19-NJY BAP
Hudaýyň söýgüsinde gal
Hudaýy söýmek näme?
Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin näme etmeli?
Ýehowanyň söýgüsinde galýanlara nähili sylag garaşýar?
Bu ynjalyksyz döwürde Ýehowa saňa pena bolarmy?
1, 2. Şu günler nireden pena tapyp bolar?
AÝDALY, sen bulutly gün ýola düşdüň. Howa garalyp, ýyldyrym çakýar we gök gürrüldeýär-de, çabga ýagyp başlaýar. Sen derrew ýagyşdan gizlenmäge ýer gözleýäň. Golaýda pena tapyp, şol ýere ylgaýaň. Ol ýer gury we ýyly. Şeýle howpsuz ýer tapmak nähili gowy!
2 Bizem şu günler ynjalyksyz döwürde ýaşaýarys. Dünýä gitdigiçe erbetleşýär. Emma erbetlikden gorajak pena bar. Ol nähili pena? Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Ol meniň penam we galamdyr; meniň Hudaýymdyr; men Oňa bil baglaryn» (Zebur 91:2).
3. Ýehowa bize pena bolar ýaly näme etmeli?
3 Oýlanyp gör! Ýaradyjy we älem-jahanyň Hökümdary Ýehowa bize pena bolýar. Ol bizi gorap bilýär, çünki onuň güýjüne taý geljek we oňa garşy çykyp biljek güýç ýok. Hatda betbagtçylyga uçranymyzda-da, onuň ýetiren ähli zyýanyny Ýehowa ýok edip biler. Ýöne ol bize pena bolar ýaly näme etmeli? Munuň üçin biz oňa bil baglamaly. Şeýle-de Hudaýyň Sözi bize: «Özüňizi Hudaýyň söýgüsinde saklaň» diýýär (Ýahuda 21). Hawa, biz gökdäki Atamyz bilen dostlugymyzy berkidip, Hudaýyň söýgüsinde galmaly. Şonda ol bize hakyky pena bolar. Ýöne Hudaý bilen dostlugymyzy nädip berkidip bolar?
HUDAÝYŇ SÖÝGÜSINE MINNETDAR BOL
4, 5. Ýehowa bizi söýüp nämeler etdi?
4 Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin, Ýehowanyň bizi söýüp näme edendigini bilmeli. Şu kitapdan öwrenen Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary barada oýlan. Ýaradyjymyz Ýehowa bize ajaýyp öýi, ýagny Ýeri sowgat berdi. Ol ýer ýüzünde bol iýmit, suw, tebigy baýlyklary, täsin haýwanlary we gözel tebigaty ýaratdy. Hudaý Mukaddes Ýazgylar arkaly adyny hem-de täsin häsiýetlerini tanatdy. Injilde Hudaýyň söýgüli Ogly Isa Mesihi ýer ýüzüne iberendigi aýdylýar. Ol biziň üçin ejir çekip öldi (Ýahýa 3:16). Bu sowgat bize näme berýär? Bu sowgat bagtly ýaşaýşa umyt berýär.
5 Ajaýyp gelejege umydymyzyň bolmagynyň ýene bir sebäbi, Ýehowa Mesihi Patyşalygyny, ýagny gökdäki hökümetini berkarar etdi. Tizden ol ähli horlugyň soňuna çykyp, ýer ýüzüni Jennete öwrer. Görsene, biz parahat we bagtly durmuşda ebedi ýaşap bileris! (Zebur 37:29). Ýehowa durmuşymyzy häzirden gowulandyrmak üçin görkezme berýär. Şeýle-de doga arkaly ýüregimizi dökmäge mümkinçilik berdi. Bular Ýehowanyň hemme adamlara we her birimize görkezýän söýgüsiniň käbir mysallary.
6. Sen Ýehowanyň söýgüsine nädip jogap berýäň?
6 Indi bolsa, Ýehowanyň söýgüsine nädip jogap bermeli diýen wajyp soraga seredeliň. Köp adamlar: «Ýehowany söýmeli» diýerler. Senem şeýle pikirdemi? Isa: «Hudaýyň Rebbi bütin ýüregiň, bütin janyň, bütin düşünjäň bilen söý» diýdi (Matta 22:37). Ol bu tabşyrygy iň esasy tabşyryk hasaplady. Emma: «Ýehowany bütin ýüregim, bütin janym we bütin düşünjäm bilen söýýän» diýmek ýeterlikmi?
7. Näme üçin Hudaýy söýýän diýmek ýeterlik däl? Düşündir.
7 Mukaddes Ýazgylardan görnüşi ýaly, Hudaýy söýýän diýmek ýeterlik däl. Hudaýy söýmek wajyp bolsa-da, bu Ýehowa bolan söýginiň diňe başlangyjydyr. Meselem, alma dänesi miwe getirýän uly agaç bolup ýetişýär. Eger-de alma iýesiň gelse, diňe dänesi bilen kanagatlanarmyň? Ýok. Şonuň ýaly-da Hudaýy söýmek, onuň bilen dostlugyň diňe ilkinji ädimi. Mukaddes Ýazgylar: «Hudaýyň söýgüsi Onuň buýruklaryny berjaý etmekdir, Onuň buýruklary bolsa agyr däldir» diýýär (1 Ýahýa 5:3). Hudaýa bolan hakyky söýginiň miwesi bolmaly. Söýgini iş ýüzünde görkezmeli (Matta 7:16—20-nji aýatlary okaň).
8, 9. Hudaýa bolan söýgiňi we minnetdarlygyňy nädip görkezip bolar?
8 Hudaýy söýsek, onuň tabşyryklaryny we prinsiplerini durmuşda ulanarys. Muny etmek kyn däl. Sebäbi Ýehowanyň kanuny agyr däl, olar bize peýda getirýär we bagtly edýär (Işaýa 48:17, 18). Hudaýyň öwüt-nesihatyny kabul etsek, onuň bize beren zatlaryna minnetdardygymyzy görkezýäris. Gynansak-da, Hudaýa minnetdarlyk bildirýän adam az. Biz Isanyň döwründäki gadyr bilmez adamlara meňzäsimiz gelenok. Haçan-da Isa on sany heýwere keselli adamy sagaldanda, minnetdarlyk bildirmek üçin diňe biri yzyna dolandy (Luka 17:12—17). Elbetde, biziň gadyr bilmez dokuz adama däl-de, minnetdarlyk bildiren adama meňzäsimiz gelýär.
9 Nähili tabşyryklary ýerine ýetirmeli? Şu kitapdan biz olaryň köpüsini bilenem bolsak, gel, ýene-de gaýtalaly. Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirsek, onuň söýgüsinde galarys.
ÝEHOWA ÝAKYNLAŞ
10. Ýehowany tanar ýaly, bilim alyp durmak näme üçin wajyp? Düşündir.
10 Ýehowa ýakynlaşmak üçin, ol barada bilim almagyňy dowam etmeli. Sen gije sowukda oduň başynda ýylynyp oturan bolsaň, onuň öçmegine ýol berermidiň? Elbetde, bermezdiň. Gaýtam, ýylynar ýaly, ony öçürmejek bolup odun taşlap durardyň. Ýogsa, sowukdan ýaňa heläk bolmagyň mümkin. Odunyň ody öçürmeýşi ýaly, «Hudaýy tanamak» üçinem bilim alyp dursak, Ýehowa söýgimiz artar (Süleýmanyň tymsallary 2:1—5).
Hudaýa bolan söýgi oda meňzeýär. Ol sönmez ýaly odun taşlap durmaly
11. Isanyň sözleri onuň şägirtlerine nähili täsir etdi?
11 Isa şägirtleriniň Ýehowa we onuň Sözüne bolan söýgüsini saklamagyny hem-de onuň artmagyny isleýärdi. Isa özünde ýerine ýeten käbir pygamberlikleri, direlenden soň iki şägirdine düşündirdi. Bu olara nähili täsir etdikä? Şägirtler şeýle diýdi: «Ýolda biziň bilen gepleşip gelýärkä, bize Ýazgylary düşündirýärkä, içimizde ýüregimiz ýanmaýarmydy?» (Luka 24:32).
12, 13. a) Köp adam Hudaýa we onuň Sözüne nähili garaýar? b) Ýehowa bolan söýgiň sowamaz ýaly näme etmeli?
12 Sen Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýänini bileniňde, Hudaýa bolan şatlykdan hem söýgüden ýaňa ýüregiň joşmadymy? Elbetde, joşandyr. Köp adam özüni şeýle duýýar. Indi Hudaýa bolan söýgiňi saklap, ony ösdürmeli. Biz bu dünýäniň göreldesine eýeresimiz gelenok. Isa «köpleriň söýgüsi sowar» diýip aýdypdy (Matta 24:12). Ýehowa we Mukaddes Ýazgylara bolan söýgiň sowamaz ýaly näme etmeli?
13 Ýehowa we Isa Mesih barada bilim almagyňy dowam et (Ýahýa 17:3). Hudaýyň Sözünden öwrenýän zatlaryň üstünde oýlan. Mukaddes Ýazgylary okanyňda, özüňe şu soraglary berip bilersiň: Hudaý barada näme bildim? Bu aýatlar Hudaýy bütin ýüregim, bütin janym, bütin düşünjäm bilen söýmäge nädip kömek edýär? (1 Timoteos 4:15-i okaň). Şeýle oýlansaň, Ýehowa bolan söýgiň sowamaz.
14. Ýehowanyň söýgüsinde galmaga doga nädip kömek edýär?
14 Ýehowa bolan söýgiň sowamaz ýaly, dyngysyz doga-da etmeli (1 Selanikliler 5:17). 17-nji bapdan doga etmekligiň Hudaýyň sowgadydygyny bildik. Adamlar aç-açan gürleşip biri-birine ýakynlaşýar. Şonuň ýaly-da hemişe Ýehowa doga etsek, onuň bilen dostlugymyz berkär. Ýöne doga edenimizde birmeňzeş, manysyz we ýürekden çykmaýan şol bir sözleri ýatdan gaýtalap durmaly däl. Doga etmek çaganyň atasy bilen gürrüňdeşligini ýada salmaly. Elbetde, Hudaýa hormat bilen we ak ýürekden ýüzlenmeli (Zebur 62:8). Görşümiz ýaly, Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenmek we ýürekden doga etmek, Hudaýa gulluk etmegiň bir görnüşi. Bularyň hemmesi Hudaýyň söýgüsinde galmaga kömek edýär.
HUDAÝA ŞATLYK BILEN GULLUK ET
15, 16. Näme üçin wagyz etmekligi genji-hazyna bilen deňese bolar?
15 Mukaddes Ýazgylary özbaşdak öwrenmek we doga etmek, Ýehowa Hudaýa gulluk etmegiň bir görnüşi. Ol Hudaý bilen gatnaşygymyza täsir edýär. Gel, indi adamlara dini düşünjämiz barada gürrüň berip, wagyz edişimize seredeli. Sen Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty adamlara gürrüň berýäňmi? Gürrüň berýän bolsaň, onda bu-da Ýehowa gulluk etmäge oňat mümkinçilik (Luka 1:75). Ýehowa barada bilýän zatlarymyzy adamlara gürrüň bersek, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary wagyz etmeli diýen tabşyrygy ýerine ýetirýäris (Matta 24:14; 28:19, 20-nji aýatlary okaň).
16 Pawlus resul wagyz etmeklige ýokary baha berip, oňa genji-hazyna diýdi (2 Korinfliler 4:7). Adamlara Ýehowa we onuň niýetleri barada gürrüň bermekden gowy zat ýok. Sebäbi, şeýdip, iň gowy Hojaýyna gulluk edersiň we köp bereket alarsyň. Biz wagyz edip, akýürekli adamlara gökdäki Atamyza ýakynlaşmaga we ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek edýäris. Şeýle köp şatlyk getirýän başga iş barmy? Ýehowa we onuň Sözi barada gürrüň berseň, imanyň berkär we Hudaýa bolan söýgiň artar. Seniň edýän işleriňi Ýehowa gymmat saýýar (Ýewreýler 6:10). Hudaýyň söýgüsinde galmak üçin wagyz etmeli (1 Korinfliler 15:58-i okaň).
17. Wagyz etmek näme üçin gaýragoýulmasyz iş?
17 Patyşalyk barada wagyz etmek — gaýragoýulmasyz iş. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň sözüni gaýragoýulmasyz wagyz etmelidigi aýdylýar (2 Timoteos 4:2, TD). Bu iş näme üçin wajyp? Hudaýyň Sözi şeýle jogap berýär: «Ýehowanyň beýik güni ýakyndyr, ýakyndyr we çalt ýetip gelýär» (Sefanýa 1:14, TD). Hawa, Ýehowanyň bu zalym dünýäni ýok etjek wagty çalt ýetip gelýär. Muny adamlara duýdurmak gerek. Olar häzirden Ýehowany Beýik Hökümdar hökmünde kabul etmeli. Zalym dünýäniň soňy «gijikmez» (Habakuk 2:3, TD).
18. Näme üçin Ýehowanyň adyny mesihçiler bilen bilelikde şöhratlandyrmaly?
18 Ýehowa biziň mesihçiler bilen bilelikde adyny şöhratlandyrmagymyzy isleýär. Injilde şeýle diýilýär: «Birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyrjak bolalyň. Käbirleriniň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagy goýman, gaýtam ol günüň golaýlaýanlygyny näçe görseňiz, şonça-da biri-birimizi ruhlandyralyň» (Ýewreýler 10:24, 25). Mesihçileriň ýygnagynda Hudaýymyzy şöhratlandyrmaga we oňa gulluk etmäge gowy mümkinçilik bar. Şeýle-de ýygnakda biz imandaşlarymyzy ruhlandyryp we goldap bilýäris.
19. Ýygnakda doganlyk söýgini nädip berkidip bolar?
19 Ýehowanyň beýleki gullukçylary bilen gatnaşyk saklasak, ýygnakdaky doganlyk söýgini we agzybirligi berkidýäris. Ýehowanyň biziň gowy häsiýetlerimizi görşi ýaly, biz-de imandaşlarymyzyň gowy häsiýetlerine üns bermeli. Hiç kimden kämillige garaşma. Mesihçileriň ruhy taýdan deň ösmeýändigini we hemmämiziň ýalňyşýandygymyzy unutma (Koloslylar 3:13-i okaň). Ýehowany bütin ýüregi bilen söýýän doganlar bilen dostlaşsaň, ruhy taýdan ösmäge kömek eder. Hawa, mesihçi dogan-uýalarymyz bilen agzybir bolsak hem-de Ýehowa bilelikde gulluk etsek, Hudaýyň söýgüsinde galarys. Ýehowanyň söýgüsinde galýan wepaly gullukçylara nähili sylag garaşýar?
«HAKYKY ÝAŞAÝŞA» GOWUŞMAGA JAN ET
20, 21. «Hakyky ýaşaýyş» näme we näme üçin oňa ajaýyp gelejek diýse bolar?
20 Ýehowa wepaly gullukçylaryna ýaşaýyş sylagyny berer. Ýöne nähili ýaşaýyş? Eýsem, şu günler biz ýaşamaýarysmy? Köp adamlar üçin bu soragyň jogaby aýdyň, çünki biz dem alýarys, içýäris we iýýäris. Elbetde, biz ýaşaýarys. Durmuşymyzyň iň bagtly pursatlarynda: «Hakyky ýaşaýyş diýip şuňa aýtsaň!» diýýäris. Emma Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, şu günler adamlar hakyky durmuşda ýaşamaýar.
Ýehowa seniň «hakyky ýaşaýşa» gowuşmagyňy isleýär. Sen şeýle durmuşda ýaşamaga jan edýäňmi?
21 Mukaddes Ýazgylar bizi «hakyky ýaşaýşa eýe bolmaga» çagyrýar (1 Timoteos 6:19). Diýmek, biz «hakyky ýaşaýşa» diňe gelejekde gowşarys. Biz kämillige ýetip, Hudaýyň başdaky isleýşi ýaly ýaşarys. Jennetde biz sagdyn, parahat we bagtly ýaşanymyzda hakyky, ýagny ebedi ýaşaýşa gowşarys (1 Timoteos 6:12). Bize gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar!
22. «Hakyky ýaşaýşa eýe bolar» ýaly, sen näme etmeli?
22 «Hakyky ýaşaýşa eýe bolar» ýaly näme etmeli? Pawlus bu sözleri aýtmazyndan öň, mesihçilere «ýagşylyk etmegi, ýagşy işlere baý bolmagy» ündedi (1 Timoteos 6:18). Diýmek, Mukaddes Ýazgylardan alan bilimimizi durmuşda ulanmaly. Ýöne Pawlusyň sözleri, ýagşy işler bilen «hakyky ýaşaýşy» gazanyp biljekdigimizi aňladýarmy? Ýok, çünki oňa diňe Hudaýyň «merhemeti» arkaly ýetip bileris (Rimliler 5:15). Muňa garamazdan, Ýehowa wepaly gullukçylaryny höwes bilen sylaglar. Ol seniň «hakyky ýaşaýşa» gowuşmagyňy isleýär. Hudaýyň söýgüsinde galýan adamlaryň ählisi Jennetde ebedi ýaşar.
23. Näme üçin Hudaýyň söýgüsinde galmaly?
23 Her birimiz şeýle soragyň üstünde oýlanmaly: Hudaýa ýaramly ýaşaýarynmy we Mukaddes Ýazgylaryň öwredişi ýaly gulluk edýärinmi? Eger şu soraga her gün «hawa» diýip jogap bersek, onda biz dogry ýoldan barýarys we elbetde, Ýehowa biziň penamyz bolar. Ol wepaly gullukçylaryny bu ynjalyksyz döwürde, ýagny zalym dünýäniň ahyrynda gorar. Ýehowa ýetip gelýän täze dünýä gowuşmaga kömek eder. Täze dünýäde bagtly ýaşamak gör, nähili ajaýyp! Şonda wagtynda dogry ýol saýlandygymyza nähili begeneris! Eger sen häzirden dogry ýoly saýlap, Hudaýyň söýgüsinde galsaň, «hakyky ýaşaýşa» gowşarsyň we Ýehowa Hudaýyň başdaky isleýşi ýaly ebedi ýaşarsyň!