34-nji aýdym
Adymyza görä ýaşalyň
1. Şöhratly Ýehowa gudratygüýçli,
Çäksiz söýgüsi, kämil her işi.
Hakykatyň, parasatyň gözbaşy,
Sen Hökümdar, giň Älemiň Başy.
Saňa gulluk edip, kalbymyz rahat,
Hoş habary aýdyp, bolýarys şat.
(GAÝTALAMAK)
Bolarys adymyza laýyk Şaýat,
Seň Şaýadyň bolmak uly hormat.
2. Wagyzda işleşip doganlar bilen,
Agzybir bolýarys biz gün-günden.
Adamlar hakykaty eşder bizden,
Seni taryplarys ýüregmizden.
Bar atdan beýik — Ýehowa diýen at,
Goý, seň adyňa bolsun köp şöhrat!
(GAÝTALAMAK)
Bolarys adymyza laýyk Şaýat,
Seň Şaýadyň bolmak uly hormat.
(Şeýle-de Kan. tag. 32:4; Zeb. 43:3; Dan. 2:20, 21 serediň.)