Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 2/14 sah. 3—4
  • Ýygnagyň gözegçileri — Wagyz mekdebiniň gözegçisi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnagyň gözegçileri — Wagyz mekdebiniň gözegçisi
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Mekdebiň gözegçileri üçin görkezme
    Wagyz mekdebi
  • 2015-nji ýylyň Wagyz mekdebi duşuşygy öwretmek ukybymyzy kämilleşdirmäge kömek eder
    Hudaýa gullugymyz — 2014
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 2/14 sah. 3—4

Ýygnagyň gözegçileri — Wagyz mekdebiniň gözegçisi

1. Wagyz mekdebiniň gözegçisi edip kimi belleýärler?

1 Hudaýyň Sözüni ýaýratmakda, öwretmekde zähmet çekýän we ruhy taýdan ýetişen ýaşulyny Wagyz mekdebiniň gözegçisi edip belleýärler. Ol biziň hormat goýmagymyza hem-de hyzmatdaşlyk etmegimize mynasypdyr (1 Tim. 5:17). Onuň nähili borçlary bar?

2. Gözegçi nähili borçlary ýerine ýetirýär?

2 Ol Patyşalyk zalyndaky Wagyz mekdebiniň kitaphanasyna jogapkär. Ol Wagyz mekdebine ýazylmaga taýyn bolan ähli adamlaryň mekdebe ýazylmagynyň aladasyny edýär. Wagyz mekdebiniň gözegçisi okuwçylaryň çykyş etmezinden azyndan üç hepde öň tertip boýunça ýumuş almaklary üçin dogry ýazgy ýöredýär. Ol mekdebe ýazylanlaryň ählisini we olaryň ukybyny ýatdan çykarman, ýygnakdaky ähli dogan-uýalary gowy tanamaly. Mekdebiň gün tertibini düzmäge doganlardan biri oňa kömek etse-de, ýumuşlary paýlamak üçin gözegçiniň özi ýolbaşçylyk edýär.

3. Gözegçi mekdebi gowy geçirer ýaly näme edýär?

3 Gözegçi mekdebi gowy geçirer ýaly, her hepde geçiljek materiala gowy taýýarlyk görmeli. Şonda ýygnakdaky dogan-uýalar programmany höwes bilen diňlärler, şeýle-de bu gözegçä berlen materialyň dogry taýýarlanandygyny kesgitlemäge we soňra «Geçilenleri gaýtalamak» programmasynda boljak esasy pikirleri nygtamaga kömek eder.

4. Her bir okuwça gözegçi nädip kömek edýär?

4 Okuwçylaryň her çykyşyndan soň gözegçi olary öwýär we käbir pikirleriň näme üçin gowy bolandygyny düşündirýär. Eger okuwça maslahat berilmeli bolsa, onda gözegçi duşuşykdan soň ýa-da başga bir wagty ikiçäk ýagdaýda berip biler. Kimdir birine ýumuşlary taýýarlamak üçin kömek gerek bolsa, onda gözegçiniň özi ýa-da ol tarapyndan bellenen dogan ýa uýa kömek edip biler.

5. Wagyz mekdebi bize peýdaly bolar ýaly näme etmeli?

5 Wagyz mekdebiniň gözegçisiniň we onuň ýolbaşçylygynda okuwçylara maslahat berýän doganlaryň yhlas bilen çekýän zähmeti bize peýdaly bolar ýaly hemişe mekdebe gatnaşmaly. Şeýle-de bize berlen ähli ýumuşlary taýýarlamaly we maslahata eýermeli. Şonda biz wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň Patyşalygyny «aç-açan hem öýden-öýe» ökdelik bilen wagyz ederis (Res. iş. 20:20, 21; 1 Tim. 4:13, 15).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş