Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/11 sah. 20—22
  • Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HUDAÝ «IMAN BILEN DILEÝÄNLERE» AKYLDARLYK BERÝÄR
  • (Ýakup 1:1—5:20)
  • «IMANDA BERK DURUŇ»
  • (1 Pet. 1:1—5:14)
  • ÝEHOWANYŇ «GÜNI... GELER»
  • (2 Pet. 1:1—3:18)
  • «Siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Ýehowanyň wadalaryna iman ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Petrus resulyň iki hatyndaky maslahatlar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/11 sah. 20—22

Ýehowanyň Sözi diri

Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndan peýdaly pikirler

BIZIŇ eramyzyň 33-nji ýylynyň Pentikost gününden takmynan 30 ýyl geçensoň, Isanyň enebir dogany Ýakup şägirt ruhy Ysraýylyň «on iki taýpasyna» hat ýollady (Ýakup 1:1). Onuň maksady — imanda berk bolmaga we synagda çydamlylyk görkezmäge çagyrmak. Şeýle-de ol ýygnakda dörän kynçylyklary çözmek barada maslahat berdi.

B. e. 64-nji ýylynda Rim imperatory Neron mesihçileri güýçli yzarlaýar. Şeýle synagyň öň ýanynda, Petrus resul mesihçilere birinji hatyny ýazyp, imanda berk durmak üçin ruhlandyrdy. Onuň yzy ýanyndan ikinji hatyny ýazyp, Hudaýyň sözüne ünsli bolmagy imandaşlaryna maslahat berdi we Ýehowanyň ýetip gelýän güni barada duýdurdy. Biz Ýakup we Petrusyň ýazan hatlaryndaky pikirlere ünsli bolsak, ruhy taýdan berkäris (Ýew. 4:12).

HUDAÝ «IMAN BILEN DILEÝÄNLERE» AKYLDARLYK BERÝÄR

(Ýakup 1:1—5:20)

Ýakup şeýle ýazýar: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr; sebäbi ol synagdan geçenden soň... ýaşaýyş täjini alar». Ýehowa «iman bilen dileýänlere» synaga çydamak üçin akyldarlyk berer (Ýakup 1:5—8, 12).

Ýygnakdaky «mugallymlarada» iman we akyldarlyk gerekdir. Ýakup dili «kiçijik agza» diýip atlandyryp, onuň «tutuş bedeni kirledip» bilýändigini aýtdy. Ol erbet endigiň Hudaý bilen gatnaşygy bozýandygyny hem duýdurdy. Şeýle-de ol ruhy taýdan gowşan doganlara berkemek üçin nähili ädimler ätmelidigini görkezdi (Ýakup 3:1, 5, 6; 5:14, 15).

Sowallaryň jogaby:

2:13 — Haýsy manyda «rehim höküme garşy magtanýandyr»? Hudaýa jogap bermeli bolanda, ol biziň adamlara rehimdarlyk edenimizi göz öňünde tutar we Oglunyň töleg gurbany esasynda bagyşlar (Rim. 14:12). Şol sebäpli, rehimdarlyk biziň esasy häsiýetlerimiziň biri bolmaga höweslendirmeýärmi?

4:5 — Ýakup bu sözleri haýsy aýatdan getirdi? Ýakup belli bir aýady almady. Onuň sözleri Barlyk 6:5; 8:21; Süleýmanyň tymsallary 21:10; Galatýalylar 5:17-nji aýatlardaky pikirlere esaslanan.

5:20 — «Günäkäri ýalňyş ýolundan öwren» kimiň janyny ölümden gutarar? Toba eden adamy erbet ýoldan öwren mesihçi ony ruhy ölümden, hatda ebedi heläkçilikden halas edýär. Şeýle-de günäkäre kömek eden adam onuň «köp günäleriniň üstüni basyrýar».

Biziň üçin sapak:

1:14, 15. Günä nädogry höweslerden başlanýar. Şonuň üçin şeýle höwesler hakynda hemişe oýlanyp, ýüregimizde ösdürmeli däl. Biz aňymyzy we ýüregimizi gowy pikirlerden doldurmak üçin «oýlanmaly» (Flp. 4:8).

2:8, 9. Ýüz görüjilik «patyşalyk kanuny» bolan söýgä garşy gelýär, şonuň üçin mesihçiler ondan gaça durýarlar.

2:14 —26. Biz Musanyň kanunynyň «işleri» ýa-da mesihçi hökmünde edýän işlerimiz arkaly däl-de, «iman arkaly... gutulýarys». Men iman edýärin diýmek ýetrlikli däldir (Efes. 2:8, 9; Ýahýa 3:16). Iman bizi Hudaýa ýaraýan işleri etmäge höweslendirmeli.

3:13 —17. «Ýokardan inen akyldarlyk» «dünýä, tebigata, iblise degişli akyldarlykdan» ýokarydyr! Biz Hudaýyň akyldarlygyny hazyna kimin agtarmaly (Sül. tym. 2:1—5).

3:18. Patyşalyk bardaky hoş habaryň tohumlaryny «parahatlykda ekmeli». Şol sebäpli biz tekepbir, igenjeň, pitneçi däl-de, parahatlyk döredýän bolmaly.

«IMANDA BERK DURUŇ»

(1 Pet. 1:1—5:14)

Petrus imandaşlaryna gökdäki mirasynyň «diri umydy» barada ýatlatdy. Petrus olara: «Siz... saýlanan nesil, Patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet» diýdi. Ol tabyn bolmak barada aýdyň maslahat berensoň, olaryň ählisini «pikirdeş, dertdeş, dogan söýer, rehimdar, kiçigöwünli bolmaga» çagyrdy (1 Pet. 1:3—5; 2:9, 10; 3:8, 9).

Petrus ýehudy sistemasynyň soňunyň ahyrlap gelenini göz öňünde tutup, doganlara: «Sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň» diýip maslahat berdi. Petrus olara: «Hüşgär boluň, oýanyň... (Şeýtana) garşy imanda berk duruň» diýdi (1 Pet. 4:7; 5:8, 9).

Sowallaryň jogaby:

3:20—22 — Suwda çokundyrylmak bizi nädip halas edýär? Halas bolmak isleýänler suwda çokundyrylmaly. Emma diňe suwda çokundyrylmak bilen halas bolmaýarys. Biz «Isa Mesihiň direlmegi arkaly» gutularys. Suwda çokundyrylmak isleýän adam diňe Isanyň töleg gurbany arkaly halas bolup biljekdigine ynanmaly. Şeýle-de Isanyň direlip, «Hudaýyň sagynda» oturanyna, dirileriň hem ölüleriň üstünden agalyk edýändigine ynanmaly. Şeýle imana esaslanyp suwda çokundyrylsak, halas bolarys. Bu Nuhuň tupanynda sekiz adamyň halas bolşuna meňzeýär.

4:6 — Haýsy «ölülere» hoş habar yglan edildi? Bu hoş habary eşitmezinden öň «ýazyk we günäleri zerarly öli» ýa-da ruhy taýdan öli bolan adamlar (Efes. 2:1). Emma olar hoş habara iman edip, ruhy taýdan direldi.

Biziň üçin sapak:

1:7. Imanymyz güýçli bolar ýaly, synagdan geçmeli. Şeýle güýçli iman gutulmak üçin gerekdir (Ýew. 10:39). Imanymyz synalanda biz «yza çekilmeli» däldiris.

1:10—12. Perişdeler gadymy döwürdäki pygamberleriň mesh edilen mesihçileriň ýygnagy barada aýdan pygamberliklerine nazar salmak we düşünmek isleýärdi. Emma muny Ýehowa diňe mesihi ýygnak arkaly aýan etdi (Efes. 3:10). Biz hem perişdeleriň göreldesine eýerip, «Hudaýyň çuň pikirlerine» düşünjek bolmaly dälmi? (1Kor. 2:10).

2:21. Biz Isa Mesihiň göreldesine eýerip, Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamak üçin görgi görüp, janymyzy bermäge taýyn bolmaly.

5:6, 7. Biz ähli aladalarymyzy Ýehowa tabşyrsak, ertirimizi gaýgy etmegiň deregine, hakyky seždäni birinji orunda goýmaga kömek eder (Mat. 6:33, 34).

ÝEHOWANYŇ «GÜNI... GELER»

(2 Pet. 1:1—3:18)

Petrus şeýle diýdi: «Çünki welilik hiç haçan adam islegi bilen dile gelen däldir; Hudaýyň mukaddes adamlary Mukaddes Ruh tarapyndan herekete gelip gepländirler». Biz pygamberlik sözlerine ünsli bolsak, «ýalan mugallymlardan» we ahlaksyz adamlardan özümizi gorarys (2 Pet. 1:21; 2:1—3).

Petrus: «Ahyrky günlerde... ýaňsylaýjylar ýaňsyly sözler bilen geler» diýip duýdurdy. Emma Ýehowanyň «güni bir ogry kimin geler». Petrus hatyny şu sözler bilen tamamlady: «Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryň» (2 Pet. 3:3, 10—12).

Sowallaryň jogaby:

1:19 — «Daň ýyldyzy» kim, ol haçan dogulmaly we oňuň eýýäm doglanyny nireden bilýäris? Hudaýyň Patyşylygynyň patyşasy bolan Isa Mesih «daň ýyldyzydyr» (Ylh. 22:16). 1914-nji ýylda Isa ähli ýaradylyşdan ýokary galyp, täze güni yglan etdi. Isanyň görnüşiniň üýtgemegi patyşa bolup, şöhratlanjakdygyny görkezdi we Hudaýyň pygamberliginiň dogrudygyny nygtap geçdi. Biz pygamberliklere ünsli bolsak, ýüregimiz ýagtylanyp, Daň ýyldyzyň doglandygyna düşüneris.

2:4 — Pitneçi perişdeleriň taşlanjak «dowzahy» näme? Injiliň asyl nusgasynda «dowzah» sözi «tartar» diýip berilýär. Tartar sözi tussaglyk ýagdaýyny aňladýar. Ol ýere adamlar däl-de perişdeler taşlanýar. Tartara düşenleriň gelejege umydy bolmaýar. Nuhuň günlerinde Hudaýyň tartara taşlan perişdeleri ýok edilýänçä, kemsidiji ýagdaýda galarlar.

3:17 — Petrusyň «bu zatlary öňünden biliň» diýmegi näme aňladýar? Petrus özüne we Mukaddes Ýazgylary ýazan başga adamlara geljekki wakalar baradaky Hudaý tarapyn berlen bilimi göz öňünde tutupdy. Bu bilimiň doly bolmany üçin I asyryň mesihçileri geljekki wakalar barada jikme-jik bilmeýärdi. Ýöne olarda umumy düşünje bardy.

Biziň üçin sapak:

1:2, 5—7. Iman, sabyr we takwalyk ýaly häsiýetleri ösdürmek, diňe bir Hudaýy we «Isany tanamakda» däl, eýsem bilimde «bikär hem miwesiz» bolmazlyga kömek edýär (2 Pet. 1:8).

1:12—15. «Hakykatda berk» durmak üçin, biz ýygnak duşuşyklarynda aýdylan pikirleri we Mukaddes Ýazgylary okanda hem-de şahsy okuwyny geçirende bilen zatlarymyzy ýatlap durmaly.

2:2. Biz Ýehowa we onuň guramasyna dil ýetirmez ýaly seresap bolmaly. (Rim. 2:24).

2:4—9. Biz Ýehowanyň geçmişde eden işlerini göz öňünde tutup, onuň «dindarlary synagdan gutarmagy, dogry dälleri... jezalandyryp, höküm güni üçin saklamagy-da başarjakdygyna» ynanyp bileris.

2:9—13. «Şöhratly güýçleriň», ýagny mesihçi ýaşulularyň kemçilikleri bolsa-da, käwagt ýalňyşsa-da, biz olaryň göwnüne degmeli däl (Ýew. 13:7, 17).

3:2—4, 12. «Pygamberleriň öňden aýdan sözlerine, Reb hem Halasgäriň... buýrugyna» ünsli bolsak, Ýehowanyň gününiň ýetip gelýänini hemişe ýatda saklamaga kömek eder.

3:11—14. Biz «Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp»: 1) beden, ahlak we ruhy taýdan hem-de pikirde arassa bolup, «mukaddes ýaşaýyşda» gezmeli; 2) hoş habary wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işine doly gatnaşyp, «takwalykda gezýändigimizi» subut etmeli; 3) bu zalym dünýäden «tegmiltsiz» bolmaly — zalym dünýädäki ýaramaz häsiýetlere eýermän, arassa galmaly; 4) «müýnsüz» bolmak üçin, ähli edýän işlerimizi gowy niýet bilen etmeli; 5) Hudaý, imandaşlar we ýakyn adamlar bilen «parahatlykda» bolmaly.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş