33-nji aýdym
Olardan gorkmaň!
1. Eý halkym, git öňe, galkyn,
Goý, Hoş habar ýaýrasyn.
Sen gorkman aýt, sal ýalkym,
Duşman howp salsa salsyn.
Isadyr ýeriň Soltany,
Ýere zyňdy duşmany.
Tizden ýok eder Şeýtany,
Hem-de ony goldany.
(GAÝTALAMAK)
Gorkma meniň eziz halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym,
Gözümiň göreji deý.
2. Hatda köp bolsa-da duşman,
Howp salsalar-da dynman,
Aldajak bolsalar-da,
Ýaňsylasa-da mydam,
Eý esgerlerim, siz gorkmaň,
Ýeňmez olar hiç haçan.
Bolaryn men gala ýaly,
Galsaňyz siz wepaly.
(GAÝTALAMAK)
Gorkma meniň eziz halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym,
Gözümiň göreji deý.
3. Gaýgy etme ýeke däl sen,
Seň güýjüň, goragyň men,
Ýüzleşseň ölüm bilen,
Olam ýeňiler menden.
Duşman öldürse-de teni,
Ýok edip bilmez seni.
Berk dursaň soňuna çenli,
Jennete eltjek seni!
(GAÝTALAMAK)
Gorkma meniň eziz halkym,
Menden güýçli barmy, heý?!
Goraryn wepaly halkym,
Gözümiň göreji deý.
(Şeýle-de Kan. tag. 32:10; Neh. 4:14; Zeb. 59:1; 83:2, 3 serediň.)