Dilewarlyk we mugallymçylyk ukyplaryny ösdürmegiň meýilnamasy
BU MEÝILNAMA ýaşlara, garrylara, erkek kişidir aýallara ukybyny ösdürmäge we Hudaýyň Sözüniň ökde mugallymy bolmaga ýardam eder.
Wagyz mekdebine ýazylanlara ýumşy Mekdep gözegçisi berýär. Mundan soňky üç sahypada siziň üçin okuw blankasy berlen. Ondaky sanlar sapaklaryň tertibini görkezýär. Bu sapaklar dilewarlyk hem mugallymçylyk ukyplarynyň wajypdygyny we olary nädip özleşdirip bolýandygyny düşündirýär. Şeýle-de siz berlen maslahatlara nädip eýerip bolýandygyny bilersiňiz.
Okuw blankasyndaky sapaklaryň haýsy ýumşa degişlidigi dürli reňkler bilen görkezilen: 1) diňleýjileriň öňünde okamak, 2) iki ýa-da ondan köp adamdan ybarat sahna taýýarlamak, 3) nutuk bilen çykyş etmek. Mekdebiň gözegçisi haýsy sapagyň üstünde işlemelidigini bellär. Ýumşa taýýarlananyňyzda, diňe berlen sapagyň üstünde işleseňiz gowy bolar. Sapaga degişli gönükmeleri ýerine ýetirseňiz peýdaly bolar. Eger sapagy dogry ýerine ýetirseňiz, maslahat berýän dogan başga sapagyň üstünde işlemegi tabşyrar.
Eger sahna taýýarlamaly bolsaňyz, onda size şertli ýagdaý gerek bolar. Olar 82-nji sahypada berlen, emma siz başga şertli ýagdaýy hem ulanyp bilersiňiz. Maslahat berýän dogan tejribe toplamagyňyz üçin size şertli ýagdaýyň birini tabşyrar ýa-da ony özüňiz saýlap bilersiňiz.
Eger ýumuş tabşyrylmadyk ýagdaýynda-da bu kitaby özbaşdak okap, gönükmelerini işleseňiz, ukyplaryňyzyň kämilleşmegine ýardam edersiňiz. Belki-de, siz her hepde bir sapagyň üstünde işlärsiňiz.
Wagyz mekdebine ýa-da wagyz işine ençeme ýyldan bäri gatnaşýan bolsaňyz-da, ruhy taýdan hemişe ösmelisiňiz. Goý, Wagyz mekdebiniň berýän bilimi size doly peýda getirsin!