Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • be sah. 282—sah. 285
  • Mekdebiň gözegçileri üçin görkezme

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mekdebiň gözegçileri üçin görkezme
  • Wagyz mekdebi
  • Meňzeş maglumat
  • 2015-nji ýylyň Wagyz mekdebi duşuşygy öwretmek ukybymyzy kämilleşdirmäge kömek eder
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
    «Mesihçileriň durmuşy we wagzy» duşuşygy üçin görkezme
  • Öwretmek ukybyňyzy kämilleşdiriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Okuw geçýäne suwa çümdürilmäge kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
Başgalary
Wagyz mekdebi
be sah. 282—sah. 285

Mekdebiň gözegçileri üçin görkezme

HER ýygnakda bir ýaşuly Wagyz mekdebiniň gözegçisi edip bellenilýär. Eger saňa-da şeýle jogapkärli iş ynanylan bolsa, seniň güýçli yhlasyň we ýürekden edýän aladaň Wagyz mekdebinde okaýanlaryň her biriniň üstünlik gazanmagyna ýardam eder.

Seniň esasy borjuň her hepde geçirilýän Wagyz mekdebine gözegçilik etmekdir. Emma ýygnakda ýumuş bilen çykyş edýänlerden başga-da adamlaryň bardygyny unutma. Mekdebi geçireniňde, şu kitabyň 5—8-nji sahypalaryndaky agzalan maksatlary göz öňünde tut. Ýygnaga gatnaşýanlaryň ählisi şol maksatlaryň azyndan birine ýetip biler ýaly, olara höweslendiriji we peýdaly maslahatlary ber.

Mekdebe gatnaşýanlara okamak, sahna taýýarlamak ýa-da nutuk bilen çykyş etmek tabşyrylýar. Olara nähili ýumşuň tabşyrylandygyna garamazdan, ählisi bilen gyzyklan. Olara ýumuşlary ýöne bir ýerine ýetirmän, eýsem, Ýehowa gullugyny gowulandyrmak üçin mümkinçilik ýaly garamaga kömek et. Elbetde, Mekdepde ökdeleşmek olaryň edýän tagallasyna bagly bolýar. Emma sen mähirli bolup, olara berilýän maslahatyň wajypdygyna düşünmäge kömek etmeli we oňa nädip eýerip bolýandygyny düşündirmeli. Munuň üçin sen her bir çykyşy ünsli diňlemeli. Şonda sen çykyş edýänlere peýdaly maslahat berip bilersiň.

Mekdebiň wagtynda başlanmagyna we tamamlanmagyna gözegçilik et. Sen çykyş edeniňde berlen wagtyň çäginden çykman, başgalara gowy görelde görkez. Eger çykyş edýän adam ýumşuny wagtynda tamamlamasa, sen ýa-da seniň kömekçiň oňa yşarat edip duýdurmaly. Şonda ol sözüni soňlap, çykyşyny tamamlamaly. Eger duşuşygyň beýleki bölümleri uzagrak dowam etse, öz çykyşyňy gysgalt we duşuşykdan soň, wagtyň çäginden çykan dogana maslahat ber.

Sen ýygnak duşuşygyna gatnaşanyňda, Wagyz mekdebini özüň geçirmeli. Seniň ýygnaga barmaga mümkinçiligiň bolmasa, ýaşulular maslahatynyň bellän başga bir ýaşulusy mekdebiň geçirilmegine gözegçilik etmeli. Eger saňa meýilnama düzmek, Mekdepde berilýän ýumuşlaryň blankasyny doldurmak we olary paýlamak üçin kömek gerek bolsa, ýaşulular maslahatynyň bellän gulluk hyzmatçysy saňa ýardam edip biler.

Mekdebe ýazylmak. Ähli wagyzçylary mekdebe ýazylmaga höweslendir. Eger gyzyklanýan adam ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşsa, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşsa we Hudaýyň prinsiplerine görä ýaşaýan bolsa, onda ol mekdebe ýazylyp biler. Mekdebe ýazylmak isleýän adama öwgüli sözleri aýt. Eger ol wagyzçy bolmadyk bolsa, sen Mekdep gözegçisi hökmünde onuň bilen okuw geçen adamyň (ýa-da mesihçi ata-enesiniň) gatnaşmagynda mekdebe ýazylmak üçin talaplary ara alyp maslahatlaşmaly. Mekdebe ýazylmak isleýänler hem suwda çokundyrylmadyk wagyzçy bolmak üçin edilýän talaplara laýyk gelmeli. Şol talaplar «Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris» (rus.) kitabynyň 79, 80-nji sahypalarynda agzalyp geçilýär. Mekdebe ýazylanlaryň spisogyny hemişe barlap dur.

Okuw blankasyny ulanmak. Okuw blankasy her bir mekdebe ýazylan adamyň kitabynyň 79—81-nji sahypalarynda bar. Okamak ýumşy tabşyrylan adam okuw blankasynda reňklenip görkezilişi ýaly, 1—17-nji sapaklary ulanyp biler. Sahna taýýarlanylanda 7, 52 we 53-nji sapaklardan başga ählisini ulanyp bolýar. Nutuk bilen çykyş edilende bolsa 7, 18 we 30-njy sapaklardan başga ählisini ulanyp bolýar.

Ýumuş bilen çykyş edýän adama haýsy-da bolsa bir sapagyň üstünde işlemek tabşyrylanda, mekdebiň gözegçisi onuň kitabyndaky okuw blankasynda görkezilen «Sapagyň berlen senesi» diýen ýere galam bilen senäni ýazmaly. Mekdepde çykyş edýän adam sapagyň üstünde işländen soň, ondan şol sapaga degişli gönükmäni ýerine ýetirendigini ikiçäk sora. Eger ol ony ýerine ýetiren bolsa, okuw blankasynda görkezilen dörtburçluga bellik goý. Eger sen oňa ýene-de şol sapagyň üstünde işlemegi maslahat berseň, onda «Işläp gutaran wagty» diýen ýeri boş goý. Şol ýeri diňe çykyş edýän adam indiki sapaga geçmäge taýyn bolanda doldurmaly. Şeýle-de 82-nji sahypada görkezilen şertli ýagdaýlaryň hersiniň gabadynda işlenilen senesini ýazmaly. Okuw blankasynda görkezilen sapaklaryň hersiniň üstünde iki gezek işläp bolýar we şertli ýagdaýlaryň hem her birini iki gezek ulanyp bolýar. Mekdebe gatnaşýanlar duşuşyga kitabyny ýany bilen alyp gelmeli.

Mekdepde çykyş edýän adama birden artyk sapagyň üstünde işlemegi tabşyrma. Aslynda, sapaklar görkezilen tertipde berilse gowy bolýar. Emma çykyş edýän adam ukyply bolsa, ony käbir sapaklary özbaşdak öwrenmäge we olarda berilýän maslahatlara eýermäge höweslendir. Sen oňa has ökde nutukçy we mugallym bolmaga ýardam etjek sapaklaryň üstünde işlemäge kömek edip bilersiň.

Adam ençeme ýyl bäri Mekdepde çykyş edýän bolsa-da, ol her sapagy öwrense we onda berilýän maslahatlary ulansa köp peýda alyp biler. Mekdebe gatnaşýan adamyň aýratyn zerurlygy bar bolsa, sapaklary berlen tertipde däl-de, onuň zerurlygyny göz öňünde tutup saýlap bilersiň.

Maslahat bermek. Maslahat bereniňde, Mukaddes Ýazgylardaky mysallary we prinsipleri gowy ulanjak bol. Mekdepde okaýan adam seniň Hudaýyň Sözündäki prinsiplere esaslanyp maslahat berýändigiňi we ony gowy niýet bilen berýändigiňi duýmaly.

Sen dogan-uýalaryň «işdeşidigiňi» unutma (2 Kor. 1:24). Dogan-uýalar ýaly, sen hem ökde nutukçy we mugallym bolmak üçin ukyplaryňy artdyrmaly. «Wagyz mekdebi» kitabyny okap we ondaky maslahatlara eýerip, başgalara gowy görelde görkez.

Mekdebe gatnaşýanlara gowy okamagy öwrenmäge, ökde nutukçy we mugallym bolmaga kömek etmegi maksat edin. Bu maksada ýetmek üçin olara ähli sapaklara, olaryň ähmiýetine hem-de olaryň üstünde nädip işlemelidigine düşünmäge kömek eder ýaly eliňde baryny et. Bu babatda saňa «Wagyz mekdebi» kitaby kömek eder. Emma sen, köplenç, kitapda ýazylan zatlary ýöne bir okamak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň manysyny we olary nädip ulanyp bolýandygyny düşündirmeli bolarsyň.

Eger adam ýumşuny gowy ýerine ýetirse, oňa öwgüli sözleri aýt. Onuň nämäni gowy ýerine ýetirendigini we munuň näme üçin wajypdygyny gysgaça belläp geç. Eger ol ýene-de käbir zatlaryň üstünde işlemeli bolsa, onuň muny näme üçin etmelidigine düşünýändigini anyklajak bol. Soňra onuň muny nädip edip biljekdigini ara alyp maslahatlaş. Sen oňa mähirlilik bilen anyk maslahat ber.

Köp adamlar üçin köpçüligiň öňünde çykyş etmek kyn bolýandygyny unutma. Eger çykyş edýän adam ýumşy gowy ýerine ýetirip bilmedim diýip pikir etse, indi tagalla etmek gerek däl diýmegi mümkin. Emma sen «epilen gamşy döwmedik» we «tütän peltäni söndürmedik» Isadan görelde al (Mat. 12:20). Mekdepde çykyş edýän adamyň duýgularyny göz öňünde tut. Maslahat bereniňde, onuň tejribeli wagyzçydygyny ýa-da ýaňy mekdebe ýazylan adamdygyny hem göz öňünde tut. Mähirli we ýürekden aýdylan öwgüli sözler ruhlandyrýar hem-de tagalla etmäge höweslendirýär.

Mekdepde çykyş edýän her bir adamyň mertebesine hormat goý. Rimliler 12:10-da şeýle diýilýär: «Hormatda her kişi beýlekini özünden ýokary saýsyn». Wagyz mekdebiniň gözegçisi üçin, gör, nähili gowy maslahat! Eger mekdebe gatnaşýan adamyň ýaşy senden uly bolsa, 1 Timoteos 5:1, 2-däki maslahata eýerjek bol. Maslahat bereniňde düzediş bermeli bolsaň, adamyň ýaşyny göz öňünde tutup, mähirli gürleseň, köplenç, maslahaty ýürekden kabul edýärler (Sül. tym. 25:11).

Maslahat bereniňde, Mekdebe gatnaşýanyň näme maksat bilen çykyş edýändigini belläp geç. Onuň maksady taýýarlan çykyşy üçin ýöne bir öwgüli sözleri eşitmek we indiki sapaga geçmek däl. Şeýle-de onuň maksady çykyşy bilen diňleýjileri haýran galdyrmak däldir (Sül. tym. 25:27). Biz geplemek ukybymyzy Ýehowany şöhratlandyryp, başgalara ony tanamaga we söýmäge kömek etmek üçin ulanmak isleýäris. Wagyz mekdebinde berilýän tälim bize Matta 24:14 we 28:19, 20-nji aýatlardaky tabşyrygy üstünlikli berjaý etmäge kömek edýär. Wagtyň geçmegi bilen, tejribeli we suwda çokundyrylan doganlara «Hudaýyň sürüsiniň» aladasyny etmek üçin jemagat nutuklary bilen çykyş etmegi hem-de tälim bermegi haýyş ederler (1 Pet. 5:2, 3).

Mekdebe gatnaşýanlara berlen sapagy çykyşdan soň hem birnäçe günüň dowamynda okamagy maslahat ber. Olary öwrenen zatlaryny Mekdepde çykyş edenlerinde, başgalar bilen gürrüňdeş bolanlarynda, ýygnak duşuşyklarynda jogap berenlerinde we wagyzda ulanmaga höweslendir.

Ýumşy nädip bermeli? Wagyz mekdebinde ýumşy azyndan üç hepde öňünden bermeli. Ýumuşlaryň hemmesini, mümkin boldugyndan, ýazuw görnüşinde bermeli.

Ýygnak duşuşyklarynda görkezme bermek bilen bagly ýumuşlary ukyply ýaşululara ýa-da ökdelik bilen tälim berýän gulluk hyzmatçylaryna bermeli.

Haýsy ýumuşlary doganlara, haýsysyny uýalara bermelidigini anyklamak üçin Wagyz mekdebiniň meýilnamasyndaky görkezmä eýer. Eger Mekdebe gatnaşýanlaryň arasynda doganlar az bolsa, onda olara okamak ýumşuny bermek bilen çäklenmän, eýsem, nutuk bilen çykyş etmäge-de mümkinçilik ber.

Ýumuş bereniňde Mekdebe gatnaşýanlaryň ýagdaýyny göz öňünde tutjak bol. Ýaşuly dogan ýa-da gulluk hyzmatçysy Gulluk duşuşygynda, ýa-da jemagat nutugy bilen çykyş etmeli bolsa, onda şol hepde olara Wagyz mekdebinde-de ýumuş berilse ýerlikli bolarmy? Eger uýamyz çagasyna çykyşyny taýýarlamaga kömek etmeli bolsa, emma çagasynyň çykyş etmeli güni uýa-da sahna tabşyrylsa, olara kyn düşmezmi? Esasanam, berýän ýumşuň temasy ýaşlara ýa-da suwda çokundyrylmadyk wagyzçylara laýyk geler ýaly ünsli bol. Şeýle-de berýän ýumşuň Mekdebe gatnaşýan adamyň işleýän sapagyna gabat gelýändigine göz ýetirjek bol.

Uýalara ýumuş tabşyranyňda, olar 78 we 82-nji sahypalardaky görkezmelere eýerip, şertli ýagdaýy özleri saýlap bilýär. Sahna bilen çykyş edýänlere bir kömekçi bellemeli, emma käte iki kömekçi bellese-de bolýar. Şeýle-de sahna taýýarlaýan uýa saýlan şertli ýagdaýyna gabat gelýän kömekçini bellemegi-de haýyş edip biler.

Goşmaça klaslar. Eger ýygnakda Wagyz mekdebine ýazylanlaryň sany 50-den köp bolsa, onda käbir çykyşlar üçin goşmaça klaslary döretse bolýar. Ýerli ýagdaýa görä, şeýle klaslarda ähli çykyşlary ýa-da diňe 2-nji we 3-nji ýumuşlary geçirse bolýar.

Goşmaça klas üçin maslahat berýän dogan hem bellenmeli. Ol, mümkin bolsa, ýaşuly bolmaly. Käbir ýagdaýlarda maslahat berýän dogan hökmünde ukyply gulluk hyzmatçyny-da bellese bolýar. Maslahat berýän doganlar ýygnagyň ýaşulular maslahaty tarapyndan bellenilýär. Wagyz mekdebiniň gözegçisi goşmaça klaslaryň maslahat berýän doganlary bilen ýakyndan işleşmeli. Bu bütin ýygnakdaky Wagyz mekdebine gatnaşýanlara kömek eder.

Okamagy öwredýän kurs. Eger ýygnakda käbir adamlar okap bilmeýän bolsa, ýygnagyň ýaşulular maslahaty okamagy öwredýän kurs döredip biler. Ony Wagyz mekdebi duşuşygynyň soňky iki ýumuşlarynyň geçýän wagty aýratyn otagda geçirse bolýar. Bu kursda okamak öwredilýär ýa-da okamak ukybyny ösdürmäge ýardam edilýär.

Okamagy öwredýän kursy Wagyz mekdebiniň geçýän wagty geçirmek hökman däl. Okamagy öwretmek üçin käbirlerine köpräk wagt sarp etmeli bolmagy mümkin. Ýygnagyň ýaşululary bu babatda nähili kömegiň gerekdigini we şeýle okuwy haçan geçirmelidigini kesgitläp bilýärler. Ýerli ýagdaýa görä, birnäçe adamdan ybarat bolan topara ýa-da her bir adama aýratynlykda öwretse bolar.

Munuň üçin gowy öwredip bilýän adam gerek bolar. Şeýle kursa, mümkin bolsa, dili gowy bilýän we gowy okaýan dogany bellemeli. Eger şeýle dogan ýok bolsa, onda ukyply we göreldeli uýadan kömek sorasa bolar. Ýöne okamagy öwredýän uýa başyny örtmeli (1 Kor. 11:3—10; 1 Tim. 2:11, 12).

Okamagy we ýazmagy öwretmek üçin käbir dillerde «Okamagy we ýazmagy öwren» atly broşýura çap edildi. Elbetde, öwrenýän adamyň ukybyny göz öňünde tutup, başga edebiýatlary-da ulansa bolar. Bu kursda okamagy öwrenen adamlary Wagyz mekdebine gatnaşmaga höweslendirip bilersiň.

Wagyz mekdebiniň gözegçisi hökmünde, sen ýygnaga köp peýda getirip bilersiň. Munuň üçin gowy taýýarlyk gör we Rimliler 12:6—8-nji aýatlardaky maslahata eýerip, Hudaýyň saňa ynanan jogapkärli işini ýürekden ýerine ýetir.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş