53-NJI SAPAK
Diňleýjileri ruhlandyrmak
HUDAÝYŇ gullukçylary kynçylyklara duş gelýändigine garamazdan, ýygnak duşuşyklarynda ruhlanyp bilýärler. Şol sebäpli, esasanam, ýygnak ýaşululary nutuklary we maslahatlary bilen dogan-uýalary ruhlandyrmaly. Olar ýygnagyň agzalaryny «ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek» goldamaly (Iş. 32:2).
Sen ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän bolsaň, nutuklaryňy ruhlandyryjy we teselli beriji edip taýýarlaýarmyň? Seniň nutuklaryň Ýehowa wepaly gulluk etmäge jan edýän dogan-uýalary ruhlandyrýarmy? Adamlaryň hoş habara sowuk-sala garaýandygyna garamazdan, Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin jan edýän wagyzçylaryň göwnüni göterýärmiň? Eger diňleýjileriň arasynda göwnüçökgünlige düşen, maddy taýdan kynçylyk çekýän ýa-da bejerip bolmaýan kesele garşy göreşýän adamlar bar bolsa näme? Sen olary aýdýan «sözleriň bilen ruhlandyryp» bilersiň (Eýýup 16:5).
Nutuk bilen çykyş edeniňizde Ýehowanyň beren sowgatlary, ýagny Mukaddes Ýazgylar, ýygnak duşuşyklary, doga etmek, töleg gurbany ýaly zatlar arkaly dogan-uýalaryň umydyny we imanyny berkidip bilersiňiz (Rim. 15:13; Efes. 6:10).
Diňleýjilere Ýehowanyň eden işlerini ýatladyň. Munuň üçin Ýehowanyň geçmişde öz halkyna kyn ýagdaýlarda nädip kömek edendigini gürrüň berip, diňleýjileri ruhlandyryň (Rim. 15:4).
Ysraýyl halkynyň Wada edilen diýara girmeziniň öňüsyrasy, Ýehowa Musa ýüzlenip, Ýeşuwanyň «dözümli we mert» bolmagy üçin, ony ruhlandyrmagy tabşyrdy. Şol wagt Wada edilen diýarda ysraýyllylaryň duşmanlary ýaşaýardy. Şonda Musa Ýeşuwany nädip ruhlandyrdy? Ol bütin ysraýyl halkyna Müsürden çykyp gaýdany bäri Ýehowanyň olar üçin nämeleri edendigini ýatlatdy (Kan. tag. 3:28; 7:18). Şeýle-de Musa amorlara garşy söweşlerde Ýehowanyň ýeňiş gazanmaga kömek edendigini hem agzap geçdi. Soňra ol Ýeşuwa: «Dözümli we mert bol!» diýdi (Kan. tag. 31:1—8). Siz hem, dogan-uýalary ruhlandyrmakçy bolanyňyzda, Ýehowanyň olar üçin eden işlerini ýatladyp, imanyny berkidýärsiňizmi?
Käte diňleýjiler agyr kynçylyklara uçraýandygy sebäpli, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketlerini alyp biljekdiklerine şübhelenmekleri mümkin. Şeýle ýagdaýda olara Ýehowanyň wadalarynyň hemişe ýerine ýetýändigini ýatladyň (Ýeş. 23:14).
Käbir ýurtlarda hoş habary wagyz etmek işi gadagan edilýär. Ýygnak ýaşululary şol ýurtlarda gulluk edýän dogan-uýalary söýgi bilen goldap, Isa Mesihiň resullary bilen bolan wakalary gürrüň berip, olaryň imanyny berkidip bilerler (Res. iş. 4:1—5:42). Şeýle-de Ester kitabyndan görnüşi ýaly, Hudaýyň käbir wakalara goşulandygyny nygtap geçseňiz, dogan-uýalary batyrgaý bolmaga höweslendirip bilersiňiz.
Käte ýygnak duşuşyklaryna gelýän adamlaryň käbiri ruhy taýdan ösmeýärler. Ähtimal, olar öňki eden günäleri sebäpli biynjalyk bolup, Ýehowa olary bagyşlamaz diýip pikir edýändirler. Şeýle ýagdaýda siz Ýehowanyň Manaşe patyşa nädip geçirimlilik edendigini gürrüň berip bilersiňiz (2 Ýyl. 33:1—16). Ýa-da gadymy Korintos şäherinde ýaşan adamlaryň durmuşyny özgerdip, mesihçi bolandygyny we Hudaýyň olary bagyşlandygyny aýdyp bilersiňiz (1 Kor. 6:9—11).
Belki, diňleýjileriň käbiri Hudaýyň razylygyny ýitirendigi sebäpli kynçylyklara uçraýandyryn diýip pikir edýändir. Siz olara Eýýubyň başdan geçiren zatlaryny we aýypsyzlygyny saklandygy üçin Ýehowanyň oňa köp bereketler berendigini ýatladyp bilersiňiz (Eýýup 1:1—22; 10:1; 42:12, 13; Zeb. 34:19). Eýýubyň dostlary oňa teselli bermegiň deregine, ony günä iş edendir diýip aýypladylar (Eýýup 4:7, 8; 8:5, 6). Emma olardan tapawutlylykda Pawlus bilen Barnabas dogan-uýalara: «Biz Hudaýyň patyşalygyna köp muşakgatlar bilen girmelidiris» diýip, «şägirtleriň janlaryna kuwwat berdiler we olara imanda berk durmagy ündediler» (Res. iş. 14:21, 22). Şonuň ýaly, siz hem synaglara düşýän dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin, ähli mesihçileriň çydamly bolmalydygyny we Hudaýyň olary gymmat saýýandygyny belläp geçiň (Sül. tym. 27:11; Mat. 24:13; Rim. 5:3, 4; 2 Tim. 3:12).
Diňleýjileri öz durmuşynda Ýehowanyň haýsy wadalarynyň ýerine ýetendigi hakynda oýlanmaga höweslendiriň. Şonda olar Ýehowanyň wada berişi ýaly, eýýäm käbir zatlary edendigine göz ýetirerler. Zebur 32:8-de şeýle diýilýär: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar». Diňleýjilere Ýehowanyň olara nädip görkezme berendigini we imanyny berkidendigini ýatlatsaňyz, siz Hudaýyň olar bilen içgin gyzyklanýandygyna hem-de islendik synaglarynda kömek etjekdigine düşünmäge ýardam edersiňiz (Iş. 41:10, 13; 1 Pet. 5:7).
Hudaýyň häzir nämeleri edýändigini şatlyk bilen gürrüň beriň. Dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin, olaryň ünsüni Ýehowanyň häzir edýän zatlaryna çekjek boluň. Eger bu zatlary joşgunly gürrüň berseňiz, onda diňleýjileriň ýüregine täsir edip, olary ruhlandyryp bilersiňiz.
Durmuşda ýüze çykýan kynçylyklara döz gelmäge Ýehowanyň nädip kömek edýändigi barada pikir alşyň. Hudaý bize durmuşyň iň gowy ýoluny görkezýär (Iş. 30:21). Ol jenaýatçylygyň, adalatsyzlygyň, garyplygyň, keselçiligiň we ölümiň sebäbini düşündirýär hem-de nädip olaryň soňuna çykjakdygyny aýdýar. Ýehowa bize mähirli dogan-uýalary berdi. Ol bize gymmatly sowgat, ýagny doga etmek mümkinçiligini berdi. Şeýle-de ol bize özüniň Şaýatlary bolmak hormatyny ynandy. Ýehowa bize gökde Mesihiň tagta çykandygyna we Şeýtanyň dünýäsiniň tizden ýok ediljekdigine düşünmäge kömek etdi (Ylh. 12:1—12).
Ýygnak duşuşyklary-da, kongresler-de Ýehowanyň berýän bereketidir. Eger siz bu sowgatlar barada minnetdarlyk bilen gürrüň berseňiz, onda diňleýjilere dogan-uýalar bilen ýygnanyşmaklyga sowuk-sala garamazlyga kömek edersiňiz (Ýew. 10:23—25).
Wagyzda edýän tagallalarymyzy Ýehowanyň patalaýandygyny görkezýän hasabatlary okanymyzda-da, biz örän ruhlanýarys. I asyrda Pawlus bilen Barnabas Iýerusalime barýarkalar, mesihçilere başga milletli adamlaryň hakykaty kabul edendigini gürrüň berenlerinde, «doganlar uly şatlyk» duýdular (Res. iş. 15:3). Siz hem ruhlandyryjy wakalary gürrüň berip, diňleýjileri şatlandyryp bilersiňiz.
Biz dogan-uýalaryň edýän işleriniň gymmat saýylýandygyny aýdanymyzda hem olary ruhlandyryp bilýäris. Diňleýjilere wagyz işine gatnaşýandygy üçin öwgüli sözleri aýdyň. Şeýle-de gartaşandygy ýa-da syrkawlandygy sebäpli köp zatlary edip bilmeýän dogan-uýalary wepalylygy we çydamlylygy üçin öwüň. Olaryň Ýehowanyň adyna bildirýän söýgüsini Hudaýyň hiç haçan unutmaýandygyny belläp geçiň (Ýew. 6:10). Ýehowa synaglarda berk duran adamyň imanyny gymmat saýýar (1 Pet. 1:6, 7). Dogan-uýalara muny ýatlatmak örän wajypdyr.
Gelejekdäki umyt barada joşgunly gürrüň beriň. Ýehowanyň gelejek babatda berýän wadalary Hudaýy söýýän adamlaryň ählisini örän ruhlandyrýar. Ähtimal, diňleýjileriňiz bu wadalary ýygy-ýygydan eşidýändir. Emma olary joşgunly gürrüň berseňiz, diňleýjileri şol wadalaryň hakykatdygyna we ýerine ýetjekdigine ynandyryp bilersiňiz hem-de olaryň ýüreginde minnetdarlyk duýgusyny oýararsyňyz. Wagyz mekdebinde öwrenen zatlaryňyzy ulansaňyz, bu maksada ýetip bilersiňiz.
Ýehowa adamlary ruhlandyrýan we güýç berýän Beýik Hudaýdyr. Eger onuň bilen «işleşsek», biz-de adamlary ruhlandyryp hem-de imanyny berkidip bileris. Şol sebäpli siz hem ýygnakda çykyş edeniňizde, dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin jan ediň.