Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/11 sah. 27—31
  • Isa ýaly «Iblise garşy duruň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa ýaly «Iblise garşy duruň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýehowa gullukçylaryny goraýar
  • Iblise garşy durmakda kämil görelde
  • «Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar»
  • Şeýtana garşy duruň, ol sizden gaçar!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Isadan synaglara garşy durmagy öwrenýäris
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Şeýtan Isany synady
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Biz synaga garşy durmaly
    Beýik Mugallymdan öwreniň
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/11 sah. 27—31

Isa ýaly «Iblise garşy duruň»

«Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar» (ÝAKUP 4:7).

1. Isa ýer ýzünde nähili garşylygyň boljagyny bilýärdi?

ISA MESIH Iblisiň garşy çykjakdygyny bilýärdi. Bu aýdyňdy, çünki Hudaý ýylan arkaly geplän zalym pitneçi perişdä şeýle diýdi: «Sen bilen aýalyň (Ýehowanyň guramasynyň gökdäki böleginiň) arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmanlyk salaryn; ol seniň başyňy tokmaklar, sen hem onuň topugyny tokmaklarsyň» (Bar. 3:14, 15; Ylh. 12:9). Isanyň topugynyň tokmaklanmagy, ol ýer ýüzünde ölse-de, hemişelik däldigini aňladýardy, çünki Ýehowa ony gökdäki şöhrata eýe bolmak üçin direltmelidi. Şeýtanyň başynyň tokmaklanmagy bolsa, onuň hemişelik ölmegini aňladýar (Resullaryň işleri 2:31, 32; Ýewreýler 2:14-nji aýatlary okaň).

2. Näme üçin Ýehowa Isanyň Iblise doly garşy durup biljekdigine ynanýardy?

2 Ýehowa Isanyň ýumşy üstünlikli ýerine ýetirip, ýer ýüzünde Iblise garşy durup biljekdigine ynanýardy. Näme üçin Ýehowada şeýle ynam bardy? Hudaý Isany örän gadym döwürde ýaratdy we oňa syn edip, «ussanyň» hem-de «bütin ýaradylyşyň ilkinji doglanyň» gulak asyjy hem-de wepalydygyna göz ýetirdi (Sül. tym. 8:22—31; Kol. 1:15). Şol sebäpli, Isa ýer ýüzüne iberilende, Hudaý ony ölüminiň ahyryna çenli Iblise synamaga ýol beripdi. Hudaý ýekeje Oglunyň üstün çykjakdygyna ynanýardy (Ýahýa 3:16).

Ýehowa gullukçylaryny goraýar

3. Iblis Ýehowanyň gullukçylaryna nähili garaýar?

3 Isa Iblisi «bu dünýäniň hökümdary» diýip atlandyrdy we şägirtlerine özüniň yzarlanyşy ýaly yzarlanyljagyny duýdurdy (Ýahýa 12:31; 15:20). Şeýtan Iblisiň goly astyndaky zalym dünýä mesihçileri Ýehowa gulluk edip, dogrulygy wagyz edýändigi üçin ýigrenýär (Mat. 24:9; 1 Ýahýa 5:19). Iblis, esasanam, Gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjek mesh edilenlere hüjüm edýär. Şeýle-de Şeýtan ýer ýüzünde Jennetde ebedi ýaşamaga umyt edýän Ýehowanyň Güwäçilerine topulýar. Hudaýyň Sözünde: «Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir» diýip duýduryş berilýär (1 Pet. 5:8).

4. Şu günler Hudaýyň halkynyň Iblise doly garşy durup bilýändigi nämeden görünýär?

4 Ýehowa guramasyny goraýandygy üçin, biz Iblise doly garşy durup bileris. Meselem, soňky ýüz ýyllykda taryhda belli bolan zalym hökümdarlaryň käbirleri Ýehowanyň Güwäçilerini ýok etjek boldular. Emma Ýehowanyň Güwäçileriniň sany barha köpelýär. Şu günler olaryň sany 7 milliona golaý adama bolup, bütin dünýäde 100 müňden gowrak ýygnaklar bar. Ýehowanyň halkyny yzarlan zalym hökümdarlar bolsa ýok boldy!

5. Ýehowanyň gullukçylary babatda Işaýa 54:17-däki sözleriň dogrudygy nädip aýan boldy?

5 Hudaý gadymy Ysraýyl ýygnagyny «aýal» diýip atlandyryp, şeýle wada berdi: «Saňa garşy edilen hiç bir ýarag üstün çykmaz, kazyýetde saňa garşy çykan dili sen ýalana çykararsyň. Bu Ýehowanyň gullukçylaryna berlen mirasdyr we olaryň dogrulygy Mendendir» (Iş. 54:11, 17). Şu «soňky günler» bütin ýer ýüzünde Hudaýyň halky bu wadanyň dogrudygyna göz ýetirýär (2 Tim. 3:1—5, 13). Biz Iblise garşy durmagy dowam edýäris. Hudaýyň halkyny ýer ýüzünden ýok etmek üçin Şeýtanyň ulanýan hiç bir ýaragy üstün çykmaz, sebäbi Ýehowa biziň bilendir (Zeb. 118:6, 7).

6. Daniýeliň pygamberligine görä, Iblisiň hökümdarlygyna näme bolar?

6 Bu zalym dünýäniň soňy ýetip gelýär, şonda Şeýtanyň hökümdarlygy doly ýok ediler. Hudaý Daniýel arkaly şeýle pygamberlik etdi: «Şol patyşalyklaryň günlerinde gökdäki Hudaý bir patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka berilmez. Ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi galar» (Dan. 2:44). Bu pygamberlik ýerine ýetende, Şeýtanyň we bikämil adamlaryň hökümdarlygy ýok ediler. Iblisiň zalym dünýäsi doly ýok edilip, Hudaýyň Patyşalygy bolsa hiç hili garşylyga duçar bolman bütin ýer ýüzünde hömümdarlyk eder (2 Petrus 3:7, 13-nji aýatlary okaň).

7. Ýehowanyň gullukçylarynyň her biri Iblise doly garşy durup biljegini nireden bilýäris?

7 Umuman, Ýehowanyň guramasy goralar we ruhy taýdan gülläp öser (Zebur 125:1, 2-nji aýatlary okaň). Biziň her birimiz barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylarda Isa ýaly biziň hem Iblise doly garşy durup biljegimiz barada aýdylýar. Isanyň Ýahýa resul arkaly beren pygamberliginde, Şeýtanyň yzarlamagyna garamazdan, ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän «uly märeke» bu zalym dünýäniň soňy gelende diri galjakdygy görkezilýär. Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, olar batly ses bilen gygyryp: «Gutarmak tagt üstünde oturan Hudaýymyza we Guza (Isa Mesihe) mahsusdyr!» diýýärler (Ylh. 7:9—14). Mesh edilenlere Şeýtany ýeňenler diýilýär; olaryň ýoldaşlary «başga goýunlar» hem Şeýtana doly garşy durýarlar (Ýahýa 10:16; Ylh. 12:10, 11). Emma «iblisden halas» bolmak üçin gyzgyn doga edip, tagalla etmeli (Mat. 6:13).

Iblise garşy durmakda kämil görelde

8. Iblis çölde Isany birinji sapar nädip synady we Isa özüni nähili alyp bardy?

8 Iblis Isanyň aýypsyzlygyny gowşatmak üçin jan edýärdi. Isa çöldekä Şeýtan Ýehowa gulak asmaz ýaly synady. Emma Isa Şeýtana garşy durmakda gowy görelde görkezdi. Kyrk gije-gündiz oraza tutansoň, Isa gaty ajygan bolmaly. Şeýtan oňa: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi. Emma Isa Hudaýyň beren güýjüni öz bähbidine ulanmak islemedi. Ol: «Adam diňe bir çörek bilen däl, eýsem Hudaýyň agzyndan çykan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr» diýdi (Mat. 4:1—4; Kanun. 8:3).

9. Biz näme üçin Iblise tebigy islegimizi ulanmaga ýol bermeli däl?

9 Şu günler Iblis Ýehowanyň gullukçylarynyň tebigy islegini ulanmaga jan edýär. Şol sebäpli, biz bu ahlaksyz dünýäde giňden ýaýran jynsy ahlaksyzlyga garşy durmagy berk ýüregimize düwmeli. Hudaýyň Sözünde şeýle duýduryş berilýär: «Adalatsyzlaryň Hudaýyň Patyşalygyny miras almajagyny bilmeýärmisiňiz? Aldanmaň, Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne gomoseksuallar... miras alar» (1 Kor. 6:9, 10). Görşümiz ýaly, ahlaksyz we düzelmek islemeýän adamlar Hudaýyň täze dünýäsinde ýaşamaz.

10. Matta 4:5, 6-njy aýatlara görä, Şeýtan Isanyň aýypsyzlygyny gowşatmak üçin ýene-de nädip synady?

10 Isanyň çölde synalyşy barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Iblis Ony mukaddes şähere getirip, ybadathananyň küňresinde oturdyp, Oňa diýdi: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi aşak zyň. Sebäbi: «Ol Öz perişdelerine Sen hakda buýruk berer; olar aýagyň daşa degäýmesin diýip, Seni ellerinde götererler» (Mat. 4:5, 6). Bu hamala, Isanyň Mesihdigini görkezmelidi. Dogrusyny aýdanyňda, Isa Şeýtanyň diýenini eden bolsa, Hudaýyň merhemetinden we goldawyndan mahrum bolup, tekepbirligini görkezerdi. Isa ýene-de Hudaýa bolan aýypsyzlygyny saklap, Mukaddes Ýazgylardan aýat getirip, Iblise şeýle diýdi: «Öz Hudaýyň Rebbi synama» diýip-de ýazylgydyr» (Mat. 4:7; Kanun. 6:16).

11. Şeýtan bizi nädip synap biler we bu nämä elter?

11 Şeýtan bizi şöhrat gazanmakda dürli ýollar bilen synap biler. Nädip? Ol bu zalym dünýäniň modasyna eýermäge hem-de ýaramaz göwün açmalara höweslendirip biler. Eger-de Mukaddes Ýazgylardaky maslahaty äsgermezlik edip, bu zalym dünýä eýersek, perişdeleriň bizi şeýle erbet täsirden gorajagyna ynanyp bilerismi? Dawut patyşa Batşeba bilen eden günäsine toba etse-de, etmişiniň netijesinden goralmady (2 Pat. 12:9—12). Bu zalym dünýä bilen dostlaşyp, Ýehowany synamalyň (Ýakup 4:4; 1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň).

12. Matta 4:8, 9-njy aýatalara görä, Hudaýyň Ogly nädip synaldy we ol özüni nähili alyp bardy?

12 Şeýle-de çölde Iblis Isa syýasy häkimiýetleri teklip edip synady. Şeýtan Isa dünýäniň bütin patyşalyklaryny, olaryň şan-şöhratyny görkezip: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň, men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin» diýdi (Mat. 4:8, 9). Bu Ýehowa degişli seždäni eýelemek we Isany Hudaýa wepaly bolmazlyga itermek üçin, nähili ynsapsyz teklip! Bir wagt wepaly bolan perişde özüne sežde etdirmek höwesiniň küýüne düşüp, günäli, açgöz we azdyryjy Şeýtan Iblis boldy (Ýakup 1:14, 15). Munuň tersine, Isa Gökdäki Atasyna wepaly galmagy ýüregine düwdi. Ol: «Ýanymdan aýryl, şeýtan! «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýip ýazylgydyr» diýdi. Şeýdip, Isa ýene-de Iblise aýgytly garşy durdy. Hudaýyň Ogly Şeýtanyň dünýäsindäki hiç bir zada göz gyzdyrmady we oňa hiç haçan sežde etmek islemedi! (Mat. 4:10; Kanun. 6:13; 10:20).

«Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar»

13, 14. a) Iblis dünýäniň bütin patyşalygyny Isa görkezip, näme teklip etdi? b) Şeýtan bizi nädip azdyrjak bolýar?

13 Iblis dünýäniň bütin patyşalygyny Isa görkezip, hiç bir adamda bolmadyk hökümdarlygy teklip etdi. Şeýtan Isanyň gören zatlaryna gözi gidip, ýer ýüzünde iň güýçli hökümdar bolmak islär öýdýärdi. Şu günler Iblis patyşalyklary teklip etmese-de, biziň görýän, eşidýän we pikir edýän zatlarymyz arkaly ýüregimizi azdyrjak bolýar.

14 Iblis bu dünýä agalyk edip, köpçülikleýin habar beriş serişdelere gözegçilik edýär. Şonuň üçin zalym dünýäde adamlaryň görýän, eşidýän we okaýan zatlarynyň ählisi ahlaksyzlykdan hem zorlukdan doludygy geň galdyrmaýar. Reklama bize zerur bolmadyk ençeme harytlary satyn almaga isleg döredýär. Şeýdip, Iblis gözümize, gulagymyza we pikirimize ýakymly zatlar arkaly synaýar. Emma biz Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän zatlara seretmesek, diňlemesek we okamasak, şonda: «Ýanymdan aýryl, şeýtan!» diýeris. Şeýtmek bilen, biz Şeýtanyň erbet dünýäsini dogumly we aýgytly ret edip, Isanyň göreldesine eýerýäris. Biz Ýehowanyň Güwäçileri hem-de Isa Mesihiň şägirdidigimizi işde, mekdepde, goňşular we garyndaşlaryň arasynda aç-açan aýdyp, Şeýtanyň dünýäsine goşulmaýandygymyzy görkezýäris (Markus 8:38-i okaň).

15. Biz Şeýtana garşy durmak islesek, näme üçin hemişe hüşgär bolmaly?

15 Iblis Isanyň Hudaýa bolan aýypsyzlygyny gowşatmak üçin üçünji sapar synandan soň, «Ony terk edip gitdi» (Mat. 4:11). Emma Şeýtan Isany synamagyny bes etmedi. Sebäbi biz şeýle okaýarys: «Iblis bütin synaglary gutarandan soň, birnäçe wagtlap Onuň ýanyndan aýrylyp gitdi» (Luka 4:13). Biz Iblise garşy durup bilende, Ýehowa minnetdarlyk bildirmeli. Biz hemişe Hudaýdan kömek sorap durmaly, çünki Iblis özüne amatly bolan, ýöne biziň garaşmadyk wagtymyz synamaga geler. Şonuň üçin hemişe hüşgär bolup, dürli synaga garamazdan, Ýehowa mukaddes gullugy dowam etmäge taýýar bolmaly.

16. Ýehowa bize nähili iň uly güýji berýär we näme üçin ol barada doga etmeli?

16 Biz Iblise garşy duranda Hudaýa doga edip, Älem-jahanda iň uly güýji, ýagny Hudaýyň mukaddes ruhuny dilemeli, şonda ol bize berler. Ol güýjümiziň ýetmeýän zatlaryny etmäge mümkinçilik berer. Isa şägirtlerine Hudaýyň mukaddes ruhuny hemişe alyp bolýandygy aýtdy. Ol şeýle diýdi: «Erbet (bikämil) bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz, Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer!» (Luka 11:13). Geliň, Ýehowadan mukaddes ruhy sorap, doga edeliň. Şeýtana aýgytly garşy durmakda berkidýän şeýle iň uly güýjüň kömegi bilen, biz ýeňiş gazanarys. Biz «Iblisiň hilelerine garşy durmak» üçin yzygiderli we gyzgyn doga etmekden başga-da, Hudaýyň ähli ruhy ýaraglaryny dakynmaly (Efes. 6:11—18).

17. Iblise garşy durmaga Isa nähili begenç kömek edýär?

17 Iblise garşy durmaga Isa ýene-de bir zat kömek etdi, ol bize-de kömek edip biler. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Ol (Isa) öňüne goýlan begenç ugrunda utanjy äsgermän, haçdaky ölüme döz gelip, Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy» (Ýew. 12:2). Biz hem Ýehowanyň ýokary häkimiýetini goldap, onuň mukaddes adyny şöhratlandyryp we ebedi ýaşaýyş sylagyny unutmasak, şeýle begenip bileris. Şeýtan we onuň ähli işleri ebedi ýok edilende hem-de «mylakatlylar ýeri miras alyp, bol parahatlykda hezil edende», biz nähili şatlanarys! (Zeb. 37:11). Şonuň üçin Isa ýaly Iblise garşy duruň (Ýakup 4:7, 8-nji aýatlary okaň).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Ýehowanyň halkyny goraýandygy nämeden görünýär?

• Isa Şeýtana garşy durmakda nähili görelde görkezdi?

• Siz Iblise nädip garşy durup bilersiňiz?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş