Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lr bap 26 sah. 137—141
  • Dogry işleri etmek näme üçin kyn?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dogry işleri etmek näme üçin kyn?
  • Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Biz synaga garşy durmaly
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa näme üçin Beýik Mugallymdy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa ýaly «Iblise garşy duruň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sabat güni näme etse bolýar?
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
Beýik Mugallymdan öwreniň
lr bap 26 sah. 137—141

26-NJY BAP

Dogry işleri etmek näme üçin kyn?

1—9. a) Saul Isanyň şägirdi bolanda, adamlar oňa näme etdiler? b) Adamlar Isanyň aýdan haýsy sözlerine gaharlandylar? ç) Adamlar Isany näme etjek boldular we ol wagyz etmegini bes etdimi?

SAUL erbet işleri edende, kim begendi? ~ Şeýtan Iblis. Şeýle-de muňa ýehudy dini ýolbaşçylary begendi. Soňra Saul Beýik Mugallymyň şägirdi bolanda, şol dini ýolbaşçylar ony ýigrendiler. Indi sen Isanyň şägirtlerine dogry işleri etmegiň näme üçin kyn bolýandygyna düşündiňmi? ~

Baş ruhany Hananýa bir adama Pawlus resulyň ýüzüne urmagy buýurýar

Pawlus dogry işleri edendigi üçin oňa näme etdiler?

2 Pawlus Isanyň şägirdi bolansoň, köp ejir çekýär. Bir gezek baş ruhany Hananýa adamlara Pawlusyň agzyna urmagy buýurýar. Hatda ol Pawlusy türmä basjak bolýar. Bir sapar bolsa, erbet adamlar Pawlusy urýarlar we daşlap öldürjek bolýarlar (Resullaryň işleri 23:1, 2; 2 Korintoslylar 11:24, 25).

3 Köp adamlar bize Hudaýa ýaramaýan işleri etdirjek bolýarlar. Şol sebäpli şeýle soraglar ýüze çykýar: «Sen dogry işleri etmegi, hakykatdanam, gowy görýärmiň? Dogrulyk edýäniň üçin seni ýigrenseler-de, ony höwes bilen edersiňmi?» Munuň üçin batyrgaý bolmaly, şeýle gerek? ~

4 Belki, sen: «Biz dogry işleri etsek-de, adamlar näme üçin bizi ýigrenýärler? Gaýtam, olar begenmeli dälmi näme?» diýip geň galýansyň. Adamlar Isany köplenç ýagşylyk edýändigi üçin gowy görýärdi. Bir gezek şäheriň ähli adamlary onuň bolýan öýüniň gapysynda ýygnanyşdylar. Sebäbi Isa keselleri sagaldýardy (Markus 1:33).

5 Emma adamlar käte Isanyň öwredýän zatlaryny halamaýardy. Isa adamlara hemişe hakykaty öwretse-de, olar ony ýigrenýärdi. Bir gün Isanyň önüp-ösen şäheri Nasyrada şeýle waka bolýar. Isa sinagoga, ýagny ýehudylaryň Hudaýa sežde edýän ýerine barýar.

6 Ol ýerde Isa Mukaddes Ýazgylardan gowy zatlary gürrüň berýär. Bu adamlara örän ýaraýar. Olar Isanyň aýdan akylly sözlerine örän haýran galýarlar. Adamlar bu ýaş ýigidiň öz şäherlerinde ulalandygyna hiç ynanyp bilmeýärler.

7 Emma Isa ýene-de bir zady aýdýar. Ol Hudaýyň ýehudy dällere-de ýagşylyk edendigini aýdýar. Isa bu sözleri aýdanda, sinagogadakylaryň gahary gelýär. Bilýärmiň, näme üçin? ~ Sebäbi olar Hudaý diňe öz halkyna gudratlar görkezýändir diýip pikir edýärdiler. Olar özlerini başga adamlardan gowy hasaplaýarlar. Şonuň üçin olar Isany ýigrenýär. Olaryň Isa näme etjek bolandygyny bilýärmiň? ~

8 Injilde: «Olar Isany dagyň depesine eltip, şol ýerden aşak zyňyp, öldürjek boldular. Emma Isa olardan gaçyp gitdi» diýilýär (Luka 4:16—30).

Adamlar Isany dagyň depesine eltip, şol ýerden aşak zyňyp, öldürjek bolýarlar

Bu adamlar näme üçin Isany öldürjek bolýarlar?

9 Eger-de senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, yzyňa gelip, ýene-de şol adamlara Hudaý barada wagyz edermidiň? ~ Munuň üçin batyrgaýlyk gerek, şeýle dälmi? ~ Hawa. Bir ýyl geçip-geçmänkä, Isa Nasyra şäherine gaýdyp gelýär. Injilde: «Ol sinagogalarda sapak berip başlady» diýilýär. Isa Hudaýy söýmeýän adamlardan gorkup, hakykaty gürrüň bermegini bes etmeýär (Matta 13:54).

10—14. a) Isa Sabat güni nähili gudrat görkezdi? b) Isanyň görkezen gudratyna kim begendi, kimler bolsa begenmedi? ç) Biziň ählimiz nämäni çözmeli? d) Dogry işleri etmäge kim päsgel berýär?

10 Isa hepdäniň altynjy, ýagny Sabat güni sinagoga barýar. Ýehowanyň ysraýyllara beren kanuny boýunça, olar şol gün işlemän, diňe Hudaýa sežde etmelidiler. Isa sinagogada eli gurap inçelen bir adamy görýär. Ol Hudaýyň beren güýji bilen şol adamy sagaldyp bilýärdi. Emma käbir adamlar muňa garşy bolýar. Şonda Beýik Mugallymyň näme edendigini bilýärmiň? ~ Isa olara: «Siz Sabat güni goýnuňyz çukura gaçsa, ony çykarmarsyňyzmy?» diýýär.

11 Hawa, olar Sabat güni goýnuny çukurdan çykarýardy. Şol sebäpli Isa: «Adama Sabat güni kömek etmek dogry, sebäbi ol goýundan has gymmatlydyr» diýýär. Isa bu adama kömek etmelidigini, gör, nähili gowy düşündirýär!

12 Isa şol adama eliňi uzat diýip, ony derrew sagaldýar. Ol adam, gör, nähili begenendir! Emma beýleki adamlar näme etdi? Olar begendimi? ~ Ýok, olar Isany öňküsindenem beter ýigrendiler. Olar daşary çykyp, Isany öldürmek barada gepleşdiler (Matta 12:9—14).

13 Şu günlerem adamlar bizi dogry işleri edýändigimiz üçin ýigrenýär. Biz näme etsegem, ähli adamlara ýaranyp bilmeris. Şol sebäpli kime ýaranmalydygymyzy özümiz çözmeli. Eger biz Ýehowa Hudaýa we onuň Ogly Isa Mesihe ýaranjak bolsak, hemişe-de olaryň aýdanlaryny ýerine ýetirmeli. Emma muny etsek, bizi kimiň ýigrenjekdigini bilýärmiň? Bize dogry işleri kim etdirmejek bolýar? ~

14 Hawa, Şeýtan Iblis. Emma ýene-de kim bize päsgel berýär? ~ Iblisiň ýalan zatlaryna ynanyp, onuň toruna düşen adamlar. Isa şol döwürdäki dini ýolbaşçylara: «Siziň ataňyz Iblis, siz ataňyzyň dilegini berjaý etmek isleýärsiňiz» diýdi (Ýahýa 8:44).

15—18. a) Isanyň şägirtlerini ýigrenýän «dünýä» kimleri aňladýar? b) Dogry işleri etmek näme üçin kyn? ç) Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlara näme wada berilýär?

15 Şu günler köp adamlar Iblise meňzeýär. Isa olary «dünýä» diýip atlandyrdy. Isanyň «dünýä» diýen sözüniň näme aňladýandygyny bilýärmiň? ~ Gel, Ýahýa kitabynyň 15-nji babynyň 19-njy aýadyny okaly. Bu aýatda Isa şeýle diýýär: «Dünýäden bolan bolsaňyz, dünýä sizi özüniňkiler kimin söýerdi. Ýöne dünýäden däldigiňiz üçin, Meniň sizi dünýäden saýlap alanlygym üçin, ine, şunuň üçin dünýä sizi ýigrenýär».

16 Isanyň şägirtlerini ýigrenýän «dünýä» Beýik Mugallymyň yzyna eýermeýän adamlary aňladýar. Olar näme üçin Isanyň şägirtlerini ýigrenýär? ~ Gel, bu barada oýlanaly. Dünýäniň hökümdary kim? ~ Mukaddes Ýazgylarda: «Bütin dünýä Iblisiň goly astynda» diýilýär (1 Ýahýa 5:19).

17 Indi sen dogry işleri etmegiň näme üçin kyn bolýandygyna düşündiňmi? ~ Muny Şeýtan we onuň dünýäsi kynlaşdyrýar. Emma munuň ýene-de bir sebäbi bar. Onuň nämedigi ýadyňdamy? ~ Biz şu kitabyň 23-nji babynda ählimiziň günäli dogulýandygymyzy bildik. Günä, Iblis we onuň dünýäsi ýok edilende, nähili gowy bolar, şeýle gerek?! ~

Bir maşgala şu dünýäden çykyp, Hudaýyň täze dünýäsine geçýär

Şeýtanyň dünýäsi ýok edilende, dogry iş edýän adamlara näme bolar?

18 Mukaddes Ýazgylarda: «Dünýä... geçip gider» diýilýär. Bu Beýik Mugallymyň şägirdi bolmadyk adamlaryň ýok ediljekdigini aňladýar. Olar baky ýaşamaz. Kimleriň baky ýaşajakdygyny bilýärmiň? ~ Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänler baky galar» diýilýär (1 Ýahýa 2:17). Hawa, Ýehowanyň täze dünýäsinde diňe dogry işleri edýänler, ýagny «Hudaýyň islegini ýerine ýetirýänler» ýaşar. Şonuň üçin biz kyn bolsa-da, dogry işleri etmek isleýäris, şeýle dälmi? ~

Gel, indi Mukaddes Ýazgylardan dogry işleri etmegiň näme üçin kyn bolýandygyny bileli: Matta 7:13, 14; Luka 13:23, 24 we Resullaryň işleri 14:21, 22.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş