Üstünlik gazanmak üçin jan et
SEN Wagyz mekdebiniň ähli sapaklarynyň üstünde işlediňmi? Şeýle-de her sapakda berilýän gönükmeleri ýerine ýetirdiňmi? Nutuk bilen çykyş edeniňde, Wagyz mekdebinde ýa-da duşuşygyň başga bölüminde çykyş edeniňde we wagyz gullugynda şu kitapda berlen her maslahatyň üstünde işlediňmi?
Wagyz mekdebinde okamagyňy dowam et. Sen nutuk bilen näçe wagt bäri çykyş edýän bolsaň-da, käbir zatlaryň üstünde hemişe işlemeli bolarsyň.