Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/9 sah. 27—31
  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýa nädip doga etmeli?
  • Näme barada diläp bileris?
  • Günä edenimizde näme etmeli?
  • Hudaý dogalarymyza jogap berýär
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaýa nädip ýakynlaşmaly?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Dogalaryň sen barada nämäni aýan edýär?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/9 sah. 27—31

«Dilegleriňizi... Hudaýa bildiriň»

«Her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň» (FILIPILILER 4:6).

1. Biz kime ýüz tutup bilýäris we bu näme üçin ajaýyp?

EGER-DE siz ýurduňyzyň prezidentiniň ýanyna girmäge rugsat sorasaňyz, siz nähili jogap alardyňyz? Mümkin, prezidentiň administrasiýasyndan biri size sypaýyçylykly jogap berer, ýöne prezidentiň özi bilen gürleşip bilmersiňiz. Emma bu babatda Älemiň Hökümdary Ýehowa Hudaý tapawutlanýar. Biz oňa islendik ýerde, islendik wagtda ýüzlenip bilýäris. Eger Hudaýyň islegine görä doga etsek, ol hemişe eşidýär (Süleýmanyň tymsallary 15:29). Bu, dogrudan-da, ajaýyp! Munuň üçin biz «dogalary eşidýäne» minnetdarlyk bildirip, yzygider doga etmeli dälmi näme? (Zebur 65:2).

2. Dogalarymyz Hudaýa ýarar ýaly näme etmeli?

2 Kimdir biriniň: «Hudaýa nähili dogalar ýaraýarka?» diýip, soramagy ahmal. Mukaddes Ýazgylarda: «Iman etmezden Hudaý tarapyndan halanmak mümkin däldir. Hudaýa ýakynlaşan Onuň barlygyna, Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna iman etmelidir» diýilýär (Ýewreýler 11:6). Hawa, geçen makaladan bilşimiz ýaly, Hudaýa ýakynlaşmak üçin oňa iman etmeli. Ýöne Ýehowa iman bilen birlikde ýagşy iş edýänleriň hem-de ak ýürekden we dogry niýet bilen doga edýänleriň dogasyny eşitmäge taýyn.

3. a) Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylarynyň dogasyndan görnüşi ýaly, nämeler barada doga edip bileris? b) Dogalaryň nähili görnüşleri bar?

3 Pawlus resul döwürdeş imandaşlaryna şeýle maslahat berdi: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň» (Filipililer 4:6, 7). Mukaddes Ýazgylarda Hanna, Ylýas, Hizkiýa we Daniýel ýaly ençeme adamlaryň öz gaýgy-aladalary barada Hudaýa doga edendigi aýdylýar (1 Patyşalar 2:1—10; 3 Patyşalar 18:36, 37; 4 Patyşalar 19:15—19; Daniýel 9:3—21). Biz olaryň göreldesine eýermeli. Şeýle-de Pawlus resulyň aýtmagyny görä, dogalaryň birnäçe görnüşleri bar. Ol şükür bilen doga etmek barada aýdypdy. Bu dogada biz Ýehowanyň edýän işleri üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris. Şeýle-de minnetdarlyk bildirmek bilen Ýehowany şöhratlandyryp bilýäris. Ýalbarma bu pesgöwünlilik bilen gyzgyn doga etmegi aňladýar. Şeýle-de biz aýratyn bir zat barada dileg edip bilýäris (Luka 11:2, 3). Göklerdäki Atamyz dogalarymyzyň ählisini höwes bilen kabul edýär.

4. Ýehowa bize näme gerekdigini bilse-de, näme üçin oňa dileg etmeli?

4 Käbir adamlaryň: «Eýsem, Ýehowa bize näme gerekdigini bilmeýärmi näme?» diýmekleri mümkin. Elbetde, bilýär (Matta 6:8, 32). Onda näme üçin ol biziň dileg etmegimizi isleýär? Aýdaly, dukanyň eýesiniň käbir alyjylaryna sowgat beresi gelýär. Ýöne sowgady almak üçin alyjy onuň ýanyna barmaly. Sowgady almak üçin tagalla etmek islemeýän adam onuň gadyryny bilmeýändigini görkezýär. Şonuň ýaly bizem dileg bilen Hudaýa ýüzlenmesek, Ýehowanyň berýän sowgadyna minnetdar däldigimizi görkezýäris. Isa pygamber: «Diläň, alarsyňyz» diýdi (Ýahýa 16:24). Biziň dilegimiz Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezýär.

Hudaýa nädip doga etmeli?

5. Näme üçin biz Isanyň ady bilen doga etmeli?

5 Ýehowa doga etmek babatda birgiden agyr düzgün bermedi. Ýöne Mukaddes Ýazgylaryň düşündirişi ýaly, biz Hudaýyň islegine görä, oňa doga etmegi öwrenmeli. Mysal üçin, Isa Mesih şägirtlerine: «Atadan näme dileseňiz, Meniň adymyň hatyrasyna size berer» diýdi (Ýahýa 16:23). Şonuň üçin biz Isanyň ady bilen doga etmeli, sebäbi Ýehowa diňe Isa arkaly adamlara berekedini berýär.

6. Doga edenimizde nähili ýagdaýda durmaly?

6 Doga edenimizde nähili ýagdaýda durmaly? Mukaddes Ýazgylarda belli bir ýagdaýda durmalydygy aýdylmaýar (3 Patyşalar 8:22; Nehemýa 8:6; Markus 11:25; Luka 22:41). Iň esasy Hudaýa ak ýürekden we dogry niýet bilen doga etmeli (Ýowel 2:12, 13).

7. a) «Omyn» diýmek nämäni aňladýar? b) Doga edenimizde näme üçin «omyn» diýmeli?

7 Eýsem, «omyn» diýmek nämäni aňladýar? Mukaddes Ýazgylarda bu söz doganyň ahyrynda, galyberse-de, köpçülik bolup doga edenden soň aýdylýandygy görkezilýär (Zebur 72:19; 89:52). Ýewreý dilinde amen diýen söz «dogry, hakykat» diýmegi aňladýar. Makklintogyň we Strongyň ensiklopediýasynyň düşündirişine görä, dogadan soň «omyn» diýilýän söz «dogada aýdan sözleri tassyklaýar we olaryň berjaý bolmagyny görkezýär». Şonuň üçin dogamyzy ýürekden «omyn» diýip tamamlasak, aýdan zatlarymyza ynanýandygymyzy görkezýäris. Ýygnakda doga edýän dogan dogasyny «omyn» diýip tamamlandan soň, diňleýänlerem onuň aýdan sözleri bilen razylaşýandygyny görkezmek üçin içinden ýa-da sesli «omyn» diýip bilerler (1 Korintoslylar 14:16).

8. Ýakup we Ybraýym pygamberiň dogasy bilen biziň käbir dogalarymyzyň nähili meňzeşligi bar? Bu dogalar nämäni görkezýär?

8 Hudaý bize dileýän zadymyzyň nähili wajypdygyny doga arkaly görkezmäge mümkinçilik berýär. Gadym döwürde Ýakup pygamber Hudaýyň ak patasyny almak üçin, perişde bilen uzak gije göreşipdi, mümkin, bizem Hudaýyň ak patasyny almak üçin göreşmeli bolarys (Barlyk 32:24—26). Ybraýym pygamberiň Sodomdaky dogry adamlar we Lut üçin ençeme gezek Ýehowa dileg edişi ýaly, bizem kämahal şeýle doga etmeli bolýarys (Barlyk 18:22—33). Ýehowanyň adalatly, merhemetli we rehimli Hudaý bolany üçin, biz hem gymmat saýýan zatlarymyz barada-da oňa ýalbaryp bilýäris.

Näme barada diläp bileris?

9. Doga edenimizde nämäni birinji orunda goýmaly?

9 Ýadyňyzda bolsa Pawlus resul: «Her zatda. . . dilegleriňizi. . . Hudaýa bildiriň» diýipdi (Filipililer 4:6). Diýmek, ýaşaýşymyza degişli ähli zat barada doga edip bolýar. Ýöne Ýehowanyň islegi birinji orunda durmaly. Bu babatda Daniýel pygamber gowy görelde galdyrdy. Ysraýyllylara günä edendikleri sebäpli jeza berlende, Ýehowa olara rehim eder ýaly Daniýel pygamber: «Eý Hudaý, öz hatyraňa, öz adyň üçin haýal-ýagalyk etme» diýip diledi (Daniýel 9:15—19). Biz doga edenimizde, Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagy we onuň islegini ýerine ýetirmegi birinji orunda goýandygymyzy görkezýärismi?

10. Özümize gerek zatlar barada doga edip bolýandygyny nireden bilýäris?

10 Biz özümize gerek zatlar barada hem doga edip bileris. Mysal üçin, mezmurçy ýaly Hudaý baradaky düşünjämiziň artmagyny diläp bileris. Ol: «Maňa aň-düşünje ber, kanunyňy berjaý edeýin, ony bütin ýüregim bilen berjaý edeýin» diýip doga etdi (Zebur 119:33, 34; Koloseliler 1:9, 10). Isa «özüni ölümden gutarmagy başarýan Hudaýa uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar hem ýalbaryşlar hödürledi» (Ýewreýler 5:7). Şeýdip, Isa synaglarda ýa-da howp abananda, Hudaýdan güýç dilemeledigimizi görkezdi. Ol şägirtlerine günäleriň ötülmegini, gündelik çöregi ýaly ähli zerurlyklary barada doga etmegi öwretdi.

11. Synaga döz gelmäge doga nädip kömek edip biler?

11 Isa nusgalyk dogasynda: «Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et» diýdi (Matta 6:9—13). Soňra ol: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» diýip maslahat berdi (Matta 26:41). Synaga düşenimizde, doga etmek wajyp. Işde ýa-da mekdepde özüne çekýän günäli işler sebäpli Ýazgylardaky prinsipleri bozmagymyz mümkin. Bu dünýäniň adamlary biziň Hudaýa ýaramaýan işlere goşulmagymyzy isleýär. Mümkin, olar bizi ahlak kadalaryna garşy gelýän işleri etmäge iterer. Şeýle ýagdaýlarda Isanyň nusgalyk dogasyndaky beren maslahatyna eýersek gowy bolar. Synagyň öň ýanynda ýa-da synaga düşende günä etmez ýaly, Hudaýdan kömek dilemeli.

12. Biz nämä ynanyp we nähili kynçylyklar barada doga edip bileris?

12 Şu günler Hudaýyň gullukçylary dürli kynçylyklary we aladalary başdan geçirýärler. Nähoşluk we agyr duýgular adamlaryň köpüsinde ünji döredýär. Daş-töweregimizdäki zalymlyk we zorluk durmuşymyzy agyrlaşdyrýar. Ykdysadyýetiň pese düşmegi gündelik çörek gazanjyňy tapmagy kynlaşdyrýar. Şeýle kynçylyklar barada edýän dogamyzy Ýehowanyň eşidýändigini bilmek, bize teselli berýär! Zebur 102:17-de Ýehowa barada şeýle diýilýär: «Ol pukaranyň dogasyna garar, olaryň dogasyny äsgermezlik etmedi».

13. a) Özümize degişli nähili zat barada doga etsek bolar? b) Şeýle doganyň mysalyny getiriň.

13 Biz gullugymyza we Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygymyza degişli islendik zat barada doga edip bileris (1 Ýahýa 5:14). Eger siz durmuş gurmakçy, işe girmekçi ýa-da köpräk gulluk etmekçi bolsaňyz, görkezme diläp Hudaýa arkaýyn doga edip bilersiňiz. Mysal üçin, Filipinada bir ýaş uýanyň doly wagtly gulluk edesi gelýärdi. Ýöne ol özüni eklemek üçin iş tapmaýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Bir sapar Ruhgüni pioner bolup gulluk etmek isleýändigim barada Ýehowa ýörite doga etdim. Soňra şol güni men wagyzda bir ýetginjek gyza kitap hödürledim. Ol birdenkä: «Siz Başgüni irden biziň mekdebimize gelmelisiňiz» diýdi. Men: «Näme üçin?» diýip soradym. Ol: «Mekdebimizde bir iş bar, şonuň üçin basym barmalysyňyz» diýdi. Meni barandan işe aldylar. Şeýle tiz iş tapanyma özümem geň galdym!» Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi şeýle ýagdaýlara duş gelýärler. Şol sebäpli çekinmän Hudaýa ýürekden doga edip bilersiňiz!

Günä edenimizde näme etmeli?

14, 15. a) Näme üçin günä eden adam doga etmegi bes etmeli däl? b) Günä eden adama Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny dikeltmäge öz dogasyndan başga-da ýene näme kömek eder?

14 Günä eden adama doga nädip kömek eder? Olaryň käbiri namys bilip doga etmeýär. Emma beýtmek nädogry bolardy. Bir mysala seredeliň: uçaryň sürüjisi azaşanda, howa ýollarynyň gözegçisi bilen habarlaşsa, onuň kömek etjekdigini bilýärler. Eger-de azaşan sürüji çekinip, gözegçä ýüz tutmasa näme bolar? Heläkçilige eltmegi mümkin! Şonuň ýaly günä eden adam utanyp, Hudaýa doga etmese, özüne zyýan eder. Günä eden adam utansa-da, Ýehowa bilen gürleşmegi bes etmeli däl. Aslynda, Hudaý agyr günä eden adamlary oňa doga etmäge çagyrýar. Işaýa pygamber Hudaýyň «rehimdardygy» üçin günä eden döwürdeşlerine Ýehowa ýüz tutmagy maslahat berdi (Işaýa 55:6, 7). Günä eden adam günäsiniň ötülmegi üçin pesgöwünli bolmaly, ýürekden toba etmeli we mundan beýläk günä etmejek bolmaly (Zebur 119:58; Daniýel 9:13).

15 Agyr günä edilende, doga etmäge ýene-de bir sebäp bar. Ýakup resul ruhy taýdan kömege mätäç adamlar barada şeýle diýdi: «Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan. . . onuň üçin doga etsin. . . Reb ony dikelder» (Ýakup 5:14, 15). Hawa, günä eden adamyň özi Ýehowa doga edip günäsini boýun almaly, ýöne ol ýygnagyň ýaşulysyndan hem onuň üçin doga etmegi haýyş edip biler. Bu oňa Ýehowa bilen ýakyn gatnaşygyny dikeltmäge kömek eder.

Hudaý dogalarymyza jogap berýär

16, 17. a) Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär? b) Doga bilen wagyz gullugyň baglanyşyklydygyny haýsy mysallar görkezýär?

16 Ýehowa dogalarymyza nädip jogap berýär? Dogalarymyzyň käbirine ol çalt we anyk jogap berýär (4 Patyşalar 20:1—6). Käbirine bolsa birnäçe wagtdan soň jogap berýär, ýöne şolary saýgarmak kyn bolýar. Isanyň dul hatyn baradaky tymsalynda, onuň kazynyňka gaýta-gaýta barşy ýaly, biz hem käbir zatlar barada Ýehowa üznüksiz doga etmeli bolýarys (Luka 18:1—8). Emma biziň dogalarymyz Hudaýyň islegine gabat gelse, Ýehowanyň hiç haçan: «Maňa zähmet [azar, TD] berme» diýmejegini bilýäris (Luka 11:5—9).

17 Ýehowanyň gullukçylarynyň köpüsi dogalaryna jogap alýandygyna ençeme gezek göz ýetirdiler. Bu köplenç wagyzda aýdyň görünýär. Mysal üçin, Filipinada iki sany uýa uzak ýerlerde ýaşaýanlara Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlary hödürleýärdiler. Uýalar bir aýala kitapça berenlerinde, ol gözüne ýaş aýlap şeýle diýdi: «Men geçen agşam Hudaýa doga etdim. Kimdir biriniň gelip, maňa Mukaddes Ýazgylary öwretmegini diledim. Görýän welin, Hudaý meniň dogama jogap berdi». Tizden ol aýal Patyşalyk Zalyndaky geçirilýän duşuşyklara gatnaşyp başlady. Günorta-gündogar Aziýada ýaşaýan bir dogan, goragly öýlerde wagyz etmäge gorkýardy. Emma doganymyz Ýehowa doga edip, ýüregini bire baglap, şol öýleriň birine bardy. Ol gapyny kakanda, bir ýaş aýal açdy. Doganymyz näme üçin gelendigini aýdanda, ol aýal aglap başlady. Ýaş aýal Ýehowanyň Güwäçilerini gözleýändigini we olary tapmak üçin doga edendigini aýtdy. Doganymyz höwes bilen oňa ýerli ýygnagyň Güwäçileri bilen duşuşmaga kömek etdi.

18. a) Dogalarymyza jogap alanymyzda biz näme etmeli? b) Her bir mümkinçilikden peýdalanyp doga etsek nämä ynanyp bileris?

18 Dogrudanam, doga Hudaýyň ajaýyp sowgady. Ýehowa biziň dogalarymyzy eşitmäge we jogap bermäge taýyn (Işaýa 30:18, 19). Ýöne Ýehowanyň dogalarymyza nädip jogap berýändigine ünsli bolmaly. Ol hemişe biziň isleýşimiz ýaly jogap bermeýär. Hudaýyň görkezme berendigine göz ýetirenimizde, minnetdarlyk bildirmegi hem-de şöhratlandyrmagy hiç haçan unutmaly däl (1 Selanikliler 5:18). Galyberse-de, Pawlus resulyň: «Ähli ýagdaýda şükür ediň. Çünki Hudaýyň Mesih Isada siz baradaky islegi şudur» diýen sözlerini ýadymyzda saklamaly. Hudaý bilen gürleşmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanyň. Şonda dogalaryna jogap alanlar barada Pawlus resulyň aýdan sözleriniň hakdygyna mundan beýläk hem ynamymyz artar. Ol: «Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» diýdi (Filipililer 4:6, 7).

Nähili jogap berersiňiz?

• Dogalaryň nähili görnüşleri bar?

• Biz nädip doga etmeli?

• Nämeler barada doga edip bileris?

• Adam günä edende, doganyň näme ähmiýeti bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş