On üçünji bap
Ýehowanyň tagtynyň öňünde duran uly märeke
1. a) Hudaýyň mesihçilerden öňki gullukçylary we 144 000 sany adam nämäni datman sylagy alyp bilmezler? b) Häzirki «uly märekäniň» nähili gelejegi bar?
HABYLDAN başlap, tä Ýahýa çokundyryja çenli Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň durmuşynda iň esasy zat Hudaýyň islegini ýerine ýetirmekdi. Emma olaryň hemmesi aradan çykdy, indi olara Hudaýyň ýer ýüzünde boljak täze dünýäsinde ýaşamak üçin direliş garaşýar. Hudaýyň gökdäki Patyşalygynda Isa Mesih bilen bile höküm sürjek 144 000 sany adam sylaglaryny almak üçin ölmeli. Emma Ylham 7:9-da görkezilişi ýaly, soňky günlerde ölmän ýerdäki ebedi ýaşaýşa gowuşjak «uly märeke» bar. Sen hem şol märekäniň arasyndamy?
Uly märeke kimlerden ybarat?
2. Ylham 7:9-daky uly märekäniň kimdigi kem-kemden nädip düşnükli boldy?
2 Ýehowanyň gullukçylary 1923-nji ýylda Isanyň Matta 25:31—46-njy aýatlardaky tymsalynda «goýunlaryň» hem-de Ýahýa 10:16-daky «başga goýunlaryň» ýer ýüzünde ebedi ýaşajak adamlary aňladýandygyna düşündiler. 1931-nji ýylda bolsa, Ezekiýel 9:1—11-nji aýatlardaky maňlaýy bellikli adamlaryň-da ýerde ýaşamaga umydynyň bardygyna düşündiler. Soňra 1935-nji ýylda uly märekäniň Isanyň aýdan başga goýunlarynyň sanyna girýändigi belli boldy. Şu günler Hudaýy razy edýän uly märekäniň sany millionlarça ýetdi.
3. «Tagtyň... öňünde dur» diýen sözler näme üçin göge gitjekleri aňlatmaýar?
3 Ylham 7:9-da uly märeke gökde diýilmeýär. «Hudaýyň tagtynyň öňünde durmak» üçin gökde bolmak hökman däl. Olar Hudaýyň gözýetiminde durlar (Zebur 11:4). «Hiç kimiň sanap bilmejek» uly märekesi göge gitjekleriň sanyna girmeýär. Muňa düşünmek üçin uly märekäniň anyk sanynyň belli däldigini ýatda saklap, Ylham 7:4—8-nji hem-de Ylham 14:1—4-nji aýatlary okamaly. Şol aýatlarda göge gidýänleriň anyk sany 144 000 diýilýär.
4. a) Uly märekäniň diri galjak «uly muşakgady» näme? b) Ylham 7:11, 12-ä laýyklykda uly märekäni synlap we olar bilen seždä gatnaşjaklar kimler?
4 Ylham 7:14-de uly märeke barada şeýle diýilýär: «Bular şol agyr muşakgatdan çykyp gelenler». Olar adamzadyň başyna injek iň uly betbagtçylykda diri galarlar (Matta 24:21). Halas bolany üçin Hudaýa we Mesihe minnetdarlyk bildirip, gökdäki wepaly mahluklara goşulyp, olar şeýle aýdym aýdarlar: «Omyn. Öwgi, şöhrat, akyldarlyk, şükür, hormat, güýç we gudrat ebedilik Hudaýymyzyňky bolsun. Omyn!» (Ylham 7:11, 12).
Mynasyp bolmak
5. Uly märekäniň arasynda bolmak üçin näme talap edilýändigini nädip bilmeli?
5 Agyr muşakgatda uly märeke Ýehowanyň adyl kadalaryna laýyklykda halas bolarlar. Halas boljak adamlaryň aýratyn häsiýetleri Mukaddes Ýazgylarda aýdyň ýazylgy. Şeýlelikde, dogrulygy söýýän adamlar halas bolmak üçin häzirden özlerini mynasyp alyp barmaly. Olar näme etmelikä?
6. Uly märekäni goýunlara deňemek näme üçin ýerlikli?
6 Goýunlar ýumşak we gulak asyjy bolýarlar. Diýmek, Isa başga goýunlarym bar diýende, diňe bir ýerde ebedi ýaşamak isleýän däl-de, eýsem, onuň taglymatlaryna-da gulak asjak adamlary göz öňüne tutdy. Ol şeýle diýdi: «Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler» ( Ýahýa 10:16, 27). Şeýle adamlar Isa ähli zatda gulak asýarlar, şonuň üçinem onuň şägirtleri bolýarlar.
7. Isanyň şägirtleri nähili häsiýetleri ösdürmeli?
7 Isanyň şägirtleriniň her biri ýene nähili häsiýetleri ösdürmeli? Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Şunluk bilen, öňki ýaşaýşyňyza degişli bolup, aldawçy höwesler bilen çüýrän köne ýaradylyşy egniňizden çykaryň... Çyn dogrulyk hem mukaddeslikde Hudaýyň meňzeşliginde döredilen täze ýaradylyşy geýniň» (Efesliler 4:22—24). Olar Hudaýyň halkynyň arasynda agzybirligi berkidýän häsiýetleri ösdürýärler. Bu häsiýetler — «söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyr, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk, ýumşaklyk we nebsiňe buýurmaklykdyr» (Galatýalylar 5:22, 23).
8. Uly märeke mesh edilen galyndyny goldap nämä sezewar bolýar?
8 Uly märeke az sanly adamlary goldaýar. Şol adamlar gökde ýaşamaga umyt edýär hem-de wagyz işine ýolbaşçylyk edýär (Matta 24:14; 25:40). Soňky günler başlanda, Isa Mesih we onuň perişdeleri Şeýtany hem-de onuň jynlaryny ýere zyňdy. Şol sebäpli garşylygyň boljakdygyny bilseler-de, başga goýunlar olary goldaýarlar. Bu ýer ýüzüne nähili täsir etdi? «Ýer... waý siziň halyňyza! Çünki Iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» (Ylham 12:7—12). Bu dünýäniň ahyry näçe golaýlaşdygyça, Şeýtan Hudaýyň gullukçylaryna şonça-da köp garşylyk görkezýär.
9. Hudaýyň gullukçylary hoş habary wagyz etmekde nähili üstünlik gazandy we näme üçin?
9 Gazaply yzarlamalara garamazdan, wagyz dowam edýär. Eger-de Birinji Jahan urşunda Patyşalygyň wagyzçylarynyň sany birnäçe müň bolan bolsa, häzir olaryň sany millionlarça ýetdi, çünki Ýehowa şuny wada berdi: «Siziň garşyňyza edilen hiç bir ýarag üstünlik gazanmaz» (Işaýa 54:17). Hatda birinji asyrda ýehudylaryň ýokary sudunyň agzasy-da Hudaýyň işine garşylyk görkezip bolmajakdygyny boýun aldy. Ol fariseýlere ýüzlenip, Isanyň şägirtleri barada şeýle diýdi: «Olary goýberiň, sebäbi, bu raý, bu iş ynsandan bolsa, özi ýogalyp gider. Hudaýdan bolsa-da siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz, gaýtam, Hudaýyň garşysyna söweşýänler bolup çykaýmaň» (Resullaryň işleri 5:38, 39).
10. a) Uly märekäniň agzalaryndaky «bellik» näme aňladýar? b) Hudaýyň gullukçylary «gökden [gelýän] sese» nädip gulak asýarlar?
10 Uly märekäniň agzalary gutulyş üçin bellenýär (Ezekiýel 9:4—6). Olardaky «bellik» özlerini Ýehowa bagyş edip, Isanyň şägirtleri hökmünde suwda çokundyrylyp, Isa Mesihe mahsus häsiýetleri ösdürýändiklerini aňladýar. Olar Şeýtanyň ýalan dininiň dünýä şalygy barada «gökden [gelýän] sese» gulak asýarlar: «Eý halkym! Onuň günälerine şärik bolup, onuň belalaryna uçramazlyk üçin, ol ýerden çykyň» (Ylham 18:1—5).
11. Uly märekäniň agzalary Ýehowanyň gullukçylarydygyny nädip görkezýärler?
11 Onsoňam, Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Biri-biriňize söýgiňiz bolsa, siziň Meniň şägirdimdigiňizi hemmeler biler» (Ýahýa 13:35). Bu dünýäniň dindarlary bolsa söýmegiň deregine, uruşda imandaşlaryny köplenç milleti başga bolany üçin öldürýärler! Hudaýyň Sözünde şeýle diýilýär: «Hudaýyň balalary bilen iblisiň balalary şundan bellidir: dogrulygy ýerine ýetirmeýän, doganyny söýmeýän adam Hudaýdan däldir... biri-birimizi söýeliň. Iblisden bolan, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň» (1 Ýahýa 3:10—12).
12. Ýehowa erbet miwe getirýän «agaçlary», ýagny dinleri uly muşakgatda näme eder?
12 Isa şeýle diýdi: «Her bir oňat agaç oňat miwe berýändir; erbet agaç bolsa erbet miwe berýändir. Oňat agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç-da oňat miwe berip bilmez. Oňat miwe bermeýän her bir agaç kesilip, oda taşlanýandyr. Şeýlelik bilen, ýalan pygamberleri miwelerinden tanarsyňyz» (Matta 7:17—20). Bu dünýäniň dinleriniň miwesi olaryň erbet «agaçdygyny» görkezýär we tizden Ýehowa olary agyr muşakgatda ýok eder (Ylham 17:16).
13. Uly märekäniň Ýehowanyň «tagtynyň öňünde [agzybir] durandygy» nämeden görünýär?
13 Ylham 7:9—15-nji aýatlarda uly märekäniň näme üçin halas boljakdygyna aýratyn üns berilýär. Şu aýatlardan görnüşi ýaly, bu adamlar Ýehowanyň beýik hökümdarlygyna boýun bolup, onuň «tagtynyň ... öňünde [agzybir] durlar». Olar «donlaryny Guzynyň gany bilen ýuwup, çuw ak etdiler». Şeýdip Isanyň töleg gurbanyny kabul edendiklerini görkezýärler (Ýahýa 1:29). Olar özlerini Hudaýa bagyş edendidigini suwda çokundyrylyp görkezdiler. Olaryň ak eşikleri Hudaýyň öňünde arassadygyny we «oňa gije-gündiz hyzmat edýändigini» görkezýär. Seniň pikiriňçe, şu aýdylanlara laýyklykda, sen näme etmeli?
Şu günki bereketler
14. Ýehowanyň gullukçylarynyň şu günler alýan käbir ajaýyp bereketleri haýsylar?
14 Belki, sen Ýehowa gulluk edýän adamlaryň häzirden ajaýyp bereketler alýandygyna üns berensiň. Meselem, Ýehowanyň adyl niýetlerini bilip, adamlar üçin ajaýyp gelejek taýýarlandygyna düşünensiň. Indi seniň durmuşyň manyly boldy, hak Hudaýa gulluk edip, ýerdäki Jennetde ebedi ýaşamaga umydyň bar. Hawa, Patyşa Isa Mesih uly märekäni «ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter» (Ylham 7:17).
15. Mukaddes Ýazgylaryň syýasat we ahlak barada aýdýanlaryna gulak asyp, Ýehowanyň Güwäçileri nähili bereketler alýarlar?
15 Bütin dünýäde Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndaky söýgi, agzybirlik we raýdaşlyk uly märekäniň ajaýyp bereketidir. Sebäbi biziň hemmämiziň ruhy iýmitimiz birmeňzeş bolup, Hudaýyň Sözündäki birmeňzeş kanunlardan we kadalardan ugur alýarys. Ynha, şu sebäpli syýasy we milletparaz pikirleri döredýän agzalalyk bize ýat. Onsoňam, biz Hudaýyň öz halky üçin beren belent ahlak kadalary boýunça ýaşaýarys (1 Korintoslylar 6:9—11). Şonuň üçin dünýäde giňden ýaýran duşmançylygy, agzalalygy hem-de ahlaksyzlygy Ýehowanyň halkynyň arasynda görmersiň, gaýtam, olar ruhy jennetde ýaşaýarlar. Munuň Işaýa 65:13, 14-nji aýatlarda suratlandyrylyşyna üns beriň.
16. Dünýädäki kynçylyklara duş gelýändiklerine garamazdan, uly märekäniň nämä umydy bar?
16 Elbetde, Ýehowa gulluk edýän adamlar kämil däl. Bu dünýäniň adamlary ýaly, olar-da kynçylyga duş gelýärler: käwagt agyr ýagdaýlary başdan geçirýärler, halk arasyndaky uruşlarda bigünä ölýärler. Olar hem keseliň, hasratyň we ölümiň nämedigini bilýärler. Ýöne olar Hudaýyň täze dünýäde «olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar» diýen sözlerine ynanýarlar (Ylham 21:4).
17. Hak Hudaýa sežde edýän adamlara häzir bir zat bolaýanda-da, olara nähili gelejek garaşýar?
17 Eger-de sen garrylyk, keselçilik, yzarlama ýa betbagtçylyk sebäpli aradan çyksaň, onda Ýehowa seni Jennetde direlder (Resullaryň işleri 24:15). Sen ýene-de ruhy toýda bolarsyň, bu toý Isa Mesihiň Müňýyllyk hökümdarlygynda bolar. Sen Hudaýyň niýetiniň ýerine ýetişini göreňde, oňa bolan söýgiň has-da artar. Ýehowa adamlaryň ten zerurlyklary barada-da alada eder (Işaýa 25:6—9). Hudaýyň halkyna, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar!
Gaýtalamak üçin soraglar
• Mukaddes Ýazgylarda uly märeke haýsy wajyp waka bilen baglanyşykly agzalýar?
• Hudaýy razy edýän uly märekäniň arasynda bolasymyz gelse, näme etmeli?
• Uly märekäniň häzir we Hudaýyň täze dünýäsinde aljak bereketleri seniň üçin wajypmy?
[123-nji sahypadaky surat]
Uly märekäniň millionlarça agzalary hak Hudaýa agzybir sežde edýärler