Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w08 15/12 sah. 3—7
  • Näme üçin aýypsyzlygy saklamaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin aýypsyzlygy saklamaly?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Aýypsyzlyk näme?
  • Sen aýypsyzlygyňy saklarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Aýypsyzlygyňyzy saklaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Biz aýypsyzlykda gezeris!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
w08 15/12 sah. 3—7

Näme üçin aýypsyzlygy saklamaly?

«Ýa Reb... aýypsyzlygyma görä Sen maňa kazylyk et» (ZEB. 7:8).

1, 2. Köplenç nähili ýagdaýlarda mesihçiniň aýypsyzlygy synalýar?

ÜÇ ÝAGDAÝY göz öňüne getiriň. Mekdepde okaýan bir oglan synpdaşlaryna duş gelýär, olar onuň gaharyny getirip, gödeklige ýa-da uruşmaga öjükdirýän bolmaly. Ol synpdaşlarynyň täsirine düşermi ýa-da özüne erk edip, ol ýerden gidermi? Bir mesihçi är öýde ýeke galanda Internetde haýsy-da bolsa bir maglumaty gözleýär. Kompýuteriň ekranynda ahlaksyz zatlary görmäge mümkinçilik döredýän web-saýt peýda bolýar. Ol gyzyklanyp, bu saýta girermi ýa-da ondan gaça durmak üçin elinden gelenini edermi? Mesihçi uýa başga uýalar bilen gürrüňdeş bolup durka, birdenkä bir uýanyň üstünden erbet gybat edip başlaýarlar. Ol bu gürrüňi goldarmy ýa-da ony başga zada sowarmy?

2 Bir-birinden tapawutlanýan bu ýagdaýlaryň bir umumy meňzeşligi bar. Olaryň her birinde mesihçi aýypsyzlygyny saklamak üçin göreşmeli. Sen öz aladalaryň, zerurlyklaryň we durmuşdaky maksatlaryň babatda aýypsyzlygyňy saklandygyň ýadyňa düşýärmi? Adamlar her gün daşky-keşbi, jan-saglygy we eklenmek barada pikirlenýärler; olar dostlary bilen gatnaşyk edende, bolan şatlykly we kyn pursatlar barada, hatda söýgi hakda oýlanýandyrlar. Şeýle zatlara biz käte köp üns berýäris. Emma Ýehowa biziň ýüregimizi barlanda, ony esasan näme gyzyklandyrýar? (Zeb. 139:23, 24). Biziň aýypsyzlygymyz.

3. Ýehowa bize saýlamaga nähili mümkinçilik berýär we bu makalada biz nämä serederis?

3 «Ähli oňat, kämil sowgat» Ýehowadan inýär we ol biziň her birimizi dürli sowgatlar bilen sylaglady (Ýakup 1:17). Ýehowanyň sowgatlary arkaly bizde beden, akyl, belli bir derejede saglyk we dürli ukyplar bar (1 Kor. 4:7). Emma Ýehowa bizi aýypsyzlygy saklamaga mejbur etmeýär. Ol bize bu häsiýeti ösdürmek üçin özümiz saýlar ýaly mümkinçilik berýär (Kanun. 30:19). Şol sebäpli biz aýypsyzlygyň nämedigine düşünmeli. Şeýle-de bu häsiýetiň wajyplygynyň üç sebäbine serederis.

Aýypsyzlyk näme?

4. Aýypsyzlyga näme degişli we Ýehowanyň haýwanlary gurban bermeli diýen kanundan nämäni bilýäris?

4 Aýypsyzlygyň nämedigine köp adamlar doly düşünmeýärler. «Aýypsyzlyk» diýen gadymy ýewreý sözi, «doly», «bütewi», «kemçiliksiz» ýaly meňzeş sözleriň düýp sözünden gelip çykýar. Bu sözleriň biri Ýehowa gurban berilýän haýwanlara degişli ulanylýar. Haýwan diňe kemçiliksiz bolan ýagdaýynda, Hudaý ony kabul edýärdi. (Lewililer 22:19, 20-nji aýatlary okaň.)a Adamlar Hudaýyň tabşyrygyna gulak asman agsak, keselli we kör haýwanlary gurban getirende, Ýehowa olary berk ýazgarýardy (Mal. 1:6—8).

5, 6. a) Adamlaryň bütewiligi we zepersizligi gymmat saýýandygyny haýsy mysal görkezýär? b) Aýypsyzlygy saklamak üçin adamlar kämil bolmalymyka? Düşündiriň.

5 Bütewi hem-de zepersiz zady agtarmak we gymmat saýmak geň däl. Kitap kolleksiýa edýän adamy göz öňüne getiriň. Ol ençeme ýyl gözläp, örän gymmatly kitaby tapýar, ýöne soňra onuň birnäçe örän wajyp sahypalarynyň ýokdugyny görýär. Lapykeç bolup, ol kitaby yzyna tekjä goýmagy mümkin. Ýa-da kenaryň gyrasynda gezelenç edip, tolkun bilen kenara zyňylan balykgulaklary ýygnaýan aýaly göz öňüne getiriň. Bu aýal olaryň owadanlygyna we dürli-dürlüligine geň galyp, her birini almak üçin aşak egilýär. Ol balykgulaklaryň haýsysyny özüne alar? Elbetde, bütewisini hem-de zaýalanmandygyny alar. Hudaý hem bütewiligi bilen tapawutlanýan adamlary agtarýar (2 Tar. 16:9).

6 Emma şeýle sowal ýüze çykmagy mümkin: aýypsyzlyk kämilligi aňladýarmy? Biz günä we bikämillik bilen «zaýalanandygymyz» üçin, özümizi sahypalary ýetmeýän kitap ýa-da döwülen balykgulaklar ýaly duýmagymyz mümkin. Sende-de şeýle duýgy döreýärmi? Döreýän bolsa, gam çekme! Ýehowa bizden kämillige garaşmaýar. Ol biziň başarmajak zadymyzy hiç haçan talap etmeýärb (Zeb. 103:14; Ýakup 3:2). Muňa garamazdan, ol biziň aýypsyzlygy saklamagymyzy isleýär. Eýsem kämillik bilen aýypsyzlygyň arasynda tapawut barmy? Hawa. Meselem, ýaş ýigit bir gyzy söýüp, oňa öýlenmekçi bolýar. Ondan kämillige garaşmak akylsyzlyk bolardy. Emma ol gyzyň diňe özüne wepaly boljagyna garaşmaga haky bar. Şonuň ýaly Ýehowa-da «diňe özüne wepaly bolmagy isleýän Hudaýdyr» (Çyk. 20:5). Ol bizden kämillige garaşmaýar, ýöne biziň bütin ýüregimiz bilen ony söýmegimizi we diňe ýeke-täk oňa sežde etmegimizi isleýär.

7, 8. a) Isa aýypsyzlygy saklamakda nähili görelde galdyrdy? b) Mukaddes Ýazgylara görä, aýypsyzlyk nämäni aňladýar?

7 Şunuň bilen baglylykda, Isanyň Kanunda haýsy tabşyrygyň iň wajypdygyna beren jogabyny ýada salalyň. (Markus 12:28—30-njy aýatlary okaň.) Isa bu soraga diňe bir jogap bermän, eýsem, aýdan sözlerine görä ýaşaýardy. Ol Ýehowany bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň, bütin güýjüň bilen söýmekde ajaýyp görelde galdyrdy. Ol aýypsyzlygyň diňe bir sözde däl-de, arassa niýet bilen iş ýüzünde bildirilýändigini görkezdi. Biz aýypsyzlygy saklamak üçin Isa eýermeli (1 Pet. 2:21).

8 Diýmek, Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, aýypsyzlyk şuny aňladýar: biz bütin ýüregimiz bilen diňe gökdäki Atamyz Ýehowa Hudaýyň islegini berjaý edip, onuň niýetini ýerine ýetirmäge gatnaşyp, oňa wepaly bolmaly. Ilki bilen, biz her gün Ýehowa Hudaýa ýaranmaga jan etmeli. Onuň üçin wajyp zat, biziň üçinem wajyp bolmaly. Geliň, aýypsyzlygy saklamagyň wajyplygynyň üç sebäbine seredeliň.

9. Aýypsyzlygymyzyň ähli zady öz içine alýan hökümdarlyk baradaky mesele bilen nähili baglanyşygy bar?

9 Ýehowanyň Hökümdarlyk orny biziň aýypsyzlygymyza bagly däl. Onuň hökümdarlygy adalatly, ebedi we ähli zady öz içine alýar. Onuň ýaradanlarynyň näme diýýändigine ýa-da näme edýändigine garamazdan, bu hemişe şeýle bolar. Emma Hudaýyň hökümdarlygyna gökde hem ýerde töhmet atyldy. Şol sebäpli onuň hökümetini pähimli mahluklaryň öňünde aklamaly, ýagny onuň doly ygtyýarlydygyny, adalatly we söýgi bilen höküm sürýändigini tassyklamaly. Biz, Ýehowanyň Güwäçileri gulak asmak isleýän adamlaryň ählisine Hudaýyň ähli zady öz içine alýan hökümdarlygy barada höwes bilen gürrüň berýäris. Biziň her birimiz bu meselede haýsy tarapy tutýandygymyzy nädip görkezip bileris? Ýehowanyň biziň Hökümdarymyzdygyny nädip subut ederis? Muny aýypsyzlygy saklap edip bileris.

10. Adamlaryň aýypsyzlygy babatda Şeýtan nähili töhmet atdy we sen muňa nähili jogap berip bilersiň?

10 Seniň aýypsyzlygyň nähili ähmiýeti bar? Aslynda, Şeýtan hiç bir adam Hudaýyň hökümdarlygyny goldamaz, ak ýürekden we söýgi bilen hiç kim Ýehowa gulluk etmez diýdi. Iblis ähli perişdeleriň öňünde Ýehowa şeýle diýdi: «Deri üçin deri we adam öz jany üçin hemme zadyny berer» (Eýýup 2:4). Üns beren bolsaň, Şeýtan diňe bir dogry bolan Eýýuba däl-de, eýsem, ähli adamlara töhmet atdy. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda Şeýtana «doganlarymyzyň aýyplaýjysy» diýilýär (Ylh. 12:10). Ol Ýehowanyň üstünden gülüp, mesihçiler, şol sanda senem, Hudaýa wepaly galmarsyňyz diýýär. Şeýtanyň aýtmagyna görä, sen öz janyňy halas etjek bolup, Ýehowa haýynlyk edersiň. Şeýle töhmet saňa nähili täsir edýär? Eýsem, Şeýtanyň ýalançydygyny subut edesiň gelmeýärmi? Sen muny aýypsyzlygy saklap, subut edip bilersiň.

11, 12. a) Aýypsyzlyk bilen baglanyşykly gündeki gelýän kararymyzy haýsy mysallar arkaly görse bolýar? b) Aýypsyzlygy saklaýanlygymyz nähili ajaýyp mümkinçilik berýär?

11 Biziň aýypsyzlygymyz şübhä goýuldy, şol sebäpli her günki gelýän kararymyz we edýän işimiz örän ähmiýetli. Ýokarda agzalan üç ýagdaýy ýada salalyň. Aýypsyzlygy saklamak üçin olar näme etmelidi? Üstünden gülünýän oglanyň synpdaşlaryna gaýtargy beresi gelýär, ýöne ol şu tabşyrygy ýadyna salýar: «Eý söýgüli doganlar, özüňiz öç alman, Hudaýyň gazabyna ýol beriň. Çünki: «Reb diýýär: Öç Meniňkidir, öwezini men bererin» (Rim. 12:19). Ýaş mesihçi ol ýerden gidýär. Internetde maglumat gözleýän mesihçi är ahlaksyz suratlary görüp bilerdi, ýöne ol Eýýubyň sözlerindäki prinsipi bilýärdi: «Men gözlerim bilen äht baglaşdym. Bir gyza göz dikip bilermidim?» (Eýýup 31:1). Şonuň ýaly ol hem ýaramaz zatlara seredip bilmeýär, sebäbi bu onuň üçin zäher kimindi. Uýalar bilen gürrüň edýän uýa: «Her kişi abatlyk üçin, ýagşylyk üçin goňşusynyň göwnünden turmalydyr» diýen maslahaty ýatlap, erbet gybady eşidende, gürrüňi goldamaýar (Rim. 15:2). Ol gybada goşulyp bilerdi, ýöne bu abatlamaýar. Bu mesihçi uýanyň abraýyna erbet täsir edip, gökdäki Atasyny gynandyryp bilerdi. Şol sebäpli ol diýýän sözüne ünsli bolup, gürrüňi başga zada sowýar.

12 Mesihçi bu ýagdaýlaryň her birinde dogry karara gelip, aslynda, şeýle diýýär: «Meniň Hökümdarym Ýehowa. Men oňa ýaranmaga çalşaryn». Sen bir meseläni çözeniňde we bir zady saýlanyňda şuny göz öňünde tutýarmyň? Eger tutýan bolsaň, onda sen Süleýmanyň tymsallary 27:11-däki: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» diýen söýgi bilen aýdylan sözlere görä ýaşaýandygyňy görkezýärsiň. Hudaýyň ýüregini şatlandyrmak üçin nähili ajaýyp mümkinçilik! Şol sebäpli aýypsyzlygy saklar ýaly elimizden gelenini etsek dogry bolmazmy?

13. Ýehowanyň aýypsyzlygymyza görä höküm çykarýandygyny Eýýubyň hem-de Dawudyň sözleri nädip görkezýär?

13 Görşümiz ýaly, aýypsyzlyk bize Ýehowanyň hökümdarlygyny goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, aýypsyzlyk biziň üstümizden höküm çykarmaga sebäp bolup bilýär. Eýýup muňa gowy düşünýärdi. (Eýýup 31:6-ny okaň.)c Ol Hudaýyň ähli adamlary «dogry terezide» çekip, özüniň kämil adalatly kadalaryna görä biziň aýypsyzlygymyzy ölçeýändigini bilýärdi. Şuňa meňzeş pikiri Dawut hem aýtdy: «Reb halklara kazylyk eder; ýa Reb, dogrulygyma görä, aýypsyzlygyma görä Sen maňa kazylyk et... Dogry Hudaý ýürekleriň we göwünleriň barlagçysydyr» (Zeb. 7:8, 9). Biz Hudaýyň ynsanyň içki duýgularyny, onuň göçme manyly «ýüreklerini we göwünlerini» görýändigini bilýäris. Biz Hudaýy nämäniň has gyzyklandyrýandygyny unutmaly däl. Dawudyň aýdyşy ýaly, Ýehowa biziň aýypsyzlygymyza görä höküm çykarýar.

14. Näme üçin bikämillik we günä aýypsyzlygy saklamaga mümkinçilik bermeýär diýip pikir etmeli däl?

14 Göz öňüňe getir, Ýehowa milliardlarça adamlaryň ýüreklerini barlaýar (1 Tar. 28:9). Ol köplenç mesihi aýypsyzlygy saklaýan adamlary tapýarmy? Ýok, beýle adamlar köp däl. Şol sanda, eger kemçiliklerimiz köp bolsa, aýypsyzlygy saklap bilmeris diýip pikir etmeli däl. Gaýtam, Dawut we Eýýup ýaly Ýehowanyň bizi bikämilligimize garamazdan, aýypsyzlygy saklaýan adamlar hökmünde hasaplajakdygyna doly ynanyp bileris. Ýadyňda bolsun, kämillik aýypsyz bolmaga kepil bermeýär. Ýer ýüzünde bary-ýogy üç kämil adam ýaşapdy, olaryň ikisi, Adam ata bilen Howa ene aýypsyzlygyny saklamadylar. Emma millionlarça bikämil adamlar ony saklap bildiler. Bu saňa-da başardar.

15. Biziň gelejege bolan umydymyzyň aýypsyzlygy saklaýandygymyza baglydygyny Dawut nädip görkezdi?

15 Ýehowa, ilki bilen, biziň aýypsyzlygymyza görä höküm çykarýar, şol sebäpli biziň gelejege bolan umydymyz, aýypsyzlygy saklaýandygymyza ýa-da saklamaýandygymyza bagly bolýar. Dawut muňa gowy düşünýärdi. (Zebur 41:12-ni okaň.) Ol Hudaýyň merhemetini ebedi peýdalanmagy gymmat saýýardy. Şu günki mesihçiler ýaly Dawut hem Ýehowa Hudaýa ýakynlaşyp, oňa gulluk edip, ebedi ýaşamaga umyt edýärdi. Dawut umydynyň amala aşmagy üçin aýypsyzlygy saklamalydygyna düşünýärdi. Eger aýypsyz galsak, Ýehowa bizi-de goldar, öwreder, görkezme we bereket berer.

16, 17. a) Sen näme üçin hemişe aýypsyzlygy saklamagy ýüregiňe düwdüň? b) Indiki makalada haýsy soraglara serederis?

16 Umydymyz bolmasa, biz bagtly bolup bilmeris. Kynçylyklara döz gelmek üçin, umyt bize şatlyk berýär. Şeýle-de umyt biziň pikirimizi goraýar. Mukaddes Ýazgylarda umydyň tuwalga bilen deňeşdirilýändigini ýadyňdan çykarma (1 Sel. 5:8). Söweşde esgeriň başyny tuwalganyň goraýşy ýaly, umyt biziň akylymyzy bu köne ýok ediljek dünýäde Şeýtanyň dürli ýollar bilen ornaşdyrýan ters we göwnüçökgün pikirlerinden goraýar. Dogrudan-da, eger biziň umydymyz bolmasa, onda durmuşymyz bagtly diýip bilmeris. Biz aýypsyzlygymyzy we onuň bilen bagly umydyzy ünsli derňäp, özümizi dogry barlamaly. Aýypsyzlygy saklap, sen Ýehowanyň hökümdarlygyny goldaýandygyňy we gelejege bolan gymmatly umydyňy saklaýandygyňy unutma. Geliň, aýypsyzlygy saklamakdan el çekmäliň!

17 Aýypsyzlygyň uly ähmiýetiniň barlygy sebäpli, biz onuň bilen bagly ençeme soraglara seretmeli. Aýypsyzlygymyzy nädip abatlamaly? Ony nädip saklamaly? Aýypsyzlygyny wagtlaýynça ýitiren adamlar näme etmeli? Bu soraglara indiki makalada serederis.

a Lewililer 22:19, 20-nji aýatlar: «Gurbanyňyz kabul bolar ýaly, siz sürüdäki mallardan kemçiliksiz ýaş erkek goýunlary ýa-da geçileri getirmeli. Kemçiligi bolan haýwanlary getirmäň, çünki razylyk gazanmarsyňyz».

b Isa şeýle diýdi: «Gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz-de kämil boluň» (Mat. 5:48). Ähtimal, ol şeýle diýmek bilen hatda bikämil adamlaryň belli bir manyda aýypsyz ýa-da kämil bolup biljekdigini göz öňünde tutdy. Biz adamlary ak ýürekden söýmeli diýen tabşyrygy berjaý edip, Hudaýy razy edip bilýäris. Emma Ýehowa doly manyda kämil. Onuň aýypsyzlygy kämilligi aňladýar (Zeb. 18:30).

c Eýýup 31:6-njy aýat: «Hudaý meni dogry terezide çeker we aýypsyzlygymy biler».

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Aýypsyzlyk näme?

• Aýypsyzlygyň ähli zady öz içine alýan hökümdarlyk baradaky mesele bilen näme baglanyşygy bar?

• Näme üçin aýypsyzlyk gelejege umyt berýär diýse bolýar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş