Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sapak 7 sah. 105—sah. 106 abz. 1
  • Esasy pikirleri nygtamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Esasy pikirleri nygtamak
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • Basymy dogry goýmak
    Wagyz mekdebi
  • Ýygnak üçin nutuk taýýarlamak
    Wagyz mekdebi
  • Esasy pikirleri aýratynlandyrmak
    Wagyz mekdebi
  • Aýatlary dogry nygtap okamak
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sapak 7 sah. 105—sah. 106 abz. 1

7-NJI SAPAK

Esasy pikirleri nygtamak

Munuň üçin näme etmeli?

Sesli okanyňyzda diňe sözlemlerdäki esasy pikirleri däl-de, tutuş temadaky esasy pikirleri nygtap geçmeli.

Bu näme üçin wajyp?

Eger esasy pikirler nygtalyp geçilse, olar diňleýjileriň ýadynda gowy galar.

ÖKDE okaýjy okanda diňe bir sözlemi ýa-da abzasy görmän, eýsem, bütin temadaky esasy pikirleri ýadynda saklap, olary nygtap geçýär. Şonuň üçin ol basymy ýerbe-ýer goýýar.

Eger-de nutukçy şeýle etmese, onuň aýdýan sözleri bir äheňde bolar we onuň temasy düşnükli bolmaz. Şeýle-de esasy pikirler diňleýjileriň ýadynda galmaz.

Mukaddes Ýazgylary okanymyzda esasy pikirleri nygtamaga köp üns bersek, gowy okamagy öwreneris. Şeýle-de esasy pikirleri nygtamaklyk, Mukaddes Ýazgylar okuwynyň we ýygnak duşuşyklarynyň netijeli geçilmegine ýardam eder. Aýratyn-da, kongreslerde taýyn nutuk bilen çykyş edilende esasy pikirleriň nygtalmagy wajypdyr.

Esasy pikirleri nädip tapmaly we nygtamaly? Wagyz mekdebinde size Mukaddes Ýazgylardan bir parçany sesli okamak tabşyrylar. Şonda haýsy pikirleri nygtamaly? Eger siziň okaýan parçaňyzda bir wajyp pikir bar bolsa ýa-da onda möhüm waka gürrüň edilýän bolsa, ine, şol-da siziň nygtamaly pikiriňizdir.

Siziň okajak parçaňyz şygyr bolsun, kyssa ýa-da tymsal bolsun, ony diňe gowy okan ýagdaýyňyzda diňleýjilere peýdaly bolar (2 Tim. 3:16, 17). Şonuň üçin okajak parçaňyzy-da, diňleýjileri-de göz öňünde tutmaly.

Mukaddes Ýazgylar okuwynda ýa-da ýygnak duşuşygynda sesli okamaly bolanda, haýsy pikirleri nygtap geçmeli? Abzasyň soragyna jogap berýän pikirleri we okaýan sözbaşyňyzyň tema bilen baglanyşykly bolan pikirlerini nygtamaly.

Ýygnakda çykyş edýän doganlara nutugy doly ýazyp, soňra ondan okamak maslahat berilmeýär. Emma käte kongresde çykyş edýän doganlara taýyn nutuk berilýär. Bu ähli kongreslerde bir pikiriň birmeňzeş beýan edilmegi üçin edilýär. Çykyş etjek dogan esasy pikiri nygtamak üçin, ilki bilen, nutugy gowy derňew etmeli. Nutugyň esasy bölümi näme? Nutukçy ony anyklamagy başarmaly. Esasy bölümler bu nutukça ýaran pikirler däl-de, nutugyň özeni bolup durýan pikirlerdir. Käte olar ýönekeý sözlemlerden ybarat bolýar, olardan soňra haýsydyr bir waka ýa-da subutnama getirilýär. Köplenç bolsa, ilki, subutnama getirilýär, soňra esasy pikirler nygtalýar. Nutukçy esasy bölümleri anyklanyndan soňra, olary bellik etmeli. Esasy bölümler dört-bäşden köp bolmaýar. Soňra ol nutugy sesli okap taýýarlananda, esasy bölümleriň diňleýjilere düşnükli bolmagynyň aladasyny etmeli. Esasy bölümler nutugyň özeni bolup durýar. Eger çykyş edýän dogan esasy bölümleri nygtap başarsa, olar diňleýjileriň ýadynda galar. Bu onuň esasy maksady bolmalydyr.

Esasy pikirleri nygtamagyň birnäçe usuly bar. Nutukçy olaryň kömegi bilen esasy pikirleriň diňleýjileriň ýadynda galmagyna kömek etmeli. Meselem, has joşgunly, güýçli duýgy we yşarat bilen ýa-da sözleýiş badyny üýtgedip aýdyp biler.

NÄMÄNI UNUTMALY DÄL

  • Nutugy derňäp, onuň özeni bolup durýan esasy pikirleri anyklaň. Soňra olary bellik ediň.

  • Sesli okanyňyzda, esasy pikirleri has joşgunly aýdyň we sözleýiş badyňyzy gowşadyp, olary güýçli duýgy bilen nygtap geçiň.

GÖNÜKME «Garawul diňi» žurnalynyň ýygnak duşuşygynda geçilýän makalasyndan bäş abzasy saýlaň. Abzasdaky soraglaryň jogabynyň aşagyny çyzyň. Soňra diňleýjiler olary aňsatlyk bilen tapar ýaly edip okaň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş