11-NJI BAP
Hudaýyň perişdeleri bize kömek edýär
1—11. a) Görünmeýän zatlaryň bardygyna näme üçin ynansa bolýar? b) Biz gowy we erbet perişdeler barada nämäni bilipdik? ç) Perişdeler näme barada gürrüň edýärler we olar näme üçin adamlar bilen gyzyklanýarlar? d) Gadymy döwürde perişdeler Hudaýy söýýän adamlara nädip kömek etdiler?
ADAMLARYŇ käbiri diňe gözüniň görýän zatlaryna ynanýarlar. Ýöne bu akylsyzlykdyr. Sebäbi biz köp zatlary gözümiz bilen görüp bilmeýäris. Bilýärmiň nämeleri? ~
2 Meselem, dem alýan howamyz barada oýlanyp göreli. Biz onuň bardygyny duýýarysmy? ~ Hany, eliňiň aýasyna üfläp gör. Sen näme duýýarsyň? ~ Dogry, ýöne sen howany görüp bilmeýärsiň. Şeýle dälmi? ~
3 Biz göze görünmeýän ruhy şahsyýetler barada gürrüň edipdik. Biz olaryň käbiriniň gowudygyny, käbiriniň erbetdigini bildik. Sen göze görünmeýän käbir ruhy şahsyýetleriň atlaryny aýdyp biljekmi? ~ Hawa, olar: Ýehowa Hudaý, Isa we gowy perişdeler. Erbet perişdelerem barmy? ~ Hawa, Mukaddes Ýazgylarda olar barada aýdylýar. Sen olar barada gürrüň berip bilermiň? ~
4 Biz gowy we zalym perişdeleriň bizden güýçlüdigini bildik. Beýik Mugallym perişdeler barada köp zatlary bilýär. Sebäbi ol ýer ýüzünde dogulmazyndan öň perişdedi. Ol beýleki perişdeler bilen gökde ýaşapdy we olaryň ählisini tanaýardy. Olaryň hemmesiniň ady barmyka? ~
5 Biz Allanyň her bir ýyldyza at dakandygyny bilýäris. Şol sebäpli biz perişdeleriňem adynyň bardygyna doly ynanyp bileris. Biz olaryň biri-biri bilen gepleşýändigini bilýäris. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda «perişdeleriň dilleriniň» bardygy aýdylýar (1 Korintoslylar 13:1). Perişdeler näme barada gürrüň edýärlerkä? Belki, olar ýer ýüzünde ýaşaýan adamlar hakda gürrüň edýändir? ~
6 Bilşimiz ýaly, Şeýtanyň perişdeleri, jynlar bizi Ýehowa gulak asmazlyga iterýär. Olar bu barada gürrüň edýän bolmaly. Olar bizi özlerine meňzedip, Ýehowadan daşlaşdyrjak bolýarlar. Emma Hudaýyň wepaly perişdeleri näme hakda gürrüň edýärler? Seniň pikiriňçe, olaram biz barada gürrüň edýärmikä? ~ Elbetde, sebäbi olar bize kömek etmek isleýärler. Gel, men saňa Hudaýyň käbir perişdeleri barada gürrüň bereýin. Olar Ýehowany söýüp, oňa gulluk eden adamlara kömek edipdi.
7 Gadymy döwürde Babyl şäherinde Danyýel atly adam ýaşaýardy. Babyldaky adamlaryň köpüsi Ýehowany söýmeýärdi. Käbirleri hatda Ýehowa Hudaýa doga edýän adamlary jezalandyrmak üçin kanun çykarýar. Ýöne Danyýel gorkman, Ýehowa doga edýär. Olaryň Danyýele näme edendigini bilýärmiň? ~
8 Hawa, zalym adamlar Danyýeli ýolbarsly çukura zyňýarlar. Danyýeliň ýeke özi aç ýolbarslaryň arasynda galýar. Oňa näme bolandygyny bilýärmiň? ~ Danyýel: «Meniň Hudaýym perişdesini iberip, ýolbarslaryň agzyny baglady» diýýär. Danyýele hiç hili şikes ýetmeýär! Hawa, perişdeler Ýehowa gulluk edýän adamlary goramak üçin gudrat görkezip bilýär (Danyýel 6:18—22).
Hudaý Danyýeli nädip halas edýär?
9 Bir sapar Petrus türmä düşýär. Ýadyňda bolsa, ol Beýik Mugallym Isa Mesihiň dostudy. Petrus: «Isa Hudaýyň Ogly» diýip gürrüň berýärdi. Şonuň üçin käbir adamlar ony halaman, türmä basýarlar. Esgerler Petrus gaçyp gitmez ýaly, ony gije-gündiz garawullaýarlar. Ony kim halas ederkä? ~
10 Petrus goşa zynjyr bilen baglanyp, iki esgeriň ortasynda uklap ýatyrdy. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Birdenkä, Rebbiň bir perişdesi görnüp, türmede nur ýalpyldady. Perişde Petrusyň böwrüne dürtüp, ony oýardy-da: „Tiz tur!“ diýdi».
Perişde Petrusy türmeden nädip boşadýar?
11 Şol bada Petrusyň zynjyrlary elinden ýere gaçýar! Perişde oňa: «Çaryklaryňy bagla... Geýimiňi geý-de, meniň yzyma düş!» diýýär. Esgerler Petrusy saklap bilmeýär. Sebäbi oňa perişde kömek edýär. Petrus demir derwezäniň ýanyna gelende, ol öz-özünden açylýar. Perişde Petrusy näme üçin boşadýar? Sebäbi ol wagyz etmelidi (Resullaryň işleri 12:3—11).
12—17. a) Perişdeler Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylaryna nähili wajyp işi ýerine ýetirmäge kömek edýärler? b) Hudaýyň perişdesi Pawlusa haýsy işi ýerine ýetirmäge kömek etdi? ç) Tizden perişdeler Hudaýa nähili wajyp işi ýerine ýetirmäge kömek eder?
12 Hudaýyň perişdeleri bize-de kömek edip bilýärmi? ~ Hawa. Bu olaryň bizi ähli bela-beterden gorajakdygyny aňladýarmy? ~ Ýok, biz akylsyz hereket etsek, olar bizi goramaýar. Emma biz dogry işleri etsek-de, kynçylyklara duçar bolup bileris. Perişdelere bizi ähli erbetlikden goramak tabşyrylmady. Ýöne Hudaý olara wajyp ýumuş berdi.
13 Mukaddes Ýazgylarda bir perişdäniň ähli ýerdäki adamlary Hudaýa sežde etmäge çagyrýandygy barada aýdylýar (Ylham 14:6, 7). Ol adamlar bilen nädip gepleşýär? Adamlara eşitdirmek üçin gökden gygyrýarmy? ~ Ýok, Isanyň şägirtleri Hudaý barada adamlara gürrüň berýärler. Perişdeler bolsa olara kömek edýär. Perişdeler Hudaý barada bilim almak isleýän ähli adamlara hoş habary eşitmäge mümkinçilik döredýär. Bu wagyz işine bizem gatnaşyp bileris, şonda perişdeler bize-de kömek eder.
14 Eger Hudaýy söýmeýän adamlar bize päsgel berse näme? Olar bizi türmä bassalar näme ederis? Perişdeler bizi türmeden boşadyp bilermi? ~ Hawa. Emma olar muny hemişe etmeýär.
Perişde Pawlusa näme diýýär?
15 Bir sapar Isanyň şägirdi, Pawlusy tussag edýärler. Ony gämä mündürip, başga şähere äkidýärler. Şonda deňizde güýçli tupan turýar. Emma şol wagt perişde ony azat etmeýär. Sebäbi başga adamlar hem Hudaý barada eşitmelidiler. Perişde oňa: «Gorkma, Pawlus! Sen kaýsaryň öňünde durmalysyň» diýýär. Hawa, Pawlus şol wagtky iň güýçli patyşalygyň hökümdaryna wagyz etmelidi! Perişdeler hemişe-de Pawlusyň nirededigini bilýärdi we oňa kömek edýärdi. Bizem Allatagala ýürekden gulluk etsek, perişdeler bize-de kömek eder (Resullaryň işleri 27:23—25).
16 Tizden perişdeler ýene-de bir wajyp işe gatnaşarlar. Allanyň zalym adamlary ýok etjek wagty örän golaýlaşýar. Şonda hak Hudaýa gulluk etmeýän adamlaryň ählisi ýok ediler. Perişdeleriň göze görünmeýändikleri üçin, olara ynanmaýan adamlar ýalňyşandyklaryna düşünerler (2 Selanikliler 1:6—8).
17 Bu bize nähili täsir etmeli? ~ Eger biz Hudaýyň perişdeleriniň tarapynda bolsak, olar bize hökman kömek ederler. Ýöne biz olaryň tarapyndamy? ~ Munuň üçin biz Ýehowa gulluk etmeli. Şonda biz başga adamlary-da Ýehowa gulluk etmäge çagyrarys.
Adamlaryň durmuşyna perişdeleriň täsir edýändigi barada köpräk bilmek üçin, şu aýatlary okaly: Zebur 34:7; Matta 4:11; 18:10; Luka 22:43 we Resullaryň işleri 8:26—31.