Ýakubyň haty
3 Doganlarym, köpiňiz mugallym bolup bilmersiňiz, sebäbi mugallym bolmak Hudaýyň öňünde uly jogapkärçilikdir+. 2 Biziň ählimiz köp ýalňyşýarys*+. Eger kim sözünde ýalňyşlyk goýbermese, ol kämildir, tutuş bedenine-de erk edip* bilýändir. 3 Eger atlara baş öwretmek üçin agyzzyryk salsak, olaryň tutuş göwresini-de jylawlap bilýändiris. 4 Şeýle-de gämilere üns beriň. Ullakan gämiler ýeliň ugruna gitseler-de, kiçi rul bilen islän tarapyňa öwrüp bolýar.
5 Dil hem bedeniň kiçijik agzasy bolsa-da, çendenaşa öwünýär. Oduň uçguny tutuş tokaýy ýakyp kül edip bilýär. 6 Dil hem otdur+, ol beden agzalarynyň içinde iň zalymydyr. Dil tutuş bedeni hapalap+, adamyň durmuşyny kül edip bilýändir. Dil edil Jähennem* ody ýaly, ähli zady ýok edýändir. 7 Adamlar her dürli ýyrtyjy haýwanlary, guşlary, süýrenijileri we deňiz jandarlaryny eldekileşdirip bilýär. 8 Emma hiç bir adam dilini saklap bilýän däldir. Ol hemmelere zyýan ýetirýändir, zäherden doludyr+. 9 Biz dilimiz bilen hem Ýehowa* Atamyzy şöhratlandyrýarys, hem «Hudaýyň keşbinde»+ ýaradylan adamlara gargaýarys. 10 Şol bir agyz hem alkyş aýdýar, hem gargaýar.
Doganlarym, şeýle etmek gowy däl+. 11 Bir çeşmeden hem süýji, hem ajy suw akýarmy? 12 Doganlarym, injir agajy zeýtun ýa-da üzüm agajy injir berip bilermi?+ Çeşmäniň suwy şor bolsa, ondan süýji suw akmaz.
13 Araňyzda akyldar we düşünjeli adam barmy? Eger bar bolsa, muny edim-gylymy we ýumşaklygy bilen görkezsin. Ýumşaklyk akyldarlygyň miwesidir. 14 Eger ýüregiňizde göriplik+ we dawa-jenjel*+ bar bolsa, onda öwünmäň+, ýogsam ýalan sözledigiňiz bolar. 15 Ol gökden inýän akyldarlyk däl-de, jynlara, ten höweslerine eýerýän adamlara we şu dünýä mahsus akyldarlykdyr+. 16 Sebäbi göripligiň, dawa-jenjeliň* bar ýerinde tertipsizlik we her hili erbetlik hem bardyr+.
17 Gökden inýän akyldarlyk bolsa, ilki bilen päk+, soňra parahat+, paýhasly*+ we gulak asmaga taýyndyr. Şeýle-de ol rehimdardyr, ýagşy işlere baýdyr+, ala tutýan däldir+ we ikiýüzli däldir+. 18 Onsoňam, parahatlygy döredýän adamlar+ üçin dogruçyllygyň miwesi parahat şertlerde ekilýändir*+.