Gepläniňizde söýgi we hormat bildiriň
«Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärini sylasyn» (EFESLILER 5:33).
1, 2. Durmuş guran adamlar özüne nähili wajyp sorag bermeli we näme üçin?
AÝDALY, size owadan dolanylgy sowgat berdiler. Onuň daşynda «Usul bilen tutuň» diýlen ýazgy bar. Siz ol sowgady nädip saklardyňyz? Elbetde, siz ony döwmejek bolup aýap saklardyňyz. siziň nikaňyz şeýle sowgat dälmi näme?
2 Naomi atly ysraýylly dul hatyn Orpa bilen Rut atly ýaş gelinlerine: «Taňry size bersin-de, her biriňiz äriňiziň öýünde dynçlyga gowşuň!» diýdi (Rut 1:3—9, MKS). Mukaddes Ýazgylarda gowy aýal barada şeýle diýilýär: «Öý we mal-mülk atalar mirasydyr; paýhasly aýal bolsa Rebdendir» (Süleýmanyň tymsallary 19:14). Eger sizem durmuş guran bolsaňyz, ýanýoldaşyňyza Hudaýyň beren sowgady hökmünde garamaly. Hudaýyň beren sowgadyna siz nähili garaýarsyňyz?
3. Är-aýal Pawlus resulyň haýsy maslahatyna eýermeli?
3 Pawlus resul I asyrda mesihçilere ýazan hatynda şeýle diýdi: «Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň; aýal hem ärini sylasyn» (Efesliler 5:33). Är-aýal bir-biri bilen gepleşende bu maslahata nädip eýerip biljekdigine seredeliň.
«Durnuksyz erbet dilden» — ägä boluň
4. Dil nädip ýagşy ýa-da erbet täsir edip biler?
4 Mukaddes Ýazgylary ýazan Ýakup şägirt «dil... durnuksyz erbetlikdir, öldüriji awudan doludyr» diýdi (Ýakup 3:8). Ýakup durnuksyz diliň zyýanlydygyna gowy düşünýärdi. Elbetde, ol Mukaddes Ýazgylardaky tymsalda soňuny saýman gepleýänleriň sözleriniň «gylyjyň sanjylyşy» bilen deňelýändigini bilýärdi. Şeýle-de ol tymsalda «akyldaryň dili bolsa şypa berýändir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Dogrudan-da, sözler güýçli täsir edýär. Olar ýürege ýara salyp ýa-da şypa berip bilýär. Siziň diýýän sözleriňiz ýanýoldaşyňyza nähili täsir edýärkä? Siz muny ýanýoldaşyňyzdan sorasaňyz ol näme jogap bererkä?
5, 6. Näme üçin käbir adamlara dilini saklamak kyn?
5 Eger-de siz maşgalaňyzda ýaramaz geplemegi endik edinen bolsaňyz, ýagdaýy düzedip bilersiňiz. Nähili kyn bolsa-da tagalla etmeli. Näme üçin? Munuň bir sebäbi biz bikämil, şoňa görä-de oňa garşy göreşmeli. Biziň miras alan günämiz biri-birimiz barada pikir edenimizde we gürleşenimizde erbet täsir edýär. Ýakup şägirt: «Kim gepinde büdremese, kämil adam bolup, bütin bedeni-de jylawlamagy başarar» diýdi (Ýakup 3:2).
6 Şeýle-de adama diňe bir bikämillik däl-de, onuň önüp-ösen maşgalasynda ulanylýan dil hem täsir edýär. Käbir adamlar «barlyşyksyz... nebsine buýurmazak» häsiýetli maşgalada terbiýelenýärler (2 Timoteos 3:1—3). Şeýle maşgalada önüp-ösen çagalar hem ulalansoň köplenç şol häsiýetlere eýerýärler. Elbetde, hiç kim bikämilligi ýa-da gowy terbiýe almandygy sebäpli, gödek gepläp özüni aklamaly däl. Ýöne bu bize näme sebäpden käbir adamlara dilini saklamaklyk we göwne degilýän sözleri aýtmazlyk kyn bolýandygyna düşünmäge kömek eder.
Göwne degýän sözleri aýtmagy goýuň
7. Petrusyň mesihçilere «her hili gep-gybaty goýuň» diýmegi näme aňladýar?
7 Nähili bolaýanda-da, är-aýal bir-biriniň göwnüne degseler, ýanýoldaşyny söýmeýändigini we hormat goýmaýandygyny görkezýärler. Pawlus resul mesihçilere:«her hili gep-gybaty goýuň» diýip maslahat berdi (1 Petrus 2:1). «Gep-gybat» diýlip terjime edilen grek sözi «göwne degýän sözleri» aňladýar. Bu «adama awuly sözleri aýtmagy» görkezýär. Saklap bilinmedik diliň täsiri nähili gowy suratlandyrylýar!
8, 9. Göwne degilýän sözler nämä eltip biler we näme üçin är-aýal dilini saklamaly?
8 Käbir adamlar göwne degilýän sözlere çynlakaý garamaýarlar. Ýöne şeýle sözleriň ýanýoldaşyňa nähili täsir edýändigi barada oýlanyp gör. Sen ýanýoldaşyňa «samsyk», «ýalta», «diňe özüňi bilýäň» diýmek bilen ony kemsidýärsiň! Elbetde, bu zalymlyk. Ýanýoldaşyň kemçiligini ulaldyp aýdylýan sözler barada näme diýse bolar? Mysal üçin: «Sen hemişe gijä galýaň» ýa-da «Sen hiç haçan maňa gulak asmaýaň» diýmek, ulaldyp aýtmak dälmi näme? Şeýle sözler ýanýoldaşyň gaharyny getirer. Şol sebäpli uly dawa turmagy mümkin (Ýakup 3:5).
9 Eger gürrüňdeşlikde kän göwne degilse, är-aýalyň arasynda agzalalyk döräp gowulyga eltmez. Süleýmanyň tymsallary 25:24-de: «Üçegiň bir çetinde mesgen tutmak, giň öýde iňre aýal bilen ýaşamakdan gowudyr» diýilýär. Elbetde, bu sözler ärlere-de degişli. Wagtyň geçmegi bilen awuly sözler är-aýalyň gatnaşygyny bozup biler hem-de ýanýoldaşyň özüni söýülmeýän, hatda söýgä mynasyp däl duýmagy ahmal. Şonuň üçin diliňi saklamak wajyp. Ýöne nädip diliňi saklap bolar?
Diliňizi saklaň
10. Näme üçin diliňi saklamak wajyp?
10 Ýakup 3:8-de: «Dile bolsa adamlaryň hiç biri erk edip bilýän däldir» diýilýär. Ýöne atlynyň atyň agzyna agyzzyryk salyp, oňa baş öwredişi ýaly, bizem dilimizi berk jylawlamaly. «Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan bolsa, onuň dindarlygy biderekdir» (Ýakup 1:26; 3:2, 3). Şu sözler dilimizi nädip ulanýandygymyza çynlakaý garamalydygyny görkezýär. Bu diňe är-aýalyň gatnaşygyna täsir etmän, eýsem Ýehowa Hudaý bilen gatnaşygymyza hem täsir edýär (1 Petrus 3:7).
11. Biraz düşünişmezlik uly dawa öwrülmez ýaly näme edip bileris?
11 Siz ýanýoldaşyňyz bilen nädip gürleşýändigiňize üns berseňiz paýhasly bolardy. Kyn ýagdaý dörände, ony çözjek bolmaly. Barlyk 27:46—28:4-nji aýatlardaky Yshak bilen Rebekanyň arasynda dörän kynçylyga seredeliň. Rebeka Yshaga: «Het gyzlary sebäpli men ýaşaýyşymdan irdim; eger Ýakup bular ýaly Het gyzlaryndan, bu ýurduň gyzlaryndan aýal alsa, onda maňa ýaşaýyş nämä gerek?» diýdi. Bu sözlere Yshak gödek jogap bermedi. Gaýtam, ol Rebekany gynandyrmajak bolup, Hudaýdan gorkýan gelin gözlemek üçin ogluny uzak ýola iberdi. Är-aýalyň arasynda düşünişmezlik döräp biler. Şeýle bolanda «sen» sözüni «men» sözüne çalşyrsak, uly dawa döremez. Meselem, «sen hiç haçan meniň üçin wagt sarp etmeýäň» diýmegiň deregine, «men seniň bilen köpräk wagt geçirmek isleýärin» diýseňiz gowy bolmazmy? Ünsüňizi adama däl-de, kynçylyga gönükdiriň. Kimiň günäkär, kimiň günäkär däldigini çözjek bolmaň. Rimliler 14:19-da şeýle diýilýär: «Parahatlyga, biri-birimizi dikeltmäge ýaraýan işler ugrunda dyrjaşalyň».
Ýamanlyk, kine, gahar, gazap sizden daşda bolsun
12. Dilimizi saklar ýaly nädip doga etmeli we näme üçin?
12 Dilimizi saklamak diňe bir aýdýan sözümize üns bermegi aňlatmaýar. Biziň diýýän sözlerimiz, aslynda, agzymyzdan däl-de, ýüregimizden çykýar. Isa şeýle diýdi: «Oňat adam ýüreginiň oňat hazynasyndan oňat zat çykarýandyr. Erbet adam-da ýüreginiň erbet hazynasyndan erbet zat çykarýandyr. Çünki onuň agzy ýüreginden joşanyny sözleýändir» (Luka 6:45). Şoňa görä-de, dilimizi saklamak üçin Dawut ýaly doga etmeli: «Mende tämiz ýürek ýarat, eý Hudaý, içime täzeden durnukly ruh ber» (Zebur 51:10).
13. Ýamanlyk, kine, gahar we gazap galmagala eltmez ýaly näme etmeli?
13 Pawlus efeslilere diňe bir erbet sözlerden däl-de, eýsem, erbet duýgulardan hem gaça durmagy maslahat berdi. Ol şeýle ýazdy: «Her ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar, gazap, galmagal we ýamanlama sizden daş bolsun» (Efesliler 4:31). Pawlus «gazap, galmagal» barada aýtmazyndan öň, «ýamanlyk bilen birlikde her hili kine, gahar... sizden daş bolsun» diýdi. Diýmek, adam gahar-gazaba münende, erbet sözleri aýdyp başlaýar. Şonuň üçin özüňe şeýle soraglary berip bilersiň: «Men ýüregimde kine we gahar saklaýanmy? Jenjel turuzýanmy?» (Süleýmanyň tymsallary 29:22). Eger sende beýle häsiýetler bar bolsa, Hudaýdan kömek diläp doga etseň hem-de özüňe erk etseň, gaharyňy pürkmekden gaça durup bilersiň. Zebur 4:4-de şeýle diýilýär: «Titräň, günä etmäň; düşegiňizde içiňizden oýlanyp, ümsüm boluň». Eger güýçli gaharyň gelip, özüňe erk edip bilmerin öýtseň, onda Süleýmanyň tymsallary 17:14-däki: «Dawa turmazyndan öň jedeli taşla» diýen maslahata eýerseň gowy bolardy. Mümkin boldugyndan gaharyň ýatýança gürrüňi bes et.
14. Öýke-kine är-aýalyň gatnaşygyna nähili täsir edip biler?
14 Pawlusyň aýdyşy ýaly, esasanam, «ýamanlyk» edilende, kine we gahary saklamak aňsat däl. Pawlusyň ulanan grek sözi «ýaraşmak islemeýän kinäni» we «içiňde gahary saklamagy» aňladýar. Käwagt är-aýalyň arasyndaky gahar uly böwet bolup, şeýle ýagdaý uzaga çekip biler. Nägilelik doly çözülmese, ara tow düşer. Ýöne öňki edilen ýalňyşlyklar üçin kine saklamaly däl. Sebäbi geçen zatlary yzyna gaýtaryp bolmaýar. Edilen ýalňyşlyklary bagyşlan bolsaň ýadyňdan çykarmaly. Çünki söýgi «içinde hylt saklaýan däldir» (1 Korintoslylar 13:4, 5).
15. Gödek geplemegi endik eden adamlara gürleýşini üýtgetmäge näme kömek eder?
15 Eger seniň terbiýe alan maşgalaňda gödek gepleşmek adat bolan bolsa näme etmeli? Onda sen häsiýetiňi üýtgetmeli bolarsyň. Belki, sen eýýäm durmuşyňda köp üýtgeşikler edensiň. Gepläňde haçan saklanmalydygyny nädip bilýäň? Gödek geplemänkäň saklanyp bilýäňmi? Munuň üçin Efesliler 4:29-daky: «Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarmaň» diýen maslahata eýermeli. Şeýle-de: «Öňki ýaradylyşy erbet işleri bilen bile egniňizden çykaryp, Ýaradanyň keşbine görä, Hudaýy tanamagyňyz üçin täzelenen täze ýaradylyşy geýinmeli» diýip talap edilýär (Koloseliler 3:9, 10).
Aç-açan gürleşmek zerur
16. Näme üçin är-aýal gepleşmeseler zyýanly?
16 Haçan-da äri ýa-da aýaly gürleşmän ýörse, olaryň arasy bozulyp biler. Ýöne olar başga sebäplere görä-de gürleşmezlikleri mümkin, meselem: gaýga batanda ýa-da lapykeç bolanda. Är-aýal gürleşmeseler, olaryň gatnaşygy öňküdenem beter kynlaşyp, meseläni hem ylalaşyp çözüp bilmezler. Bir aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz näçe gürleşsekde kynçylygymyzy hiç haçan çözüp bilmeýärdik».
17. Mesihçi är-aýal maşgaladaky kynçylygyny çözmek üçin näme etmeli?
17 Är-aýalyň arasyndaky agzalalyk artdygyça, ony çözmek aňsat däl. Süleýmanyň tymsallary 15:22-de şeýle diýilýär: «Maksada maslahatsyz ýetilýän däldir, diňe maslahatçylaryň köp ýerinde myrat hasyl bolýandyr». Sen ýanýoldaşyň bilen oturyp, meseläni bile çözmeli. Munuň üçin sen ýanýoldaşyňa ynamsyzlyk etmän, ony üns bilen diňlemeli. Eger meseläni çözmek başartmasa, ýygnagyň ýaşulusyna ýüz tutsaň gowy bolmazmy? Sebäbi olar Mukaddes Ýazgylary gowy bilýärler we ondaky prinsipleri ökdelik bilen ulanýarlar. Ýaşulular «ýelden gorag we çabgadan gizlengi ýer kimindir» (Işaýa 32:2).
Ýeňiji bolup bilersiň
18. Rimliler 7:18—23-de nähili söweş barada aýdylýar?
18 Dilimizi jylawlamak üçin göreşmeli. Şeýle-de özüňi dogry alyp barmak üçin hem göreşmeli. Pawlus resul näme bilen göreşendigi barada şeýle diýdi: «Mende, ýagny tenimde ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn. Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da, islemeýän erbet işimi edýärin. Men islemeýänimi edýän bolsam, onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir». Sebäbi günä bizi «synalarymyzdaky günä kanunyna ýesir edýär», şonuň üçin dilimizi we bedenimiziň başga agzalaryny nädogry ulanýarys (Rimliler 7:18—23). Muňa garamazdan dilimizi jylawlamak üçin göreşsek, Hudaýyň kömegi bilen ýeňip bileris.
19, 20. Isanyň göreldesi är-aýala dilini jylawlamaga nädip kömek eder?
19 Maşgalada oýlanyşyksyz hem-de gödek sözleri ulanman biri-biriňi söýüp, hormat goýmaly. Bu babatda Isa Mesihiň göreldesi hakynda oýlan. Ol hiç haçan şägirtleriniň göwnüne degmeýärdi. Hatda öldürilmezinden öňki gije şägirtleriniň arasynda haýsysynyň uly saýylmalydygy barada çekişme turanda, Hudaýyň Ogly olara käýemedi (Luka 22:24—27). Ärlere Mukaddes Ýazgylarda: «Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy söýüň» diýip ýatladylýar (Efesliler 5:25).
20 Aýallar barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylarda olara «äriňi sylamaly» diýilýär (Efesliler 5:33). Eger aýal ärini sylaýan bolsa, gygyryp, paýyş sözleri aýdarmy? Pawlus şeýle ýazdy: «Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr» (1 Korintoslylar 11:3). Mesihiň Hudaýa tabyn bolşy ýaly, aýallar hem ärine tabyn bolmaly (Koloseliler 3:18). Bikämil adamlar Isanyň göreldesine doly eýerip bilmeseler-de, är-aýal onuň «yzyny alyp göterseler» dilini jylawlamaga kömek eder (1 Petrus 2:21).
Siz näme öwrendiňiz?
• Dilimizi saklamasak nika nähili zyýan ýeter?
• Näme üçin diliňi jylawlamak kyn?
• Dilimizi saklamaga näme kömek eder?
• Är-aýal agzalalygyny çözmek üçin näme etmeli?