23-nji aýdym
Ýehowa güýjümiz
1. Eziz Ýehowa, güýjüm, kuwwatym,
Meniň Halasgärim, göwün-şadym.
Şaýadyň men, wasp ederin seni,
Diňlesin, diňlemesinler meni.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Gaýam, güýjüm, kuwwatym,
Ederin aýan seniň adyň.
Ýehowa galkanym, sen mähriban,
Eý güýçli Allajan, sensiň penam.
2. Saňa gulluk etmek, berýär şatlyk,
Hakykatyň berýändir azatlyk.
Öwrenerin seň tabşyrygyňy,
Goldaryn mydam Patşalygyňy.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Gaýam, güýjüm, kuwwatym,
Ederin aýan seniň adyň.
Ýehowa galkanym, sen mähriban,
Eý güýçli Allajan, sensiň penam.
3. Islegiň ederin höwes bilen,
Saňa bil baglaýan, daýanjym sen.
Öldürjek bolsa-da zalym Şeýtan,
Wepaly galaryn, eý Hudaýjan.
(GAÝTALAMAK)
Ýehowa Gaýam, güýjüm, kuwwatym,
Ederin aýan seniň adyň.
Ýehowa galkanym, sen mähriban,
Eý güýçli Allajan, sensiň penam.
(Şeýle-de 2 Şam. 22:3; Zeb. 18:2; Iş. 43:12 serediň.)