Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bsi08-1 sah. 30—31
  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 51 — Koloseliler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 51 — Koloseliler
  • «„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
  • Sözbaşylar
  • PEÝDASY
«„Ýazgylaryň hemmesi“ ynama mynasyp we peýdaly» Tom 15
bsi08-1 sah. 30—31

Mukaddes Ýazgylaryň kitaby 51 — Koloseliler

Ýazan: Pawlus

Ýazylan ýeri: Rim

Ýazylan wagty: b. e. tak. 60⁠-⁠61 ý.

IKI ýolagçy Efes şäherinden çykyp, Meandr (Uly Menderes) derýasynyň kenary bilen Kiçi Aziýanyň gündogaryna tarap ugradylar. Olar derýanyň Frikiýadaky Likus atly goşandyna ýetip, günorta-gündogara öwrüldiler we derýanyň akymy bilen ýokaryk, daglyk jülgä tarap gitdiler. Olaryň öňünde owadan tebigat aýan boldy: göm-gök örilerde süri-süri goýunlar otlap ýördi. (Ýüňden ýasalýan önümler şol ýeriň esasy girdejisidia.) Ýolagçylar jülge boýunça ýöredigiçe, Rim welaýatynyň merkezi bolan baý şäher Laodikiýa sag tarapynda galýardy. Derýanyň beýleki kenarynda bolsa, çep tarapynda Iýerapolis görünýärdi. Ol ybadathanalary we gyzgyn çeşmeleri bilen meşhurdy. Bu şäherleriň ikisinde-de mesihçiler ýygnagy bardy. Şeýle-de jülge boýunça takmynan ýene 15 kilometr uzaklykda ýerleşýän kiçeňräk Kolose şäherinde-de ýygnak bardy.

2 Mesihçi ýolagçylaryň ikisi-de Kolose şäherine barýardylar. Olaryň biri şol ýerleri gowy bilýän bolmaly, sebäbi asly şol şäherdendi. Onuň ady Onesimus. Ol hojaýynyna dolanyp barýan guldy. Onuň hojaýyny bolsa ýerli ýygnagyň agzasydy. Onesimusyň ýanynda Tihikus atly azat adam bardy. Olar Pawlusyň tabşyrygyny ýerine ýetirýärdiler: «Kolosedäki imanly doganlara» haty eltmelidiler. Biziň bilşimize görä, Pawlus hiç haçan Kolosede bolmandyr. Ol ýygnak, esasan, ýehudy däl mesihçilerden ybarat bolup, megerem, ony Epafra döreden bolmaly, sebäbi ol olaryň arasynda zähmet çekipdi. Häzir ol Rimde Pawlusyň ýanyndady (Kol. 1:2, 7; 4:12).

3 Hatyň giriş we jemleýji sözlerinden görnüşi ýaly, ony Pawlus resul ýazypdyr (Kol. 1:1; 4:18). Şeýle-de hatyň jemleýji sözlerinden Pawlusyň ony türmede ýazandygy görünýär. Ol hatyny Rimde b. e. 59⁠—⁠61⁠-⁠nji ýyllarynda ilkinji sapar türme tussaglygynda wagty ýazan bolsa gerek. Şonda ol birnäçe ruhlandyryjy hatlary ýazypdy. Koloselilere hatyny bolsa, Filimuna ýazan haty bilen iberýär (Kol. 4:7⁠—⁠9; Flm. 10, 23). Ähtimal, bu hat Efeslilere hat bilen bir wagtda ýazylan bolmaly, sebäbi olaryň ikisinde-de meňzeş pikirler we jümleler köp duş gelýär.

4 Koloselilere hat barada şek-şübhä hiç hili esas ýok. Ol takmynan b. e. 200⁠-⁠nji ýyly bilen senelenýän Çester Bittiniň No.2 (P46) papirusynda beýleki hatlar bilen bir hatarda duş gelýär. Bu bolsa I asyrdaky mesihçileriň ony Pawlusyň hatlarynyň biri hasaplandygyny görkezýär. Pawlusyň beýleki hatlary ýaly, bu hatyň hakykylygyny hem şol bir irki abraýly çeşmeler tassyklaýar.

5 Pawlus näme üçin koloselilere hat ýazdyka? Birinjiden, Onesimus Kolose şäherine dolanyp barýardy. Ýaňy-ýakynda Pawlusyň ýanyna Epafra gelipdi. Elbetde, ol Koloseniň ýagdaýyny gürrüň berendir. Bu-da Pawlusa hat ýazmaga ýene bir sebäp bolýar (Kol. 1:7, 8; 4:12). Kolosedäki mesihçiler ýygnagyna howp abanýardy. Şol döwür dinler köp dargaýardy, olaryň galan böleklerinden bolsa täze-täze dinler döreýärdi. Özge milletleriň filosofiýasy, asketizm, spiritizm, butparazlyk bilen bagly yrymlar hem-de ýehudy orazalary we belli günleri bellemek däbi ýygnakdaky käbir mesihçilere ýaramaz täsir edip bilerdi. Nähili bolaýanda-da, Epafranyň Pawlusy görmek üçin Rime uzak ýol söküp barmagyna ýeterlikli sebäp bardy. Emma umuman alanyňda, Kolosedäki ýygnak şeýle ýaramaz täsirleriň astyna düşmändi, sebäbi Epafra koloselileriň söýgüsi we berkligi hakda ýagşy sözleri aýdýar. Pawlus şeýle habary eşidip, hatynda koloseli mesihçileri mundan beýläk-de dogry bilimde ösmäge we arassa sežde boýunça ýaşamaga höweslendirýär. Şeýle-de Pawlus Hudaýyň islegine görä, Mesihiň ornunyň butparaz filosofiýadan, perişdelere seždeden we ýehudy däp-dessurlaryndan has beýikdigi barada belläp geçýär.

PEÝDASY

12 Rimden iki doganyň gelendigi baradaky habaryň koloseli mesihçileriň arasynda çalt ýaýrandygyny göz öňüne getirse bolar. Olar Pawlusyň ýazan hatyny bilelikde okamak üçin Filimunyň öýüne ýygnanmaga howlugan bolsalar gerek (Flm. 2). Olary Mesihiň tutýan orny hem-de dogry bilimde ösmegiň zerurlygy baradaky hakykatlar nähili galkyndyrandyr! Bu hatda ynsan filosofiýasynyň, ýehudy däp-dessurlarynyň hakykatdan-da näme aňladýandygy we parahatçylygyň hem-de Mesihiň sözüniň ähmiýeti nähili aýdyň düşündirilýärdi! Hatdaky sözler ýygnakdakylaryň ählisini, ýagny gözegçileri, är-aýallary, atalary, çagalary, hojaýynlary, gullary ruhlandyrdy. Şeýle-de onda Filimunyň we Onesimusyň biri-biri bilen özüni nähili alyp barmalydygy barada olara gowy maslahat berilýär, sebäbi Onesimus ýene-de Filimunyň guly bolmalydy. Mesihi taglymaty sürä dogry düşündirer ýaly, gözegçilere nähili ajaýyp görkezme berilýär! Pawlusyň sözleri arkaly koloseliler her näme etseler-de, Ýehowa üçin ýürekden etmegiň wajypdygyna düşündiler. Ýaramaz pikirleriň gulçulygyndan boşamak we bu dünýäniň işlerinden çetde durmak baradaky maslahatlar häzirki mesihçiler üçinem ýerlikli hem-de peýdaly (Kol. 1:9⁠—⁠11, 17, 18; 2:8; 3:15, 16, 18⁠—⁠25; 4:1).

13 Koloseliler 4:6⁠-⁠da mesihçilere ajaýyp maslahat berilýär: «Her kime nähili jogap bermelidigini biler ýaly, sözüňiz duz bilen tagamly edilip, ýakymly bolsun». Akýürekli adamlar mähirli aýdylýan hakykat sözlerini höwes bilen diňlärler we bu olara ebedi peýda berer. Mundan başga-da hemişe tüýs ýürekden doga edip, mesihçiler Ýehowanyň bol bereketini alarlar: «Dogada erjellik ediň, şükür edip, ägä boluň». Mesihçi dogan-uýalar bilen gürrüňdeşlik nähili şatlyk we güýç berýär hem-de ruhlandyrýar! Pawlus: «Bir-biriňize öwrediň, öwüt beriň» soňra bolsa: «Ýüregiňizden Rebbe nagma okaň» diýýär (Kol. 4:2; 3:16). Siz Koloselilere haty öwrenip, başga-da köp sagdyn hem peýdaly maslahatlary taparsyňyz.

14 Kitapda Musanyň kanunyny berjaý etmek barada şeýle diýilýär: «Bular geljekki zatlaryň kölegesi, göwre bolsa Mesihdir» (Kol. 2:17). Koloseliler kitabynda hut şol «göwrä-de» üns berilýär. Bu hatda Mesihde bolanlar üçin göklerde saklanýan şöhratly umyt barada telim sapar aýdylýar (Kol. 1:5, 27; 3:4). Olar özlerini «garaňkylyk häkimliginden gutaryp, Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçüreni» üçin, Ata ýürekden şükür edip bilerler. Şeýdip, olar «Görünmez Hudaýyň keşbine, bütin ýaradylyşyň ilkinji doglany Oňa» tabyn boldular. «Sebäbi gökdäki we ýerdäki görünýän hem görünmeýän zatlary, tagtlardyr häkimiýetleri, hökümdarlyklardyr ygtyýarlary, baryny Şol ýaratdy. Her zat Ol arkaly we Onuň üçin ýaradyldy». Diňe Ol Hudaýyň Patyşalygynda adalatly höküm sürüp biler. Şol sebäpli Pawlus mesh edilen mesihçileri şeýle höweslendirýär: «Şunlukda, Mesih bilen bile direlendigiňize görä, gökdäki zatlary, Mesihiň Hudaýyň sagynda oturan ýerindäki zatlary küýsäň» (Kol. 1:12⁠—⁠16; 3:1).

[Çykgytlar]

a The New Westminster Dictionary of the Bible. 1970. s. 181.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş