6-NJY SAPAK
Basymy dogry goýmak
GEPLÄNIŇDE we sesli okanyňda sözleri dogry aýtmak wajyp. Şeýle-de pikiri aýdyň berer ýaly, esasy sözleri we jümleleri aýratyn äheň bilen aýtmaly.
Basymy dogry goýmak üçin käbir sözleri aýratyn äheň bilen aýtmak ýeterlikli däl. Munuň üçin basymy gerekli sözlere goýmaly. Eger basym gerekli sözlere goýulmasa, onda diňleýjileriň aýdylýan zada düşünmezligi mümkin we ünsi başga zada sowlar. Hatda aýdylýan zatlar wajyp bolup-da, basym nädogry goýulsa, diňleýjilere hiç hili täsiri bolmaz.
Basymy dürli usullar bilen, ýagny ýokary ses, güýçli duýgular, howlukman aýdyň geplemek, pikiriň ýa öňünden, ýa-da soňundan (ýa-da öňündenem, soňundanam) säginmek, eliň we ýüz-gözüň hereketleri bilen görkezip bolýar. Käbir dillerde sözler pes we ýokary äheň bilen aýdylyp hem tapawutlandyrylýar. Bu usullaryň haýsysyny ulanmalydygyny bilmek üçin berlen temany we ýagdaýy göz öňünde tutmaly.
Basymy dogry goýmak üçin, şu aşakdakylary göz öňünde tutmaly. 1. Haýsy sözlere basym goýmalydygyny bilmek üçin diňe sözleme däl-de, onuň kontekstine-de üns bermeli. 2. Basym täze pikire geçilende ýa-da pikir yzygiderligi üýtgände hem ulanylýar. Şeýle-de basym arkaly pikiriň tamamlanyp barýandygyny görkezip bolýar. 3. Nutukçy dogan belli bir sözleri we jümleleri nygtap, gürrüň berýän temasyna bolan garaýşyny-da görkezip biler. 4. Basym nutugyň esasy pikirlerini nygtamak üçin hem ulanylýar.
Basymy dogry goýmak üçin nutukçy ýa-da sesli okaýan adam berlen tema gowy düşünmeli. Şeýle-de ol aýdýan zatlaryny diňleýjileriň ýürekden kabul etmegini islemeli. Ezranyň günlerinde görkezmäniň berlişi Nehemýa 8:8-de şeýle beýan edilýär: «Olar kitapdan, Hudaýyň kanunyndan jikme-jik okap, onuň manysyny halka düşündirdiler». Görşümiz ýaly, Hudaýyň Kanunyny okaýan we bilýän adamlar diňleýjilere okalan zatlary özleşdirmäge hem-de durmuşynda ulanmaga kömek etmegiň wajypdygyna düşünipdirler.
Kynçylygyň sebäbi näme? Köp adamlar gürrüňdeş bolanda pikirini aňsatlyk bilen düşündirip bilýärler. Emma kimdir biriniň ýazan zatlaryny okamaly bolanda, haýsy sözleri we jümleleri nygtamalydygyny anyklamak kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda berlen temanyň manysyna düşünmeli. Munuň üçin ony gowy öwrenmeli. Eger size ýygnak duşuşygynda okamak tabşyrylsa, oňa gowy taýýarlanmaly.
Käbir adamlar gerek bolsun, bolmasyn, belli bir aralykdan soň basym goýup okaýarlar. Käbirleri bolsa sözsoňy we baglaýjy sözlerde basym goýýarlar. Eger goýlan basym temanyň manysyna düşünmäge ýardam etmese, onda diňleýjileriň ünsi başga zada sowlar.
Käbir nutukçylar sözleri nygtamak üçin, olary gaty ses bilen aýdýarlar. Şeýle ýagdaýda diňleýjiler özlerine gygyrylýandyr öýderler. Elbetde, şeýle çykyş gowy netije bermez. Eger basym gaty ses bilen aýdylsa, onda nutukçy diňleýjilerden özüni ýokary tutýan ýaly görner. Şol sebäpli söýgi bilen çykyş edip, aýdylýan zatlaryň Mukaddes Ýazgylara we sagdyn düşünjä esaslanýandygyny görkezmeli.
Basymy nädip dogry goýmaly? Köplenç, adam basymy nädogry goýýandygyna düşünmeýär. Şol sebäpli oňa kömek etmeli bolýar. Eger siz basymy dogry goýup bilmeseňiz, onda size Mekdebiň gözegçisi kömek eder. Şeýle-de ökde nutukçy doganlardan kömek soramaga çekinmäň. Olardan okaýşyňyzy, gepleýşiňizi ünsli diňlemegi we soňra maslahat bermegi haýyş ediň.
Ilkibaşda, maslahat berýän dogan «Garawul diňi» žurnalyndaky bir makalanyň üstünde işlemegi tabşyrar. Ol makaladaky haýsy sözleri we jümleleri nygtamalydygyny anyklamak üçin, her bir sözlemi derňemegi maslahat berer, çünki şonda diňleýjiler pikire aňsatlyk bilen düşünerler. Şeýle-de gyýakhat, ýagny kursiw bilen ýazylan sözlere aýratyn üns bermegi ýatladar. Sözlemdäki sözleriň biri-biri bilen baglanyşýandygyny unutmaň. Köplenç, bir sözi däl-de, tutuş jümläni nygtamaly bolýar. Käbir dillerde basymy dogry goýmak üçin astyn we üstün belgilere üns bermeli. Wagyz mekdebine ýazylanlara hem şeýle belgilere ünsli bolmak maslahat berilýär.
Soňra maslahat berýän dogan size sözlemleri derňäniňizde tutuş temany göz öňünde tutmagy teklip eder, şonda haýsy sözleri nygtamalydygyny bilersiňiz. Abzasyň esasy pikiri näme? Ol nygtalmaly sözleri bilmäge nädip kömek eder? Makalanyň adyna we abzasyň goýy harplar bilen ýazylan sözbaşysyna üns beriň. Bu nygtalmaly sözlere nähili täsir eder? Hawa, bularyň ählisini göz öňünde tutmaly, emma aşa köp sözleri nygtajak bolmaň.
Nutuk bilen çykyş etmeli ýa-da jemagatyň öňünde okamaly bolanda, maslahat berýän dogan basymy dogry goýmak üçin pikir yzygiderligine üns bermelidigini aýdar. Munuň üçin siz pikir yzygiderliginiň nirede tamamlanýandygyny we bir pikirden başga pikire haçan geçmelidigini bilmeli. Eger siz şeýle zatlara üns berseňiz, diňleýjileriň düşünmegine ýardam edersiňiz. Munuň üçin birinjiden, ikinjiden, netijede, şeýlelikde we dogrudan-da ýaly sözleri nygtap aýdyň.
Şeýle-de maslahat berýän dogan siziň aýratyn duýgy bilen aýtjak sözleriňize has-da üns bermelidigini aýdar. Munuň üçin örän, hökmany suratda, gürrüňsiz, wajyp we hemişe ýaly sözleri nygtamaly bolar. Şonda siziň aýdýan zatlaryňyz diňleýjilere güýçli täsir eder. Bu babatda «Mähirlilik we duýgy» diýen 11-nji sapakda köpräk gürrüň ederis.
Basymy dogry goýmagyň ýene bir usuly: diňleýjilere ýetirmek isleýän esasy pikirleriňe gowy düşünmeli. Bu maslahata «“Esasy pikirleri nygtamak» diýen 7-nji sapakda we «Esasy pikirleri aýratynlandyrmak» diýen 37-nji sapakda serediler.
Eger siz wagyz gullugynda ökdeleşmekçi bolsaňyz, onda Ýazgylardaky aýatlary okaýşyňyza aýratyn üns beriň. Munuň üçin hemişe özüňize şeýle sorag beriň: men bu aýady näme üçin okaýaryn? Mugallym sözleri we aýatlary dogry hem labyzly okamak bilen çäklenmeli däl. Eger siz berlen soraga jogap bermeli ýa-da Ýazgylardan bir taglymaty düşündirmeli bolsaňyz, onda siziň aýdanlaryňyzy tassyklaýan aýatdaky sözleri we jümleleri nygtap geçmeli, ýogsam diňleýjiniň esasy zatdan ünsi sowlar.
Basymy dogry goýmak üçin käbir sözleri we jümleleri aýratyn äheň bilen okamaly bolýar. Emma tejribesiz doganyň şeýle sözleri has basyp aýtmagy mümkin. Ony saz guralyny çalmagy öwrenip başlan adama meňzetse bolar. Ýöne ol türgenleşse, «gulaga ýakymly saz çalyp biler», ýagny sözleri dogry äheň bilen aýtmagy öwrener.
Basyma degişli esasy usullary öwreneniňizden soň, ökde nutukçy doganlardan görelde alyp bilersiňiz. Şonda siz dürli ýollar bilen basymy dogry goýup bolýandygyna düşünersiňiz. Galyberse-de, aýdýan zatlaryňyzyň manysyny düşündirmek üçin sözleri we jümleleri dürli usullar bilen nygtamagyň peýdasyny görersiňiz. Basymy dogry goýmagy öwrenseňiz, bu pikiriňizi aýdyň düşündirmäge we labyzly okamaga kömek eder.
Basymy dogry goýmak barada diňe käbir zatlary bilmek ýeterlikli däl. Basymy ussatlyk bilen ulanmak üçin tagalla etseňiz, siziň çykyşyňyz diňleýjilere düşnükli bolar.