10-NJY BAP
Isa jynlardan has güýçli
1—6. a) Bir perişde näme üçin Hudaýa garşy çykýar? b) Käbir perişdeler näme etdiler we bu näme üçin erbetlik hasaplanýar? ç) Perişdelerden nähili çagalar doguldy we Hudaý ýer ýüzünde näme etdi?
HUDAÝYŇ bir perişdesiniň näme üçin Şeýtan Iblis bolandygy ýadyňa düşýärmi? ~ Ol erbet höwesini kanagatlandyrmak üçin Hudaýa garşy çykdy. Şeýtan hemmeleri özüne sežde etdirmek isledi. Perişdeleriň arasynda Şeýtanyň tarapyna geçenler boldumy? ~ Hawa. Mukaddes Ýazgylarda olara Şeýtanyň perişdeleri ýa-da jynlar diýilýär (Ylham 12:9).
2 Bu erbet perişdeler ýa-da jynlar Hudaýa ynanýarmy? ~ Mukaddes Ýazgylarda jynlaryň Hudaýa ynanýandygy barada aýdylýar (Ýakup 2:19). Emma olar häzir gorkudan ýaňa titreşýärler. Sebäbi jynlar öz eden erbet işleri üçin Hudaýyň ýok etjekdigini bilýärler. Olar nähili erbet iş etdiler? ~
3 Mukaddes Ýazgylarda olaryň gökdäki öýüni taşlap, ýer ýüzünde ýaşamaga gaýdandygy barada aýdylýar. Şol perişdeler adam sypatyna girip, owadan aýallar bilen jynsy gatnaşykda bolmak islediler (Gelip çykyş 6:1, 2; Ýahuda 6). Sen jynsy gatnaşyk barada näme bilýärsiň? ~
4 Erkek adamyň we aýalyň üýtgeşik usul bilen birleşmegine jynsy gatnaşyk diýilýär. Şondan soň enäniň göwresinde çaga ösüp başlaýar. Emma perişdelere jynsy gatnaşykda bolmaga rugsat berilmändi. Hudaý diňe är-aýala jynsy gatnaşykda bolmaga rugsat berýär. Şeýlelikde, çaga dogulýar we ata-ene onuň aladasyny edýär.
Bu perişdeler nähili erbet iş etdiler?
5 Perişdeler ynsan bedenine girip, ýer ýüzündäki aýallar bilen jynsy gatnaşyk edýärler. Olardan doglan çagalar ulalyp, nefiller, ýagny äpet adamlar bolup ýetişýärler. Olar örän zalymdylar we adamlara azar baryny berýärdiler. Şol sebäpli Alla ýer ýüzünden nefilleri we ähli zalym adamlary ýok etmek üçin güýçli Tupan indirýär. Emma ol gowy adamlary halas etmek üçin, Nuh pygambere uly gämi gurmagy tabşyrýar. Beýik Mugallym Tupanda bolup geçen zatlary unutmaly däldigini aýdýar (Gelip çykyş 6:3, 4, 13, 14; Luka 17:26, 27).
6 Tupan inende erbet perişdelere näme bolandygyny bilýärmiň? ~ Olar ynsan bedenini taşlap, göge dolanýarlar. Emma indi olar Hudaýyň däl-de, Şeýtanyň perişdeleri ýa-da jynlary boldy. Olaryň çagalaryna, nefillere näme bolýar? ~ Olar Tupanda ölýärler. Şeýle-de Hudaýa gulak asmadyk ähli adamlar heläk bolýar.
Şu günler ýer ýüzünde ýaşamak näme üçin has kynlaşýar?
7—11. a) Şu günler Şeýtan hem jynlar näme edýär we olar bize nähili täsir edýär? b) Jynlar çagalara nähili erbet işleri etdirjek bolýar?
7 Tupandan soňra Hudaý jynlara ynsan keşbine girmäge rugsat bermeýär. Emma olar adamlara görünmeseler-de, erbet iş etdirmäge jan edýärler. Häzir olar öňküsindenem beter adamlaryň başyna bela-beter indirýär. Sebäbi olar gökden ýer ýüzüne zyňyldy.
8 Biz näme üçin jynlary görüp bilmeýäris? ~ Sebäbi olar adamlaryň gözüne görünmeýärler. Ýöne olaryň bardygyna doly ynanyp bileris. Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň bütin dünýädäki adamlary azdyrýandygy barada aýdylýar (Ylham 12:9, 12).
9 Iblis we onuň jynlary bizi hem azdyryp, ýagny aldap bilermi? ~ Hawa, seresap bolmasak aldar. Emma biz olardan gorkmaly däl. Beýik Mugallym: «Şeýtanyň men barada ygtyýary ýokdur» diýdi. Eger biz Hudaý bilen dostlukly gatnaşygymyzy saklasak, ol bizi Iblisden we onuň jynlaryndan gorar (Ýahýa 14:30).
10 Jynlaryň nähili erbet işleri etdirjek bolýandyklaryny bilmek örän wajyp. Gel, bu barada oýlanyp göreli. Jynlar ýer ýüzünde nähili erbet işleri etdiler? ~ Olar Tupandan öň, aýallar bilen jynsy gatnaşykda boldular. Bu bolsa perişdelere rugsat berilmändi. Şu günlerem adamlar Hudaýyň kanunyny bozup, jynsy gatnaşyk edenlerinde, jynlar begenýärler. Seniň pikiriňçe, kimler jynsy gatnaşykda bolmaly? ~ Hawa, diňe maşgala guran är-aýal.
11 Şu günler käbir oglanlar we gyzlar jynsy gatnaşyk edýärler, emma bu olara rugsat berilmeýär. Mukaddes Ýazgylarda jyns agzalary barada aýdylýar (Lewiler 15:1—3). Ýehowa bu beden agzalaryny diňe bir niýet bilen, ýagny maşgala guran är-aýalyň ulanmagy üçin ýaratdy. Oglanlar we gyzlar biri-biriniň jyns organlaryny oýnanlarynda, jynlar begenýärler. Emma biz jynlary begendirmek isleýärismi? ~
12—17. a) Zalym perişdeler nähili erbet işleri halaýarlar we adamlar erbetligi nireden öwrenýärler? b) Jynlar örän güýçli bolsa-da, biz näme üçin olardan gorkmaly däl?
12 Jynlar Ýehowanyň ýigrenýän ýene-de bir zadyny gowy görýär. Onuň nämedigini bilýärmiň? ~ Hawa, zorluk (Zebur 11:5). Zorluk bu adamlary zalymlyk bilen gynamakdyr. Ýadyňa düşýän bolsa, jynlaryň ogullary, ýagny nefiller adamlara zalymlyk edýärdiler.
13 Jynlar adamlary gorkuzmagy hem gowy görýärler. Käwagt olar ölen adamyň keşbine girýärler. Hatda olar ölen adamyň sesine hem öýkünip bilýärler. Şeýdip, jynlar ölen adamlar ýaşaýarlar we gepleşip bilýärler diýen pikiri döredip, köp adamlary aldaýarlar. Hawa, jynlar adamlary ölüleriň ruhunyň bardygyna ynandyrjak bolýarlar.
14 Şeýtan we onuň jynlary bizi aldamaz ýaly, örän seresap bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda «Şeýtanyň we onuň gullukçylarynyň nur perişdesiniň keşbine girýändigi» barada duýdurylýar (2 Korintoslylar 11:14, 15). Aslynda welin, jynlar örän zalym. Olar bizi hem özlerine meňzetjek bolýar. Gel, bu barada bileli.
15 Adamlar zalymlyk, ahlaksyzlyk, ölüleriň ruhy barada nireden bilýärler? ~ Olar muny telegepleşiklerden, filmlerden, Internetden, kompýuter we wideooýunlardan bilýärler. Ýa-da olar mekdepdäki ýaramaz çagalardan öwrenýärler. Bu zatlar Hudaý bilen dostlaşdyrarmy, ýa-da Şeýtan we onuň jynlary bilen dostlaşdyrar? Sen nähili pikir edýärsiň? ~
Zorlugy görsek näme bolar?
16 Kim biziň erbet zatlary diňlemegimizi we görmegimizi isleýär? ~ Hawa, Şeýtan we onuň jynlary. Onda men we sen näme etmeli? ~ Bize peýdaly boljak we Ýehowa gulluk etmäge kömek etjek zatlary okamaly, diňlemeli hem görmeli. Seniň pikiriňçe, bu zatlara nämeler degişli? ~
Biz näme etsek peýdaly bolar?
17 Eger biz dogry işleri etsek, jynlardan gorkmarys. Isa olardan örän güýçli we jynlar ondan gorkýar. Bir sapar jynlar gorkup, Isadan: «Bizi heläk etmäge geldiňmi?» diýip soradylar (Markus 1:24). Isa Şeýtany we onuň jynlaryny ýok edende, biz, gör, nähili begeneris! Şeýle dälmi? ~ Şu günler biz Isa we onuň gökdäki Atasy bilen dostlaşmaly. Şonda biz Isanyň jynlardan gorajakdygyna ynamly bolup bileris.
Gel, indi näme etmelidigimiz barada okaly: 1 Petrus 5:8, 9 we Ýakup 4:7, 8.