içine alýan sözlere aýratyn üns beriň. Pikir yzygiderligine gowy düşünjek boluň.

  • Gündelik gepleşikde, ilki, näme aýtjakdygyňyz barada oýlanyň, soňra pikiriňizi gutarnykly sözlemler bilen säginmän beýan ediň.

GÖNÜKME Luka 1:5—25-nji aýatlary ünsli okap, her abzasy aýratynlykda özleşdiriň. Olara doly düşünendigiňize göz ýetiriň. Nätanyş sözleri bilmek üçin, dili gowy bilýän adamdan kömek soraň. Her bir ady sesli aýdyň. Soňra abzasy sesli we ýalňyşman okajak boluň. Ony gowy okandygyňyza göz ýetireniňizden soň, indiki abzasa geçiň. Soňra tutuş baby okaň; ikinji sapar çaltrak okaň. Üçünji gezek okanyňyzda, gerekli ýerlerinde has çalt okaň, ýöne sakynmajak boluň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş