13-NJI BAP
Isadan synaglara garşy durmagy öwrenýäris
MATTA 4:1—11; MARKUS 1:12, 13; LUKA 4:1—13
ŞEÝTAN ISANY SYNAÝAR
Isa suwa çümdürilensoň, Hudaýyň mukaddes ruhunyň täsiri bilen Ýahudanyň çölüne gidýär. Ol köp zatlar hakda oýlanmalydy. Sebäbi Isa suwa çümdürilende, «gök açylypdy» (Matta 3:16). Şonda onuň gökdäki ýaşaýşy we eden işleri ýadyna düşýär. Dogrudanam, oňa oýlanara zat köpdi!
Isa pygamber çölde 40 gije-gündiz bolýar. Ol hiç zat iýmänsoň, gaty ajygýar. Şonda Şeýtan Iblis ony synamak üçin ýanyna gelip: «Eger sen Hudaýyň ogly bolsaň, şu daşlara çörek bolmagy buýur» diýýär (Matta 4:3). Isa Hudaýyň beren güýjüni öz bähbidi üçin ulanmagyň nädogrudygyny bilýärdi, şol sebäpli Şeýtana garşy durýar.
Emma Şeýtan el çekmekçi däldi. Ol ýene-de Isanyň ýanyna gelip, ony ybadathananyň küňresine çykarýar-da, özüni aşak zyňmagy teklip edýär. Ýöne Isa perişdeler ony halas etmäge borçludyr öýtmeýär. Şonuň üçin hem Şeýtanyň teklibini inkär edýär. Ol Mukaddes Ýazgylara salgylanyp, Hudaýy synamagyň nädogrudyny aýdýar.
Soňra Şeýtan ony üçünji gezek synaýar. Ol: «Dünýäniň ähli patyşalyklaryny we olaryň şan-şöhratyny görkezip... Eger sen dyza çöküp, maňa sežde etseň, bu zatlaryň ählisini saňa bererin» diýýär. Şonda Isa: «Ýanymdan aýryl, Şeýtan!» diýip, oňa çürt-kesik garşy çykýar (Matta 4:8—10). Isa Şeýtana ýan bermeýär, sebäbi mukaddes gulluga diňe Ýehowanyň mynasypdygyna düşünýärdi. Hawa, ol Hudaýa wepaly galmagy ýüregine berk düwýär.
Biz Isanyň düşen synaglaryndan we olara garşy durmagyndan köp zatlary öwrenip bileris. Iblis göze görünmese-de, ol hakykatdanam bar. Isa bilen bolan wakadan ýer ýüzündäki ähli hökümetleriň Iblisiň goly astyndadygyny görse bolýar. Ýogsam, ol bu zatlary Mesihe teklip edip bilmezdi.
Şeýle-de Isa Iblise bir gezek sežde etse, ol oňa dünýäniň ähli patyşalyklaryny berjekdigini aýdýar. Iblis bizi-de şeýle synaglara saljak bolýar. Ol baýamak, wezipeli bolmak ýa-da at-abraý gazanmak ýaly mümkinçilikleri döredýär. Isa pygamberiň göreldesine eýerip, islendik synaglarda Hudaýa wepaly galsak, paýhasly bolar. Emma Iblisiň Isanyň ýanyndan «başga bir amatly pursat döreýänçä» gidendigini unutmalyň (Luka 4:13). Biz hem şeýle ýagdaýa düşüp bileris. Şonuň üçin, geliň, hemişe hüşgär bolalyň!